MENI ÝITIRME

Meni ýitirme

Sensizlikde agyr düşen aýralyk,
Nädip dolsun bu gussaly setirme.
Azaşdym dünýäde senden aýrylyp,
Özümi ýitirdim, meni ýitirme.

Bagly kalbym söýgüñ ýüpin dañyp dur,
Mähriñ bilen dolan gözleñ doñup dur,
Kemşeren dodaklañ kalbym dilip dur
Ýekeje haýyşym meni ýitirme.

Gysylan gursagmyñ üstünden basyp,
Diýdim:" Bu nä boluş özüñmi asyl?"
Senli hakydamy geçmişden asyp,
Gözle geljegiñden meni ýitirme.

Bilseñ, bir zatlara bolýar bu günler,
Ýykylypdyr köşge dönen köñüller,
Gömüldi kalbymda diri ölüler,
Men ýitdim, ýitirdim, meni ýitirme.

Jemşit Hajymämmedow

Ýitirmezlik üçin köp çekdim jepa
İnni ýaşym damýar ýazan setirme
Ýalbaryp her gije Biribar Haka
Men seni ýitirmen,senem ýitirme

Howwa,sensizlikde bagrymy dilýän
Belki de,kalpdan däl ýalandan gülýän
Her näm bolsa bolsun ýürekden söýýän
Men seni ýitirmen,senem ýitirme

Bu yşgyň ýolunda azaşdym eýýäm
Bilmerin bu ýolda men nirä barýan?!
Özün unutsada bu goja dünýäm
Söz seni ýitirmen,senem ýitirme

Aýralykda dälä dönsede başym
Ýassygy her gije ezsede ýaşym
Men özüm ýitirdim,senden haýyşym
Ýalbarýaryn sen hem meni ýitirme

Göwher Şyhberdiýewa
5 лайков 199 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
28 апр 2023, 17:32
Ýitirmezlik ü.n jepa cekdiñmi ýa yhlas etdiñmi?
Aksary
28 апр 2023, 17:36
Sensizlik,senli günler ýaly sözler indi halys ysgyndan gaçana meñzeýär.sebabi ulanan kän bu sözi.ulanmaly däl diýjekdäl.gelişdirip diýjek bolmaly
Aksary
28 апр 2023, 17:39
Bagly kalbym söýgüñ ýüpin dañyp dur,

Bagly kalp.baglanmakmy? O däl ýaly sebäbi bagly duran zat ýa baglanan zat söýgi ýüpün dañyp bilmez.dañylgy bagly durda
Aksary
28 апр 2023, 17:41
Howwa,sensizlikde bagrymy dilýän
Belki de,kalpdan däl ýalandan gülýän

Belki.de diýip gümansyradypsyñ
Aksary
28 апр 2023, 17:43
Men özüm ýitirdim,senden haýyşym
Ýalbarýaryn sen HEM meni ýitirme

HEM sözi zyýan berýär. Ondan başgada ýitiren barmy diýesiñ gelýär .
Гость Göwher
Гость Göwher
12 апр 2024, 14:45
Aksary., yitirmezlik üçin hemme zady göze aldym
Гость Gowher
Гость Gowher
12 апр 2024, 14:47
Her sözü tankytlamak mence Tankyt dalde bashga zada menzap gidyar. Tankut etmeli dal diyemok etmeli yöne gerekli yerinde
Гость Göwher
Гость Göwher
12 апр 2024, 14:51
Aksary., ol okaýşyňyza bagly. Aydyp dura
Men özüm yitirdim senden haýyşym
Ýalbarýaryn sen hem meni yitirme

Men özümi yitirdim yöne sen bir meni yitirme diyyan.

Meni bashgada yitiren kişi şu yerde özüm bolyan. Özum özümi yitirdim yöne yalbaryan sen hem meni yitirme