Duşuşyk / hekaýa

Bir gezek, aprel aýynyň jana ýakymly ertirinde Haradzýukiniň darajyk köçesinde tüýs özüme mynasyp, gözläp ýören gyzyma gabat geldim. Ol gyza üýtgeşik owadan diýib-ä boljak däldi. Geýnişem ýönekeý, özüne çekip duran aýratyn alamatlary hem ýok. Howul-hara ýeňsesine bogan saçlary entek onuň ukudan hem doly açylmandygyny habar berýärdi. Ýaşy otuza golaýlan bolsa gerek. Aramyz elli metr töweregi bolandan içimi gepletdim: «Şu gyz hut meniň arzuw edýänim!» Ony gören dessime ýüregim urgusyny üýtgedip jigledi, bitakat gürsüldäp başlady, çölde tebsiräniňki ýaly agzym gurady. Mümkin size başga hili — inçe billi, ullakan gözli, owadan barmaklary sülük ýaly gyzlar ýaraýandyr. Belki, siz azajykdan dişläp, howlukman çeýnäp, agzyny pissäniň maňzy ýaly edip naharlanýan gyzlary halaýansyňyz. Meniňem, elbetde, gyzlaryň keşbinde halaýan zatlarym, synalarynda gözüm eglenýän ýerleri bar. Mysal üçin, restoranda naharlanýan pursadym goňşy stolda oturan gyzyň burny maňa ýarasa, oňa siňňin seredäýmäm bar. Dogrusy, aňrybaş, nusgalyk gyzyň daş keşbiniň nähili bolmalydygyny anyk kesgitläp biljegem ýokdur. Şol gün ir bilen gabat gelen gyzymyň burnunyň nähilidigini aýdybam biljek däl. Hatda şonuň burnunyň bary-ýoguda ýadyma düşenok. Ýekeje aýdyp biljek zadym: ol gyzy owadan gyzlaryň hataryna-ha goşup boljak däldi. Birhili, geň galarlyk ýagdaý…
Soň bir wagt kimdir birine tüýs arzuw edýän gyzyma köçede gabat gelendigimi aýdyp bererin. Ikimiziň aramyzda şunuň ýaly gürrüň bolar, ol maňa:
– Hakykatdanammy? Gowujamy? — diýip sorar.
– Edil beýle-de däl…
– Onda, saňa ýaraýan keşpdedir-dä?
– Bilmedim. Men ol gyzyň daş keşbinem eýýäm ýadymdan çykardym. Onuň gözi nähili, göwsi nähili, aýdyp biljek däl.
– Men-ä saňa düşünmedim.
– Özümem özüme düşünemok.
– Sen näme etdiň? Gepleşdiňmi? Yzyna düşüp gitdiňmi?
– Hiç zadam etmedim. Her kim öz ugruna, ol günbatara, men gündogara gitdim. Bolany şol.
Säher bolsa şeýle jana ýakymly, ajaýypdy. Onuň bilen gepleşip bolaýsa. Bolmanda ýarym sagatlyjak. Oňa öz kimdigimi aýdyp, özüniň kimdigini sorasam. Bizi 1981-nji ýylyň aprel aýynyň jana ýakymly säherinde Haradzýukiniň darajyk köçesinde gabatlaşdyran ykbalyň öwrümleri hakda gürleşsedik. Dünýäde parahatçylygyň höküm süren döwürleri, hünärli ussa tarapyndan ýasalan, könelişen mehanizmdäki ýaly gizlin syrlaryň köpüsi, belki, şunda jemlenendir. Gürleşip, belki, biz bir ýerlere ertirlik edinmäge ýa-da Wudi Alleniň filmini görmäge giderdik. Soň ýolda garbanyşhana sowlardyk, olardaky dik stollara söýenip, kokteýl içerdik. Belki, edil bolmalysy ýaly, mundan soň mydam bile-de bolardyk… Ýüregim: «Bolup biler» diýip urdy. Biziň aramyzda, bary-ýogy on bäş metre golaý aralyk galdy… Nädip söz gatmaly, nädip söze başlamaly?
– Salam, maňa ýarym sagat wagtyňyzy sarp edip bilmezmisiňiz? Mundana gep bolmaz. Düýeden possun gaçan ýaly. Men resmi adam däl-ä.
– Bagyşlaň, şu töwerekde geýim-gejim ýuwdurylýan ýer ýokmuka? Bu-da bolmady. Iň bärkisi meniň elimde içki eşikler, ýorgan-düşegiň daşlygy salnan torba-da ýoga. Ýa-da öňünde kese duragada morta:
– Salam. Men biziň biri-birimize tüýs mynasypdygymyzy aýtmak isleýän – diýäýsemmikäm. Ýok. Beýle diýsem, belki, ol meniň sözüme ynanmazam. Ynanaýan halatynda gepleşesi gelermikä? Belki, meniň saňa tüýs mynasyp bolmagymam mümkin, ýöne sen maňa mynasyp däl-dä diýse nätjek? Eger şeý diýäýse, meniň bilimiň aşak ýanyna depilen ýaly bolmazmy? Ýaşym otuz ikä ýetdi. Garraýaryn.
Edil gül satylýan dükanyň ýanynda biz biri-birimiziň deňine geldik. Endamyma üýtgeşik ýylylygyň ýaýrandygyny duýdum. Çygly asfaltdan bahar gülüniň mylaýym ysy gelýärdi. Nämüçindir, gepläp bilemok. Onuň egninde ak switeri, sag elinde entek marka ýelmenmedik ak hat bukja bardy. Birine hat ýazan bolmagy mümkin. Ukudan galana meňzeýärdi. Gijesini hat ýazmaga sarp edip, ukudan galan bolmagy ahmal. Belki, şu bukja onuň syrlary ýazylan haty ýygşyrýandyr. Birnäçe ädim deňinden geçenimden soň yzyma öwrüldim. Ol eýýäm köpçüligiň içine siňip, gözden ýitipdi.
Indi oňa nädip söz gatmalydygyny bilýärin. Uzagragam bolsa, belki, ony yzygiderli beýan edip bilerin. Meniň kelläme käte amal etmesi kyn bolan pikirlerem gelip geçýär. Eger şeýle bolmadyk bolsa, men aýtjak bolýan zatlarymy bireýýäm aýdyp: «Gamgyn waka, dogry dälmi?» diýerdim. Gadym zamanlarda bir oglan bilen bir gyz ýaşapdyr. Oglan on sekiz, gyz on alty ýaşynda eken. Olaryň gursaklary hyjuw bilen höwesden doludy. Oglan ýönekeýden yşnaklydy, gyzam saýlama gözellerden däldi. Bular hiç kimden tapawutlanmaýan, hemme ýerde gabat gelýän ýetginjeklerdi. Ýöne olar ýalňyzdy. Olaryň ikisem özlerine mynasyp taýlarynyň ýer ýüzünde ýaşap ýörendigine berk ynanýardy. Günleriň birgüni olar köçede biri-birine gabat geläýdiler. Oglan gyza:
– Nähili geň-taňlyk, men seni näçe wagt bäri gözläp ýörün. Belki, sen muňa ynanmarsyňam. Sen meniň arzuwlaýan, göz öňüme getirýän, durmuşda maňa mynasyp, özüme taý hasaplaýan gyzym-a! — diýdi.
Gyzam:
– Senem meniň diýýänim. Men seni edil şu bolşuň ýaly göz öňüme getirýärdim. Bu edil düýşdäki ýaly — diýip, mylaýym ýylgyrdy.
Oglan bilen gyz seýilgähdäki oturgyçda ýanaşyk oturdylar. Uzak gürleşdiler. Gürrüňlerini gutaraslary gelmedi. Bile bolan pursatlary wagtyň şeýle tiz geçişini halamadylar. Olar mundan beýläk ýalňyz däldiler. Bu durmuşyň oglan bilen gyza bagyş eden bagtydy, ajaýyplygydy. Olaryň ýürekleriniň bir ýerlerinde arzuwyň şeýle ýeňil hasyl bolmagyna şübhe bildirýän müňkürlik duýgusynyň kiçijik gurçugy gymyldap gidýärdi. Ara dymyşlyk düşdi. Dymyşlygy oglan bozdy:
– Biri-birimizi ýönekeýje zatlarda synap göräýsek näderkä? Eger söýgülerimiz ýürekden bolsa, birýerlerde ýene-de duşuşarys. Biz şonda, hakykatdanam, biri-birimize mynasypdygymyza göz ýetireris hem dessine toý tutarys. Nähili görýäň?
– Bolýar — diýip, gyz jogap berdi.
Olar hoşlaşdylar. Her kim öz ýoluna gitdi. Aslyýetinde, olaryň biri-birini synamaklary üçin zerurlyk ýokdy. Sebäbi olaryň söýgüsi ýürekdendi. Hut doglanlarynda biri-birleri üçin doglan ýaly, biri-birlerine şeýle mynasypdylar. Ykbal olar bilen ýowuz oýun edipdi. Gyş olaryň ikisem syrkawlady. Şol ýyl ýakymsyz dümew köp kişini kösedi. Kesel bilen bimäçe hepdelik başa-baş söweş olaryň bar zady ýatdan çykarmagyna alyp bardy. Birnäçe wagdan soň sagalan gyz bilen oglan gözlerini açanlarynda, olaryň kellesi D.G.Lourensiň gapjygy ýaly boşdy.
Ýaşlara akyl bilen sabyr-takat dilemek welin, gerek däldi. Olar döwür bilen aýakdaş ýaşap ile goşulyp gitdiler. Gujur-gaýratlaryny gaýgyrman bilim aldylar, düşünjeleriniň dikelmegi, endikleriň emele gelmegi, gözýetimleriniň giňemegi üçin alada etdiler. Jemgyýetiň mynasyp adamlary bolmaga, durmuşda orunlaryny tapmaga çalyşdylar. Metronyň bir şahasyndan beýleki şahasyna geçmegi, hatdyr banderol ugratmagy öwrendiler. Hatda söýgä-de düşündiler. Täze tanyşlar tapyndylar, dost tutundylar. Gyz göwnüne doly ýaramasa-da, özüne ýüzden ýetmiş bäş, segsen bäş göterim ýaraýan oglana, oglan hem özüne şonçarak ýaraýan gyza sataşdy. Şowhunly, şüweleňli ýaşlyk bahym geçdi, Gyz otuz ýaşady, oglan otuz iki.
1981-nji ýylyň aprel aýynyň jana ýakymly säherinde oglan Haradzýuki şäheriniň adaty köçeleriniň birinden, bir kürüşgejik kofe içmek niýeti bilen günbatardan gündogara tarap barýardy. Gyz hem içi hatly bukja ýelmär ýaly markajyk satyn almak üçin şol köçeden gündogardan günbatara tarap barýardy. Olar edil ýoluň ortasynda sataşdylar. Gysgajyk pursatda olaryň alasarmyk aňlarymda ýitirilen duýgynyň öçügsi uçguny ýylpyldap gitdi. «Bu gyz tüýs maňa mynasyp, meniň arzuwlaýan gyzym!». «Bu oglan meniň gözleýän, tüýs özüme mynasyp hasaplaýan oglanym!». Emma bu uçgunjygyň ýylpyldysy juda öçügsi boldy. Onuň güýji, şöhlesi, ýagtysydyr ýylysy on dört ýyl mundan öňküsi ýagty bolmady. Oglan bilen gyz biri-birine ýeke agyz sözem aýtman, hersi öz ugruna, biri günbatara, beýlekisi gündogara tarap hemişelik gitdiler. Gynançly waka. Şeýle dälmi?
Gyza şu zatlary aýtmalydym.

©Haruki MURAKAMI

Terjime eden: Kakyş Nazarow

Çeşmesi: https://www.br.com.tm/sections/5/4830. 18.04.2023ý.
1 лайков 131 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.