Paper town Part III

Kagyz şäherjigi

(hekaýa)
III bölüm
Olar dolmuş zenan şekiljigiň daşyna üýşdüler
- O nähili?
- Gidýäsmi indi öýümize?
- Hudožnik aýtdymy? – ýaly soraglar bilen dolmuş zenan şekiljigi gurşap aldylar. Dolmuş zenan şekiljige her bir soraga reaksiýa bermek aňsat düşenokdy. Sebäbi entek birini doly tamamlap ýetişmänkä, başga reaksiýa geçmeli bolýardy. Eger adaty adamyň ýüzi bolan bolsady, onda bularyň her bir soragynyň yzyna dürli reaksiýalar bilen eýerip bolardy. Ýöne olar kagyz şekiljikleri bolany üçin derrew çekilen görnüşlerine gaýdyp gelýärdiler. Dogrusyny aýtmaly bolsa, olarda sanaýmalyja tertipdäki emosiýalar we emosiýalaryň şekilleri bardy. Hiç bir zat çekilen görnüşini üýtgedip ýa doly ýitip gider derejede ýok edip bilmeýärdi. Şeýlelikde, kagyz şekiljikleriniň gynanjak ýa begenjek, ýa haýran galjak, ýa gaty görjek pursatlaryny adaty adamlardan biri göräýse, örän gülkünç hala düşerdiler. Bu, hamana, nämedir bir zady başarybam şony etmäge mümkinçiligiň bolmaýşy ýaly içýakgyç hem-de kejikdiriji ýagdaýdy. Kagyz şekiljiklerinde öňki durmuşyndan galan belli – belli duýgular entekler ýaşaýan bolsa, onda ol sözüň doly manysyndaky duýgy däldi. Bu duýgy adamlarda bolşy ýaly müňlerçe hereketlerdir mimikalardan mahrumdy. Kagyz şekiljiklerinde diňe adamlaryň örän äpet duýgy hökmünde kabul edýän duýgularynyň “adyndan” sähel gowragy ýaşaýardy. Bu bir bitin çöregiň owuntyklary ýaly, gara dagyň bölegi ýaly, giden ummanyň damjasy ýaly bir zatdy. Eliň aýasy ýaly kagyz şekiljikleri şonuňam zordan hötdesinden gelýärdiler.
- Hudožnigi ýer ýuwutsyn ylaýym – diýip, dolmuş zenan şekiljik gygyrdy. Soňundan aýtmasyz bir zady aýdan ýaly üşerildi. Ol beýleik kagyz şekiljiklerinde hiç hili täsir görmänsoň, öz aýdan sözleminiň manysyna doly düşünmeýän kişi bolup ýylgyrdy. Ýöne kagyz şekiljikleriniň hiç hili reaksiýa bermän, edil dilleşen ýaly bir görnüşde durmaklary, hakykatdanam, geň ýagdaýdy. Bu, bir tarapdan, olarda bar bolan “ujypsyz” duýgularyňam sagatsaýyn öçýänliginden habar berýärdi. Ynha, basym olar düýbünden duýgudan mahrum şekiljige öwrülerler, şonda näme bolar? Olar nädip gep-üýn alşarlar, nädip adama öwrülmek, öýe gitmek baradaky pikirlerini amal edip bilerler. Onsuzam, olaryň arasynda hiç zada düşünmeýän mahluk ýaly şekiller az däl ahyryn. Zenan şekiljik:
- Men tansçyda gördüm, onuň hakyky gözýaşlary bar. Diýmek, diýmek – diýip, ol yzy ýadyna düşmeýän ýaly sägindi.
- Bizde-de bardyr diýjek bolýaňmy? – diýip, erni göwnüýetmez ýylgyryşdan gutulmaýan ýigit sorady.
- Men näme diýjek bolýanymy bilemok – diýip, zenan şekiljik dymdy. Ol şo pursat ullakan kemterlik duýdy. Oňa kagyz şekiljiklerinden bir zat ýetenokdy. Ol bir zadyň kem-kemden ýitip barýanyny duýup, oňa garşy hiç zat edibilmerin öýtdi. Onuň elinden gelýän bolsa, häzir hemme şekiljikleri şo ýetmeýän zadyň gözlegine çykarardy.
- O bir diýmäýin diýsemiň pylanysy ahyryn – diýip, erni göwnüýetmez ýylgyryş bilen çekilen ýigit entekler köşeşmänidigini bildirdi. Başga wagtda ýerli-ýerden seslenýän şekiljikleriň barysy uly dymyşlygyň agzalary ýaly geplänokdylar.
- Bir gözýaş bilen öýe gidip bolmaz. Bize galam gerek – diýip, kellesi kel şekiljik dolmuş zenan şekiljige dözmänmi ýa dymyp durmakdan ýadapmy gürledi. Ýöne onuňam indi öňküler ýaly işjeňlik görkezmejekdigi, ýuwaş-ýuwaşdan “doly kagyza” öwrülip, iň soňunda ummana tarap uçup gitjekdigi bildirýärdi. Kagyz şekiljikleri bir zatlar etmelidi. Olary bu şäherjige şekil taýdan doly kagyz edip, duýgy taýdan bolsa, enteklerem esasy duýgulary duýmagy başarýan hökmünde oklamaklary barypýatan adalatsyzlykdy. Mundan-a aýylganç tejribeleri geýirýänlaram gowurakdyr diýen pikileri bardy. Heýem bir zady “öldüm-öldüm-de” saklamak bolarmy? Onsoňam, indi olary hiç bir zat halas edip bilmese gerek. Sebäbi şu şäherde kagyzyň ömrüniň nähilidigini bilmeýän barmy näme? Olar ujypsyz şemala-da zordan tap getirýärler ahyryn. Olam bilelikde toplanyp, edil daş ýaly agrama geçýänleri üçin saklanýarlar. Gar bilen ýagyş bolsa hiç haçan ýaganok diýen ýaly. Iň bolmanda şu şäherdäkileriň 99 göterimi entek gardyr ýagşy görmedi.

(Dowamy bar)

Bägül ATAÝEWA
0 лайков 53 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.