DIWANA GELDIM ÝANYŇA

Söýgüli Pygamberimiz Muhammet Sallallahu Aleýhi Weselleme


Bu gün senden haýyr-rehnet,
Görmäne geldim ýanyňa.
Derdim üçin dost Muhammet,
Dermana geldim ýanyňa.

Daglar aşdym beýik-beýik,
Bolşum görseň ne aýyp.
Aýak ýalaň, saçym ýaýyp,
Diwana geldim ýanyňa.

Gör, nije ýyldyr sypmadym,
Nebsiň atyny çapmadan.
Gözledim haýyr tapmadym,
Yhsana geldim ýanyňa.

Bolup dünýäň telwasy men,
Hem şermende, hem asy men.
Bagtsyzlaryň patyşasy men,
Permana geldim ýanyňa.

Kişdim batdy, çökdi salym,
Hiç düzelmedi bet pälim.
Günäkär ymmatyň halyn,
Sormana geldim ýanyňa.

Owal diňlärdim sähne deý,
Men binamazlar söhbetin.
Ah, ýol ýitirdim Ahmedim,
Haýrana geldim ýanyňa.

Kalbymy çäkledi gitdi,
Özüni aklady gitdi.
Yşk meni ýoklady gitdi,
Armana geldim ýanyňa.

Indi, panyň tutan toýun,
Terk etdim meýlisin, meýin.
Sensiz bu jany nädeýin,
Gurbana geldim ýanyňa.

Şähribossan GELDIMÄMEDOWA/font]
5 лайков 120 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Elif
14 июн 2023, 21:06
Mende sag bolsun, haladym diyip bolanok eken. Sag bolun paylasanynyza, gowy goryan goshgym
Suleyman
15 июн 2023, 05:23
'Geldim ýanyňa' bolanda, Medinä guburynyň ýanyna bardygyňyz bolýarmy? Ýa göçme manyda "ýanyňa al', 'ýanyňa çagyr' diýildigimi?