Sungat
Akyl satýan ondan-mundan,
Eşdenlermi, görenlermi,
Ýöne bilemogam muny,
Eşderlermi, görerlermi?.
Gözümi ýumup, pikire çümüp,
Bar oýlap tapýanym geçen ýatlamam,
Ol kime gerek, wah şoña derek,
Geçip giden zady zyñyp ýatlaman,
Ýaşap bolsady.
Ýene nalaýan, şol öñki heñim,
Men-ä bir gaýyk, duýgylam deñiz,
Diýýäñ ,,Ir heniz ara açardan",
Bu dünýe bilen, bu barlyk bilen,
Hawa düşinýän, nirä gideýin,
Dara-direde, bulaşan pikiri gyra iteýin,
Biraz ýiteýin, ýitmegem sungat.
Giñ bolaýyn hä?, Pessaýja gepläp,
Ýüregmiñ ýüregne düşeýin onsañ,
Düzeljek bolaýyn egrelen tutkam,
Özümden gizlenjek, görseñiz ,,guk" däl,
Wah düşünýän-le, demimen mugt däl,
Asmanam gök däl, zeminem ak däl,
Gyşda ýagyp duran garlara syn et,
Şolaram ak däl, aklaram ýok däl,
Ýöne azajyk, ömri azajyk,
Ýoklaram ýok däl, uçgunam o:t däl,
Diýmeli bolanda bokurdagyña,
Tegek bolup durýan sözlerem ö:t däl,
Ýönekeý zat däl ýaşamaklygam,
Sungat...
Awtory: Baýram Bejidow
Eşdenlermi, görenlermi,
Ýöne bilemogam muny,
Eşderlermi, görerlermi?.
Gözümi ýumup, pikire çümüp,
Bar oýlap tapýanym geçen ýatlamam,
Ol kime gerek, wah şoña derek,
Geçip giden zady zyñyp ýatlaman,
Ýaşap bolsady.
Ýene nalaýan, şol öñki heñim,
Men-ä bir gaýyk, duýgylam deñiz,
Diýýäñ ,,Ir heniz ara açardan",
Bu dünýe bilen, bu barlyk bilen,
Hawa düşinýän, nirä gideýin,
Dara-direde, bulaşan pikiri gyra iteýin,
Biraz ýiteýin, ýitmegem sungat.
Giñ bolaýyn hä?, Pessaýja gepläp,
Ýüregmiñ ýüregne düşeýin onsañ,
Düzeljek bolaýyn egrelen tutkam,
Özümden gizlenjek, görseñiz ,,guk" däl,
Wah düşünýän-le, demimen mugt däl,
Asmanam gök däl, zeminem ak däl,
Gyşda ýagyp duran garlara syn et,
Şolaram ak däl, aklaram ýok däl,
Ýöne azajyk, ömri azajyk,
Ýoklaram ýok däl, uçgunam o:t däl,
Diýmeli bolanda bokurdagyña,
Tegek bolup durýan sözlerem ö:t däl,
Ýönekeý zat däl ýaşamaklygam,
Sungat...
Awtory: Baýram Bejidow
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.