Sümer Plita ýazgylary (3-nji plita) /- 2 dowamy/

Alalunyňkydan has çuňňur barlamak üçin maslahat soraşdyrdy. Uçuş üçin täleý tabelini gurnady. Ulagdaky ulanmaly kuwwat birligi suw bolmaly bolsa, nireden doldurmaly? Ulagyň niresinde suw howuzy ýerleşdirmeli, kuwwat birligine nähili öwürmelikä? Şol pikirler bilen taýýarlyk görülýänça Nibirunyň bir aýlawy gutardy (bir Nibiru ýyly 3600 ýyl).
Şol taýýarlanyşykda iň uly gök ulagy taýýar edildi.

EA ÝOLA ÇYKÝAR

Aýlawynyň täleýi hasaplandy, täleý tabeli içine ýerleşdirildi, altyn çykarmak üçin Ýere gitmek wezipesini ýerine ýetirmek üçin elli sany ökde gahryman gerekdi. Anu uçuş syýahata çykmak üçin rugsat berdi. Ýola çykmak üçin sähet almak üçin ýyldyzlara seredildi. Uçýan ulaglaryň durýan ýerine üýşdi giden mähelle. Gahrymanlary ugratmaga gelipdiler. Bürgüt şekilli şlýomlaryny geýip, balyk şekilli geýimlerini geýinip ulaga ýerleşdiler.
Ulaga soňunda giren Ea özüni ugratmaga gelenler bilen hoşlaşdy. Patyşadan ak pata almak üçin kakasy Anunuň huzurynda çöküne düşüp oturdy. Anu: ''Eziz oglum: gaty uzaklara (äleme) syýahat edersiň, biziň barymyz üçin howply ýollardaky kynçylyklara mertlerçe döz gelersiň. Hötdesinden gelseň Nibirudan uzaklaşyp, sag-aman dolanyp gelersiň'' Anu ony ugradyp ak pata berdi. Eanyň ejesi Ninul ony gujaklady. ''Anudan miras galan diňe sensiň maňa, näme üçin seň ýüregiň gaty giň? Howply ýollardan geçip sag-aman dolanyp gel'' diýdi. Ea aýaly Damkinany öpdi we hiç zat aýtmazdan ony gujaklady. Enlil ene başga jigsi bolan Eany gujaklady. Başararsyň diýdi oňa. Ea tukat ýagdaýda girdi ulaga. Ea Ýokary uçmak emrini berdi...


(dowamy bar)

Sümer ýazgylaryna düşündiriş beren: Zakariýa SITJIN

Terjime eden: @Jeksparro
2 лайков 77 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.