SAŇA HAT
Saňa hat
(liriki hekaýa)
Käwagtlar pikir etmekden ýaňa demim gutarýar. Men hyýaldaky haýsydyr bir sahnalaryň içinde gezýärin, ýaşaýaryn. Birdenem hemme adamlarda bolşy ýaly, onuň soňy golaýlaýar. Hakykatyň üsti açylýar. Näme diýilmek islenýän bolsa, şoňa golaýlaýarys. Ana, şol kulminasion pursatda-da meniň demim gutarýar. Sahnanyň çözülişi meniň aňymda şeýlebir çalt bolup geçýär welin, men derrew hopugyp oýanýaryn. Sen , megerem, “oýanýaryn” diýen wagtym men düýş görýändir öýdýänsiň. Ýok beýle däl, gadyrdanym. Men oýa wagtym oýanýaryn. Sen, heý, oýa wagtyň uklap gördüňmi? Ol edil ýokardaky beýan edişim ýaly bolup geçýän ekeni. Wiý, hawa, täsirlenmeler, tolgunmalar, duýgular...Bular barada-da aýtman bolmaz ,elbetde.
Oýa wagtym düýş görmäge men iň garaşylmadyk pursatda başlaýaryn. Ertir irden haýsy synpda barlag iş almalydygy barada, Muhammedowyň depderiniň ýokdugy we onuň bäşinji synpda okaýan gyz jigisinden depder sargamalydygy barada pikir edip gelýänsiň, birdenem, hiç zadyň ýok ýerinden (hatda, kinolarda-da beýle bolanok ahyry, kinolarda-da gahryman şol zady ýatladýan predmeti görenden soň ýatlaýar ahyry) oýalykdaky düýşüm başlaýar. Göz öňüme ýalňyz garaňky otag, şol otagyň içinde-de pikire çümüp oturan oglan gelip gidýär. Dogrusyny aýtmaly bolsa, gadyrlym, ol saňa hiç hili meňzänogam. Ol hordan uzyn, ak ýagyz, ullakan gara gözli oglan. Onuň ellerem, barmaklaram uzyn. Iki eliniň aýasyny eňegine diräp pikir edýän wagty eliniň damarlaram çykyp dur. Kirpiklerini ýygy-ýygydan gyrpýar we käwagt uludan demini alýar. Onuň garaýşy sowuk, oturşy dogumly. Eger daşyndan baha bermeli bolsa, onda diňe öz aýdanyny ýöredip ýören gazaply bir kişi göz öňüme gelýär. Ol şeýle sowuklyk we rahatlyk bilen pikir edip oturýar-da, birdenem ýitireni bar ýaly “Hany, şol gyz? Hany, şol sary saçlyja gyzjagaz?” diýip ýerinden turup gygyrýar. Ol şeýle bir howpurganýar, ideýär welin, meniň şol wagt oňa ýüregim agyrýar. Ol sary saçlyja gyzjagazy, ýagny meni iş stolunyň üstünde ýitiren ýaly, kitaplaryny bir eýlä-bir beýlä zyňyşdyrýar. Daş –töweregindäki şkafa, oturgyja göz aýlaýar. Ýöne olara tarap topulýança, ol näme edip ýörenine düşünýär, meniň şkafda ýokdugym we oturgyçda-da bolup bilmejekdigim onuň akylyna gelýär. Şol wagt onuň eginleri sallanýar, gözleri aşak dikilýär. Geň galaýmaly ýeri, men hatda onuň ýürek urşunam duýýaryn. Şol wagt onuň ýüregi hemişekilerinden haýal urýar. Asla öz ýerinde däl-de, has aşak süýşen ýaly, käwagt bir tirsildeýär. Köçedäki oýukda galan ýagyş suwuna aýagyny pagşyldadyp geçýän gyzjagazyň keşbi göz öňüne gelýär. Ol gyzjagaza goşulman, bir gyrada ýylgyryp durşuny, onuň ýagyş suwuna hezil edip aýagyny ezişini ýatlaýar. Hapa ýagyş suwunyň öz arassa köýnegine degmeginden çekinip, biraz yza tesişini ýatlanda, onuň özünden göwni galjak ýalam bolup gidýär. Onuň aljyrap “Hany, şol gyz nirede?” diýip elewreýän wagty meniň demim gutarýar, gadyrdanym. Soň aňymda çalt-çaltdan onuň gyzjagazy gözläp tapmaýşy we nebsagyryjy ýagdaýda durşy janlanýar. Men kem-kemden özüme gelýärin. Onuň hasrat çekýändigi we şol hasratdan halas bolup bilmejekdigi ýadyma düşende, men ýöräp barýan bolsam durýaryn, ýatan bolsamam dikelýärin. Anha, oýalykda düýş görmek şeýleräk bolup geçýär, gadyrdan.
Bu zatlaryň hemmesiniň ýalňyzlykdan bolmagam ähtimal. Sen ýalňyzlygyň nämedigini bilýäňmi, ezizim? Mümkin, ony hiç kimsiz, ýeke ýaşap ýörmek diýip göz öňüne getirýänsiň. Ýok, ol ýalňyzlyk bolanok ekeni. Bize ýalňyzlyk barada dynuwsyz ýalan sözläpdirler. Ýalňyzlyk – bu belli bir wagtdaky kalbyň ýeke galan ýagdaýy ekeni. Ýalňyzlygyň wagty hem çägi bar ekeni, gadyrdan. Onuň wagty hem çägi haçanam bolsa birwagt gutarýan ekeni. Onuň wagty gutaransoň, sen ýalňyzdygyňy duýaňok ekeni, çägi bolsa wagtdanam ir ýitýän ekeni. Onsoň hemme giňişlik öňki ýerine dolanyp gelýär we hatda sen onuň giňişlikdigine-de üns bereňok ekeniň. Wagtam öňküsi ýaly ýöreýär we onuň bardygynyň ýa ýokdugynyň seniň üçin tapawudy ýok. Sen ýöne şeýle ýaşap ýörýän ekeniň. Özem iň gyzykly ýeri, seniň ýygy-ýygydan ýene şol ýagdaýa-ýalňyzlyga düşesiň gelýär. Onuň hasratyny duýasyň gelýär. Gygyrasyň, jedel edesiň, barlyga pitjiň atasyň gelýär. Onuň bilen ylalaşmaýandygyňy, onuň durmuş guranyňdan soň nalajedeýindigine göz ýetiren adamyň ýaly dereksizdigini ýüzüne basasyň gelýär. Onuň eden arzuwlaryňy ödämändigini aýdyp, dert çekip, yzyny üzmän aglasyň gelýän ekeni. Näçe ýalňyzlyga dolanmak isleýän bolsaňam, ganatlary gyryk guşuň asmana galyp bilmeýşi ýaly, senem uçup bilmeýän ekeniň. Täzeden ýalňyzlygyň gapysyny kakyp bilmeýärsiň. Ol ikinji gezek seni kabul etmeýän ekeni. Nähili zalymlyk, şeýle dälmi, gadyrdan?
Soň ýalňyzlygy duýman ýaşamaga başlaýarsyň. Birsydyrgyn, ýüregedüşgünç ýaşaýyş bu. Ýöne ol hijem gutaranok. Hiç haçan ikilik etmeýän söýgüli bolmadyk aýalyň ýaly, ol seni taşlap gidäýenok. Sen bolsa özüňe ikilik eden söýgüliňe garaşyşyň ýaly, ýalňyzlyga garaşýan ekeniň. “Wah, şo pursat, şojagaz pursat” diýip ah urýan ekeniň.
2017 ý
Bägül ATAÝEWA

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.