ON ALTYNJY YAZ

On altynjy ýaz
(liriki hekaýa)
Ol şo ýaza hemişelik aşyk boldy. Ömrüniň on altynjy ýazy şeýlebir üýtgeşik, şeýlebir duýdansyz geldi welin, edil ertekiler dünýäsine düşen ýaly, wagty bilen aýňalybilmedi. Mart, belkem, hemişe martdyr, ýöne aprel... Aprel aýy ýagyş juda köp ýagdy. Köçelerde tolkunyp ýatan düýbi läbik, ýüzi sary reňkdäki suwa seredişip, gaýykly geçsekmikäk diýýän haýsy, eline ilen kerpiçdir uly daşlary suwuň içine taşlap, geçer ýaly ýol ýasaýan haýsy. Ýagyş bolsa ýene siziň köçäňize dolanýandyr. Öňki ýaganyny az görüp, ýol ýasanlar bilen erjeşýän ýaly, bulut baryny boşadyp gidendir. Onsoň kerpiçdir daşdan ýol ýasap, topukdan geçip duran ýagyşdan gutulmajakdygyna düşünen adamlar Nuh pygamberem, kyrk günläp ýagan ýagyş sebäpli, bütindünýä gark bolma gününem ýatlabi:rler. “Sadagasy gitdigim, Burkut baba içini dökdi-le” – diýip, mellekdäki ekinleriň ertirki gününi gaýgy edýän, ak saçlary ýaglygynyň aşagyndan çykyşyp duran, bili bükük enelerem, ýagyş suwuna degirmezlik üçin ala donunyň syýlaryny çekip, arkasyna taşlan, bili bükük atalaram elewräberer. Çagalaryň kimsi kagyzdan ýasan uçarjygyny kölçerip ýatan oýuklaryň üstünden “umman” hasaplap uçursa, kimsi plastmasdan ýasalan esgerlerini “deňizden” ýüzüp geçmäge mejbur edýändir. Diňe bir gyz on alty ýaşlylara mahsus günäsiz ýylgyryş bilen çytyk asmanyň goýnunda gizlän Güneşine derek şöhle saçar-da, kerpiç bilen uly daşlardan düzülen ýoly yzarlap gelşine, “deňizdir ummanlary” külterläp oturan oglanjyklaryň tokarjasynyň dulugyndan gysar. Şo wagt bedeniniň deňagramlylygy bozulyp, bir aýagyna tarap gyşaraga-da, ýagyş suwuna batjak bolsa-da, “waý” diýlen näzik jümle ýaňlanyp – ýaňlanmanka, kebelegiňki ýaly ýeňil göwresi aram tabyna gelendir. Edil çaganyň sesi ýaly mylaýymdan gowşajyk bu sesi eşiden adamyň hiç biri gyzyň deňinden biparh ötüp bilmez. Eger bu sesi ýaňy eňegine sakgal çykyp ugran ýigitler eşidäýse, kömege ýetişmek üçin gaýym bolup, gyza eserdeň serederdiler, uly ýaşly zenanlar eşidäýse, duýgudaşlyk bilen başlaryny yrardylar. Diňe oglanjyklaryň tokarjasy kagyz uçaryny “ummanyň” içine gaçyryp, kömek etmek üçin gyza tarap öwrüler. Peýdasyz. Gyz eýýäm gülden güle gonup ýören kebelegiň çalt uçuşy ýaly, kerpiçdir daşlardan düzülen ýoluň soňuna çykyp, “sag bol” diýýän terzde oglanjyga goluny bulap durandyr.
Hawa, şu aprelde ýagyş örän köp ýagdy. Göýä, adamlaryň hemmesini haýsydyr bir jaýlarda gizläp, köçede ýalňyz özi galasy gelýän ýaly, hiç diňer ýerde diňmedi. Apreliň mylaýym howasyndan ine – gana dem alyp, köýneklije gezjek adamlar çygly howanyň sowugyndan ýaňa ýeňsizlerini egnine atmaly boldular.
- Sen üşäňokmy, Gülnäz? – diýip, gyzdan jorasy ilkinji bolup sorady. Gyz “ýok” diýip ýylgyrdy.
- Sen üşärsiň ahyryn, Gülnäz – diýip, synp ýolbaşçysy nebsagryjylyk bilen habar gatdy. Gyz “ýok” diýip ýylgyrdy. Diňe synpdaş ýigidiniň: “Üşäpsiň” diýen sözlemine jogap tapman, pyýala ýaly gara gözlerini aşak saldy. Onuň haýsy sebäbe görä gyzyl alma ýaly gyzarandygyna welin düşünmediler. Ol şo ýaza hemişelik aşyk boldy. Ilki-hä, dynman ýagan ýagyş ony aldym – berdime salyp, geljekki durmuşynyň nämälim gaý – tupanlarynda ýüzdürdi, soňundanam şol synpdaş ýigidi üç sany gunçasy açylmadyk kyrkgat gülüni gyzyň gündeliginiň üstünde goýup gitdi.
Ol üç sany kyrkgat gülüniň ysyna dolan gülgüne dünýäni söýgi bilen synlap gelýärkä, ählije syryny paş etdi. Joralary düşünişip pyňkyryşdylar, goňşulary haýran galyp agzyny açdylar, oglan jigisi geň galyp, gaşlaryny çytdy, ejesi bolsa: “Kim ol Muhammetberdi?” – diýip sorady. Ol diňe şondan soň elindäki gülüň ýapraklaryna ýazylan ady gördi. Şo pursatdaky haýran galşy ýaly, ol ýene ençe gezekler haýran galyp ýylgyrar. Ýöne hiç haçan näme sebäpli durmuşynyň ilkinji söýgüsi Muhammetberdi atly synpdaş oglany bilen däl-de, Berdimuhammet atly ýigit bilen gurlandygyna welin düşünmez. Belkem, bu soraglar wagtyň geçmegi bilen manysyny ýitirer, ýöne häzir welin, onuň ömrüniň on altynjy ýazy dowam edýärdi.

Bägül ATAÝEWA




1 лайков 73 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.