Bizem il ugruna gutlaýalyñ :))

Salam hormatly agza!
Täze ýyla höwes bilen garaşýañmy, munuñ üçin içiñde joşgun duýýañmy ýa senem meniñ ýaly bu güni adaty gün hasap edýäñmi, onçasyny-ha bilemok. Şeýle-de bolsa bu meni töweregimdäkileriñ ählisini gutlaýşym ýaly senem gutlamak islegimden mahrum etmeýär.
Aklym bu gün "Biz ýitirip düşünýäris bu dünýä" diýen Gurbannazary dolulygyna ykrar edýär. 2022 ýitgilerimiñ meni kämilleşdiren ýyly boldy. Men häzir sözüñ doly manysynda ulalanlygymy duýýan. Saña-da ýitgisiz kämillik getiren ýyl bolandyr diýip umyt edýän.
Öñler her Täze ýyl gijesi arzuwlarymy ýazardym. Emma bu ýyl mende şol kämilligiñ getiren kaýyllygy bar. Men bu ýyl ykbalymyñ eçiljek ähli gazançlaryna, ýitgilerine kaýyl. Şeýle-de bolsa seniñ üçin käbir zatlary umyt-arzuw etmekçi.
Täze ýylda her bir alan demiñ gadryny bilip ýaşamak miýesser etsin!
Saglygyñy ýitirme eger ýitiren bolsañ, saglygyña gowuş!
Her gün gapydan gireniñde seni garşylajak agzybir maşgalañ bolsun!
Ýüregiñ çuñluklarynda beslän arzuwlaryña ýet!
Hemme zatdan möhümi ýaşaýan her bir minudyñ gadryny bil!
Täze ýylyñ gutly bolsun!
7 лайков 208 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmall
31 дек 2022, 12:51
Hemmämiziñki gutly bolsun
kesirkelle
31 дек 2022, 13:03
??gowy ýazylypdyr?
#B.S
31 дек 2022, 13:15
Паат девонаии чии ту аклатро хурдаи?
Belki
Автор 31 дек 2022, 13:15
Täze ýylda Abaddondanam haýyşym bar. Meñ like we mowzuk pozmak, üýtgetmek funksiýalarym işlänok. Täze ýylyma şolaryñ işlemegini sowgat etse begenerdim :)
Belki
Автор 31 дек 2022, 13:17
Khanture, sögeñok dämi? :)
#B.S
31 дек 2022, 13:40
Belki,
Aklyň ýerindemi? Diýdim
Belki
Автор 31 дек 2022, 14:05
Khanture, sebäp? Ýerinde däle meñzeýämi?
#B.S
31 дек 2022, 14:09
Belki,
Ýöne ýazdym üns berme. Täjik kursdaşym şu sözleri köp aýdansoň kellede galypdyr ?
Belki
Автор 31 дек 2022, 14:11
Khanture, bolýa.
Täjikçemi ol söz?
#B.S
31 дек 2022, 14:21
Belki,
Howwa
Maksat
01 янв 2023, 10:29
Salam siziñem täze ÿylyñyz gutly bolsun.