Göwreli gelniň synasyndan çykan owaz

GÖWRELI GELNIŇ SYNASYNDAN ÇYKAN OWAZ

Görjegim görgi bolsa,
Etjegim bergi bolsa,
Ýuwutjagym mergi bolsa,
Depämde gyrgy bolsa,
Näme etjekdiň, eje jan,
Meni dünýä getirip?!
Gaýrat et-de, dyn menden,
Dogurmankaň ýitirip.
Öňi-soňy ýanjagym
Dowzahyň ody bolsa,
Iň mes günüm iýjegim
Sogandyr kädi bolsa,
Müň ýalbarýan, eje jan,
Meni gorpa iterme!
Diri dogurjak bolup,
Mundan artyk göterme!
Azmy öňki gedaýlar,
Ýene birin getirme!
Soň emme diýp çyrlamda
Ahmyr edip oturma!
Öň zordan gezip ýörsüň,
Galan ömrüň ýitirme!
Millet gul ýaly bolsa,
Bir baýyň maly bolsa,
Türmeler doly bolsa,
Söýjegim loly bolsa,
Eje, meni synaňda
Dokuz aýlap saklama!
Meni öz eliň bilen
It öňüne oklama!
Birden diri dogaýsam,
Käbäm, boýnumy sogur
Ýa git-de başyň alyp,
Başga bir ýurtda dogur!

Şiraly NURMYRADOW.


Çeşme: kitapçy.com
13 лайков 332 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garabufer
16 май 2022, 00:33
Şükür ediň
Mümkin
16 май 2022, 05:56
Menem şuny kän oýlanýan.Gününe talaban ene-ata zada zar etmän,täze bir talaban ýetişdirýär.Soñ ol talaban ulalyp ýene bir talaban ýetişdirýär.Nesil dowam edýär diýäýmeseñ başga näme utulýar?
Caspian
16 май 2022, 06:57
Belki taze çağa oye rysgal getirer uytgeshik zehinli bolmagy mümkün. İndi name diysekde dowur uygani bildiryar İnternet gowu zat doğru ulanyp basharsak. Diyjek bolyan zadym Garyp bilimsiz Ene Atadan bolyan cagalaram öz erjelligi bilen , bir ishin bashyn tutma mumkinciligi bar . Mysal getirsem Oğlanlar tehnika bolsun tehnalogiya bolsun bir zada howesi bar bolsa onki dowur yalı gidip bir ussadan talim almak , yada shol ugurdan okamak hokmancyly aradan ayrylyp baryar Google dayimiza yuzlenyas izi aydyp beryar . Dine yaltanmazlyk erjellik gerek . Bolmadymy yemede bolmadymy yenede esasy shol çağa yazyp bilse geplap bilse hudayin berdigi .
Caspian
16 май 2022, 07:07
On bir yerde okapdym shu interneti hemme yurtlara hokman ullanmaly eden bir topar bar dünyan yüzünde diyip. Bilmedim yewreyler diydimi ya masonlar diydimi , hayda koreya yalı yapyk dowletlere de ullanmaga mejbur etdi diyip.
Doğrudur bir zatdan cekinjesi bir zatdan gorkusy bolmasa öz halkyna kast edip Maldan beter saklajak liderler bar . Muny yatlamagymyn sevabı öz yurdun siyasatyndan wagytlayin hakimiyetden gorkup zuryat ondurmekden gorkup yormeli dal. Alla beyik bize oslanmadyk yerimizden Garashmadyk adamlarymyzyn üstü bilen goltgy berer.
Garabufer
16 май 2022, 09:22
Mümkin,
Oylanara zat yok , düzilşi şeyle yalançyň
Mümkin
16 май 2022, 09:33
Garabufer,
Durmuş manysyz.
Hiayress
Автор 16 май 2022, 09:37
Garabufer,
Ýalançynyň düzilşimi ýada käbir režimleriň düzülşi?! Mysal üçin: Şwesiýa, Şwessariýa, Kanada, Awstraliýa, Finlandiýa döwletlerem şu ýalançy dahyl ýurtlar.
Durmush
16 май 2022, 10:13
Şiralyň gowy goşlyrary baraý
Garabufer
16 май 2022, 10:52
Hiayress,
Kimiň gadry bardyr çarhyň ýanynda, Ýusupny gul eýläp satdy ýaranlar


Günde kyrk at bezäp berdiň karuna
Musa mydar etdi ýeke har bilen .



Mynasyp bolsaň şo ýurtlarda dogulardyň, dälsiň dogulan dälsiň .


Iň dogrysyny O bilýändir agam
Garabufer
16 май 2022, 10:56
Mümkin,
Durmuş manysyz.

Gözleýän zadynyň nämedigni bilmeýän,
Ony tapan soňam düşinmez .


Oýuna düşinmän ,gyrada duran çagajyga . Oyun manysyz bolýar.
Melike
16 май 2022, 12:03
Garabufer
Mümkin,
Durmuş manysyz.

Gözleýän zadynyň nämedigni bilmeýän,
Ony tapan soňam düşinmez .


Oýuna düşinmän ,gyrada duran çagajyga . Oyun manysyz bolýar.

brawo
Hiayress
Автор 16 май 2022, 12:22
Garabufer,
Mesele ýerde däl, ýurtda-da... Mesele adamlarda we olaryň düşünjesinde. Musa Faraonlaryň arasynda önüp ösdi we özüni hiç zatdan çäklendirmedi, Ýusup Faraonlary gulluk etdi we ýedi ýyl açlykda Müsür halkyny ýesir aldy. Ýusubyň ýesir eden kowumdaşlarynam Musa halas etdi. Indi bular ýaly taryhy wakalarda herkim öz bähbidine garaýar, herkim özüni ýa-da ynanjyny aklap biljek epizody ylahylaşdyrýar. Dünýä Gudrady Güýçliniň emri bilen dolandyrylanda deňsizlik bolmazdy we taryhdaky zalymlar ýagşyzadalara öwrülmezdi.
Mümkin
16 май 2022, 13:02
Garabufer,
Men näme gözleýärkäm?
Esma
16 май 2022, 20:04
Goşgyny halamadym.
Ýogsam Şiralynyň goşgularyny oňat görýänem welin.