Ýaşasyn orta gürp! / satiriki hekaýa
ÝAŞASYN ORTA GÜRP!
Men turuwbaşdan ýalňyşypdyryn. Ýagny, işe başlanymdan çekýän suratlarymy özümçe işläp başlaberipdirin. Onsoň şunuň maňa nähili zyýan edendigini siz bilýäňizmi? Elbetde, bileňizok. Ýöne
bilesiňiz welin gelýändir. Eger-de hakykatdanam bilesiňiz gelýän bolsa gulak salyň, men munuň baryny size ähli jikme-jikligi bilen gürrüň bereýin. Nähilelik bilen ýalňyşandygymy, soňundan bolsa, soňundan bolsa özümiň nädip dogry ýola düşendigimi, umuman şu hupbatly sungat ýolunda özümiň nä günlere sataşandygymy gizlemän gürrüň bereýin. Belki, size-de peýdasy deger.
...Men okuwy gutaryp gelşim ýaly gyzgynym bilen bir ullakan kartinany düňküldedäge-de sergi komissiýasynyň dykgatyna hödürledim. Birinji gezek bolansoň özümem edep saklap, bir çete çekildim-de, barmaklarymyň bogunlaryny boşatmaga başladym. Arasynda-da diňşirgenýän. Tolgunýan. Komissiýanyň çlenleri tutuş ýarym sagat dagy işe seredip seslerini çykarman, dymyp oturdylar. «Şu oglany nätmeli? Öwmelimi ýa döwmeli?» diýýän manyda biri-birleriniň ýüzüne köpmanyly seredişdiler. Şu oturanlaryň içinde maňa arka durjak adamyň ýoklugyna gözi ýetensoň, mydama lagyr-lagyr edip diliniň keýpini görüp ýören, ýaşyna seretmezden saçy çuw-ak, kelte boýly, çaşyrak biri howlukman ýerinden ýerinden turdy. Komissiýanyň başlygynyň ýüzüne seretdi. (Komissiýanyň başlygy adatça hemmeden soň gepleýär. Ýöne ol nätmelidigini beýlekilere üm bilen düşündirýär.) Ätiýaçdan beýlekileriňem ýüzüne birlaý göz aýlap çykdy. Birdenem reňkini agdyryp gürläp başlady.
– Umuman bir seredeniňde iş erbedem däl ýaly. Uly iş. Gaty uly iş. Ýöne neme... – Ol çermegini çekip ýene-de başlygyň ýüzüne seretdi. Başlygyň makullaýjy nazaryna gözi düşensoň hasam ekezlendi – ...entek işlemeli-dä. Risunogyna seretmeli. Kompozisiýasyny birazajyk üýtgetmeli. Düýpleýin üýtgetseňem bolup dur... Reňklerem gatybir ýerbe-ýer-ä däl. Çeperçilik taýdanam o diýen kämil däl. Onsoňam temasam nemeräk... Bu tema bilen... Men-ä...
Şondan soň meşigiň bujagy çözülen ýaly boldy. Aç arslanlar kimin hersi ýerli-ýerden topulyşyp şeýle bir dalap ugradylar welin, men bir eser ýazana däl-de, hut jenaýat edene döndüm.
– Muňňaly uly iş nämäňe gerek, jijim? – diýip mydama agzyndan aragyň ysy aňkap duran mongolsypat bir ýaşuly gybyr-gybyr edip ýanyma geldi. Edil alkymyna gelip aňkady. – Kiçiräk iş edeniňde bolanokmy? Nirä howlukýaň? Näm-ä howlukýaň? Ýaşyň näçe seň jijim?
– Ýigrimi ýedi.
– Hm-m... – Ol birazajyk meni synlap duransoň ýüzüni bir gapdala sowdy. – Ýaşam ekeniň. Güýjüň çatdygyndan ownuk-uşak işjagazlar edibirler. Düýn gelip, bu gün meşhur boljak bolup durmazlar. Päliňi pesräk tutarlar jijim.
Al, saňa gerek bolsa. Meniň oňa: «How, jan agam, ýigrimi ýedi ýaş az ýaş däl. Bu ýaşda iliň ogly dünýäni endiredip ýör. Ýigrimi bir ýaşynda sungatyň mekgesine münüp ötenlerem bar. Şu ýaşda etmesek haçan edeli. Göwnüňde bir zat bolsa edibermeli-dä, ir diýmän, giç diýmän» diýäýesim geldi welin, bilip durun eger şeý diýäýsem ýerli-ýerden: «Baý-ba-a, muňňa otyrýeri kül üstünde, göwni Kap dagynda gezip ýör-ow!» diýjeklerini. Gaýtawul bermejegimi bilib-ä olar hasam üstüme çöwjediler. Bir-ä gözüni akjardyp gelşine tas ýüregimi ýarypdy. Ol ogluna käýinýän gaharjaň ata ýaly üstüme abandy. (Bu-da içgili ekeni.) Herreldi.
– Sen kartina ýazýaňmy ýa başga zat edýäňmi? Hä?! Sered-ä muňa. Seret! Hiý, beýle-de bir zat bolarmy?!
Onuň näme diýjek bolýanyna-ha kes-kelläm düşünmedim welin, ýöne şondan soň kartinany it alan sanaja dönderdiler. Abat ýerini goýmadylar. Soňabaka öz işimden özümiňem göwnüm geçdi gitdi. Şol işi edenime-de, getirenime-de ýüz-müň puşman etdim. Atly-abraýly adamlary käýindirip durmaklygyň nähili oňaýsyzdygyny elbetde, siz menden gowy bilýänsiňiz. Hersem öz işleýşi ýaly işletjek bolup dert-azar. Biri «klassyklardan öwren» diýse, beýleki biri «sungatyň soňky «izm»-lerine köpräk seret» diýdi. Üçünji biri bolsa «hemmesinem ret et-de, özüňçejik işle» diýýä. «Ine, özümçe işlänim-dä şü» diýip elimi ysgynsyzlyk bilen eserime uzadýan welin: «Ýok, munyň bolanok!» diýip olam al petimden alýa gaýtam. «Hany, hany onda maňa bir reseptjik beriň-dä onda beýle bolsa» diýibem aýdyp bolanok. Biri gelip gulagyma pyşyrdady. «Ine, maňa seret. Men nädýän? Görýäň-ä meniň ediberşimi. Men henizem gözläp ýörün. Mende entegem gözläre güýç kän. Ymgyr kän. Men günbataryň sungatyny gündogara getirjek bolup ýörün». «Wah, seniň ýaly her işimde bir hudožnige öýkünip, göreniň gepini çekip ýörenimden-ä şu günki günüm müň paý gowudyr». Men muny içimden aýdýan şeý diýip. Onsoň ýene-de töweregimdäki barha artyp barýan gowura gulak asýan. Özümiň nirede durandygymy biljek bolup kösenýän.
– Öňdäki figurany ýok etmeli.
– Yzky ikisinem aýyrmaly. Geregi ýok.
– Peýzažy aňyrrak süýşürmeli.
– Ähli figurany aýryp peýzažam ýaňadan çekse gowy peýzaž bolmagy mümkin.
– Haý, näbileýin. Bu gidişine gitse çagalaryny aç goýaýmasa. Çagasy-çugasy bir barmyka munuň?
– Çagany iş başarýanlar ekleýändir.
Mundan artyk durara sabry-kararym galmady. El ýalyjagam abat ýeri galmadyk eserimi gara dere gark bolup yzyna äkitdim. Ussahana gelip seredýän-de, nämesini üýtgedip, niresini düzetjegimi, ýaňkylaryň haýsynyň aýdanyny edip, haýsynyňkyny etmejegimi bilemok. Hemmesiniňkini welin eder ýaly däl. Ine, onsoň kartinany ümsümjek aňyrsyna öwürdim-de goýaýdym.
Ikinji gezek sergä iş seçilşik bolanda bir kiçiräk iş eltdim welin, «Sen indi kiçi-girim çaga däl. Birneme çynlakaýrak, düýplüräk iş etjek bol. Tüweleme ýigrimi ýedi ýaşapsyň. Bu ýaşdan soň degdim-gaçdym edip ýörseň gelşiksiz bor» diýdiler. Üstesine: «Akyl satjak bolma, täzeçilsireme»-de diýdiler.
Üçünji gezek iş eltenimde «açyljak sergä işiň temasy gabat gelenok» diýdiler.
Dördünji gezekde: «Temasy bolýa-da, çeperçilik derejesi pes» diýdiler.
Garaz, näme diýseler agyzlaryna gelşip dur. Özlerem: «Biziň-kä bir maslahat how» diýýärler. Maslahat welin şol maslahatdan geçmese eseriň ýoly ýapylýar. Ganaty gyrylýar. Ýaşap bilenok. Halka ýetenok. Degerli maslahatlar bilen işi unap goýberýän bolsalar onda başga mesele. Ýa-da ara çola bolsa...
Bir görsem aý yzyna-aý, ýyl yzyna-ýyl geçip barýar. Öz-özümi subut etjek bolup, çeken suratlarym bolsa ussahananyň içinde üýşüp ýatyr. Sergide, beýlekide işiň görünmese tanyş-bilişlerem: «Işläňok öýdýän. Adyň soruň çykanok» diýişip igenişiberýäler. Ýaltalykdada aýyplaberýäler. Menem: «Be, şu sergä nähili iş
edeňde ylaýyk bolýarka?» diýip, her gezek baryp, asylgy duran işlere siňe-siňe syn edýän. Şolaryň üsti bilen öz kemçiligimi gözleýän. Ýöne özümiň gaýtarylan işlerimden kän-kän gowşak işleriňem asylgy durandyklaryny görýän-de, geň galýan. Men ylaýta-da başga bir zada geň galdym. Sergide bir-ä komissiýaň çlenleriniň we şolaryň dostlarynyň (işiň gowy bolmagy hökman däl) birem şolara öýkünýän, özbaşdak ýörelgesi ýok hudožnikleriň işleri asylýardy.
Ine, şu ýerde meniň bu amanat başyma irde-giçde geljek bolsa geläýmeli bir akyl geldi duruberdi.
Men şol ýerden göni ussahanama gitdim-de, başlygyň işleýşine meňzedip çaklaňja bir surat çekdim we şondan soňky ilkinji sergä hödürledim. Ýene-de birmeýdan dymyşdylar. Ýöne bu gezek dymyşdylar-dymyşdylarda: «Bolýa» diýdiler. Bolýa diýmänem bir görsünler! Bolanok diýdikleri başlyga: «Sen işläp bileňok» diýdikleri boljak ahyry. Ine, şondan soň işler ugrukdy gidiberdi. Edenim geçip dur. Asyl heziller edinäýdim. Arasynda bir kösenjek boldum. Sebäbi başlygy çalyşdylar. Menem ur-tut işleýşimi üýtgetdim. Birentekläb-ä meniň işlerime täze başlygyň işidir öýdübem gezdiler. Diňe zalda asylyp, aşagynda adym peýda bolansoň bilip galýalar meňkidigini. Soň dodaklaryny dişleşip başlaryny ýaýkaşýalar welin näme, peýdasy ýok-da, men etjegimi edemsoň. Bir gezeg-ä bilgeşlinden komissiýada görkezmän göni sergi açylmazynyň öň ýany getirdimde asaýdym işimi. «Tüweleme, başlyg-a çeňk ýalyjak bir täze iş edäýipdir-ow, kemi ýok!» diýişip, daşynda pyrpyr aýlandylar. Ertesi bildiler welin, bilende nä? Maňa näme! Elimi arkama tutup zalyň ugrunda ýyrşaran bolup ýörün men. Meni görüp täze başlygam ýylgyrýa. Olam ýylgyrýa, menem ýylgyrýan. Ikimizem ýylgyrýas. Biziň ýylgyryşýanymyzy görüp beýlekilerem ýylgyran bolýalar. Goý, ýylgyrsynlar! Ýylgyrybersinler! Maňa näme?
Ine, men-ä şeýdip indi telim wagt bäri sergi bolsa sypdyrman ýörendirin. Başlyk çalyşdygam işleýşimi üýtgedýän. Ýa-da leji çykan temalary işläp eltýän. Gepem bolanok, gürrüňem. Garaz, şolar sungaty menden gabanmaz ýaly edýän. Asyl hemme-de şeýdýän ekeni. Eger döredijilik işgäri bolsaňyz, sizem şeýdiň. Halys goruňyz gutarsa ýa düýbünden gorsuz bolsaňyz bolsa göçüribermeli. Ýöne onuňam öz ugurjygy bar. Bahasyndan gaçman daşary ýutly hudožnikleriň suratlary ýerleşdirilen kitaplardan alybileniňi almaly. Haýsynda seretseň seret! Taýyn kompozisiýa, reňk, islendik haldaky adam şekilleri näçe diýseň dolup ýatandyr. Göçür! Göçür şaglat-da! Şlýapasyny ýa silindrini aýyr-da, telpek geýdir. Palto deregem don geýdir. Aňyrky planam bulaşdyryp goýber. Risunoga ejizräk bolsaňam kartinany hüýt-gara edäge-de, predmetleriň gyralaryny dumanladaýmaly. Eger-de çekýän kartinaňyza at gerek bolsa, ana şony welin hergiz göçüriji bolmaň. Ahal-teke atyň hut özüni çekiň. Ýogsam käbir ýoldaşlar ne gözel türkmen ýigitlerini italýan ýa iňlis atlarynyň üstünde joňkardyp goýaýýalar. Ine, şol welin bolanok. Şony komissiýa-da kän halanok. Umuman, özüni oňarýana ýol kän. Kän ekeni. Bilmän ýörüpdiris. Esasy zat her gezekki sergini sypdyrmazlyk. Sebäbi sergiden işiň satyn alynaýmagy mümkin. Çagalara çörek bolaýmagy mümkin. Iň hezil ýeri şol oň. Şeýdibermeli. Hemme-de şeýdýä. Sizem şeýdiň. Indi menem şeýdýän. Nä azarym özümçe işläp ilden gep eşidip. Wah, kakam pahyr hemişe aýdardyla: «Oglum, hergiz iliň öňüne-de geçjek bolma, yza-da galma, şu orta gürp bilenjik gidiber» diýip. Ine, seredip otursam şol pahyr gaty mamla ekeni. Şol orta gürp bilen gidibermeli ekeni. Ýaşasyn orta gürp!
...Ýöne welin men şeýdip ala-güpürdi bolup ýörşüme özümi ýitirdim oturyberdim. Ine, indi telim ýyldyr men ýok. Dogrymy adýan, men ýok! Kimden sorasaňyz soraýyň. Şu jelegaýlarda meni gören bolmaz. Ýogsam ine, işlerimem orta gürpden geçip dur, ilden yza-da galamok, öňe-de gidemok. Kem zadymam ýok. Onda-munda adymam tutulyp dur, il hatary. Çagalaram şükür, hor-zar däl. Ýöne men welin ýok. Hut özüm ýok. Şonuň üçinem şu zatlary halys ýüregime sygdyryp bilmän käte-käte ussahanama girip içinden mäkäm gulplaýan-da, şo-ol, bir wagtlarky özümi, alyslarda galan özümi ýatlap zaryn-zaryn aglaýan. Onda-da içimi egsip bilmän şol öňküje, öz ýüzüm görnüp duran işlerimi açyşdyryp sagat saýy synlap oturýan. Olary kyn günde taşlap gidenim üçin, olardan müň mertebe ötünç soraýan. Şonda-da içim egsilmese arassa, heniz ellenmedik kendir matany alýan-da şol erkana günlerimi ýatlap, bütin dünýäni unudyp, däliporhan bolup bir surat çekýän. Bolanymdan soň onam aňryk öwürýän-de, diwara söýäpjik goýýan. Şondan soň birneme ynjalýan. Üstümden agyr ýük aýrylan ýaly süňňüm ýeňläp beýnim hem süzgüçden geçen dek durlanýar. Onsoň men ýene-de birnäçe wagtlap orta gürp bilen ýadaman gidip bilýän. Men edil şu wagtam orta gürpde, ýaşasyn orta gürp! Sizem uruň özüňizi orta gürpe! Hor bolmarsyňyz. Geldiňizmi?
Hany, onda gitdik! Çep aýakdan başlaň! «Gürp! Gürp! Gürp! Gürp! Gürp!».
1983 ý.
Juma HUDAÝGULY

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.