Men-menlik

Şabadyň boýundan ýöräp gelýän men-menlige gözüm düşdi. Tüýs men-menlik diýseň men-menlik-dä. Ýüzini göge tutup, saýawanyny pyrlap, el torbasyny galgadyp, Pariž podýumlaryna çykan model ýaly gaýşaryp ýöräp gelýär. Owadanam-da ýerçeken. Bolmasa beýle men-menem bolmazdy welin... Biraz saklanyp töweregine göz aýlady. Gapdalyndan ötüp barýan adamlara göýä dünýäň eýesi ýaly seredip: "He-e-eý, adamjyklar, sala-a-am" diýip batlyrak seslenip, elini salgady. Olaryň näme diýenini diňlejegem bolmady. Suwsady öýdýän, suwly gapdaky galanja suwy içdi-de, eliniň ugruna Şabat kanalyna oklap goýberdi. Öz ýanyndan eden işine begenip, ýöräberdi. Ahyry köprä ýetip, ortasyna baryp durdy-da: "He-e-ey, Şaba-a-at, sen ulumy, men uly-y-y?" diýip gygyrdy. Içinden bir ses: "Sen uly, sen uly" diýýär. Soňam el torbasynyň içindäki ulanylan el süpürgiçleri, çeýnelen sakgyçlary, boşan kosmetika gaplaryny suwa zyňasy geldi. Şol wagt ganatlaryny kakyp sag tarapda perişdejik peýda boldy-da:
—Saklan, beýtme, suwy hapalama. Han-ha ýörite zibil gutusy bar-a.
Şeýtan seredip durarmy?! Şahjagazlaryny jontardyp, çep tarapdan geldi-de:
—Şo samsygam diňläp dursuň-aý, zibil guty ho-o-ol aňyrda. Ýöräp nä azaryň. Zyňyber, suwdyr-da, akar gider.
El torbasynda ýygnanan zibilleri suwa zyňyp, ýene ýüzüni göge tutdy-da ýoluny dowam etdi. Ýöräberdi, ýöräberdi, ýöräberdi...
Men-menlik ýuwaşlyk bilen gözden gaýyp boldy. Nirä gideni belli däl.
Şabat bolsa öz-özüni arassalap, pesaýlyk bilen henizem akyp dur.
4 лайков 111 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.