Sümer Plita ýazgylary (4-nji plita) /-5 dowamy

SÖZ GEZEGI ANUDA

Alalu sözüni tamamlanyndan soň hiç kimden ses çykmady. Soňra Anu: ''Asylly nebereden gelen kanuna görä göreşip tagta eýe boldum. Sen bolsa ujudymy goparyp ýuwtdyň, neslim dowam edip bilmez...'' diýdi.
Enlil: ''Günäkär, günäsini boýun aldy; höküm çykarlyp jezasy ölüm bolsun...'' diýdi. ''Ölüm'' diýdi Alalgar. ''Ölüm'' diýdi Abgal. ''Ölüm'' diýdi Nungal. ''Iň soňam Alalu öläýmeli, ýuwdan zady ony iru-giç öldürýär'' diýdi Enki. ''Ajaly gelýänçä tussag edeliň'' diýdi Anzu. Anu bolsa olaryň aýdanlaryny diňläp pikirlendi.

KARAR KABUL EDILÝÄR, ALALU MARSA ÄKIDILÝÄR

Hem gahara hemem agyrysyna çydamadyk Anu ''Uzaklaşdyrylyp sürgün edilsin, jezasy budur'' diýdi. Oturanlar haýran galyp biri-birine seredişdiler. ''Anu nämeler diýýär'' diýişdirler. Anu ýene: ''Ol Nibirudanam, Ýerdenem çetleşdiriler. Ýol ugry Lahmu (Mars) planetasy suw bilen atmosferadan doly. Enki heniz Ea adynda wagty ol ýere gonupdy. Onuň çekim güýji Ýeriňkiden has az. Hasap boýunça bu biziň işimize ýarar. Alalu asman ulagyna äkidilsin. Alalu meň bilen gitsin. Lahmunyň daşyndan aýlaw ederis. Alaluwa asman ulagyny bereris. Lahmunyň üstüne gonsun. Ömrüniň soňky günlerini şol ýerde geçirsin'' diýip Anu haýbatly sözüni soňlady. Alalunyň ykbaly çözüldi, hemmeler muny kabul etdiler. Nungal maňa ýolbeletlik etsin Nibiruwa gidýän ýolda. Ol ýerdenem gahrymanlary äkidip ýene Ýere getirsin. Anzu hem olaryň arasynda bolsun. Lahmuwa gonmaga jogapkärçilik onuň boýnunda...'' diýip Anu sözüni tamamlady. Onuň bu aýdanlary buýruk görnüşindedi. Ertesi gün ýol şaýyny tutup, taýynlyk gördüler. Hemmeler kürsileri bilen ulaga tarap ýöneldiler.

ANU ILKI MARSA GONÝAR, SOŇRA NIBIRUNA AŞÝAR

''Sert, gaty ýerde inmek üçin ýer taýynla'' diýdi Anu Enlile. Soňra sözüni şeýle dowam etdirdi: ''Lahmuda (Marsda) gonalga üçin ýer, oňaýly şert taýynla'' diýdi. Olar peýwagtyna, hoşlaşdylar. Anu taýynlanyp mündi ulaga. Elleri bagly halda Alalu hem mündi. Soňra asman ulagy uzanyp, süýnüp gitdi. Olar aýyň daşynda bir aýlaw etdiler, Anu onuň täsin görnüşine haýranlyk bilen seretdi. Gyrmyzy reňkli (Mars hakykatdanam gyrmyzy reňkli planetadyr) Lahmuwa tarap ýola düşdiler, onuň daşyndan iki aýlaw etdiler. Bu planetanyň üstüne gonuş wagtynda başy göge direýän daglar we ýüzi ýyrtylan ýaly ýerler hemmeleriň ünsüni çekdi. Eanyň birwagtlar gonan ýerine seretdiler, bir kölüň kenarydy. Ulag Lahmunyň çekiş güýji tarapyndan pessaýlady. Ulagyň içindäki asman otagyny taýynladylar. Şol wagt hem ulagy dolandyrýan Anzunyň agzyndan hiç kimiň oýuna-küýüne gelmejek sözler çykyberdi.

ANZU MARSDA ALALU BILEN BIRLIKDE GALJAKDYGYNY AÝDÝAR

''Lahmunyň gaty şert üstüne Alalu bilen birlikde menem gonjak, asman otagy bilen dolanyp barmagy göwnämok. Bu nätanyş planetada Alalu bilen birlikde galjak. Ölýänçä ony gorajak. Içindäki ujyt ony öldüren wagtynda ony patyşalara laýyk dessurda jaýlajak. Özüm hakda aýdanymda men işimi ýerine ýetirdim; Anzu, hemme zadyň bolup geçendigine garamazdan hökümdar çetleşdirilip sürgüne ýollanan wagty oňa ýoldaş boldy, beýlekileriň gormedigini gördi, keseki planetada bilinmedik zatlary öwrendi.

ANU ANZUNY SYLAGLAÝAR

Anzu gahrymanlarça ýogaldy diýsinler...'' Alalunyň gözlerinden ýaşlar akýardy. Anunyň ýüreginde bolsa haýranlyk bardy.
''Aýdanlaryň ýerine ýetirilip, hormatlanarsyň'' diýdi oňa Anu. Soňra ol sözleriniň üstüne şulary goşdy: Şu ýerde saňa bir söz bermäge rugsat ber. Elimi galdyryp ant içýärin saňa, soňky ýolçulykda bir ulag Lahmunyň aýlawyna girer, ol saňa asman ulagyny ugradar. Eger diri galan bolsaň ol seni tapar we men seni Lahmunyň hojaýyny diýip yglan etjek. Lahmuda gonuş aerodrom gurulanda serkerdesi sen bolarsyň...'' Anzu başyny egdi. ''Şeýle bolsun...'' diýdi Anuwa.
Alalu we Anzu asman ulagyna mündüler, bürgüt şekilli skafandra we balyk şekilli geýim berildi. Azyk-owkat we gerek-ýaraklaryny ýanlaryna aldylar. Asman ulagy aýlaw çyzan Ulagdan aýryldy. Onuň gonuşy ulagdan syn edildi. Gözden gaýyp bolanyndan soňra ulag Nibiruna bardy.
Dokuz şarlap (Her şar 3600 Ýeriň ýylyna görä) Nibiruda hökümdardy Alalu. Sekiz şar boýunça Eriduda serkerde boldy. Dokuzynjy şarda bolsa kysmatyna Lahmudan sürgün edilen wagty ölmeklik ýazylypdyr.

ÝERDE WE MARSDA LABARATORIÝALARYŇ GURULMAGY BAŞLANÝAR

Bu ýazgylar bolsa Anunyň Nibiruna dolanyp barmagynyň, Alalunyň Lahmuda nädip jaýlanýandygynyň; Enliliň Ýere gonuş aerodromyny nähili gurýandygy hakynda bolup geçer.
Nibiruda Anu hoşniýetli garşylandy. Nämeleriň bolup geçendigini Anu mejlisdakilere we şazadalara aýdyp berdi. Olardan ne ar alyş ne-de ötünç talap etdi. Hemmesine geljekdäki alynyp barylmaly işler üçin hasap-hesip talap etdi. Ýygnananlara göwrümi uly bolan plany aýdyp berdi: ''Nibirudan Ýere çenli Gün maşgalasynyň hemmesini ýeke-täk patyşalyga birleşdirip biljek gonuş aerodromlar gurmaly. Birinjisi Lahmuda gurlar, Aý üçinem aýratyn gonuş plany düzülmeli. Beýleki planetalaryň ýa-da olaryň daşynda aýlanýan hemralaryň üstünde hem gurulmaly. Yzygiderli bir ulag kerwenini goraýan we garşylaýan gonalgalar gurulmaly. Ýerden altyn hiç kesilmezden şeýdip daşalmaly Nibiruna, başga planetada altyn tapylaýsa şansymyza...
Maslahatdaşlar, şazadalar, alymlar Anunyň planlarynyň üstünde pikirlendiler. Nibirunyň abadançylygy onda ýaşaýanlaryň umyt gözlerini açýýardy.
Alymlar we serkerdeler gök Taňrylara degişli maglumatlary ýalňyşsyz öwrendiler.
Ulaglara we asman gämilerine täze görnüşli roketa gämiler ýerleşdirildi. Wezipe başyna geçmek üçin öwredilen gahrymanlar saýlanyldy. Bu planlar Enkä we Enlile ses üsti bilen ugradyldy. Ýerdäki taýynlyklary çaltlyk bilen ýerine ýetirmekligiň gerekdigi aýdyldy. Ýerde nämeleriň bolandygyna we nämeleriň edilmegiň gerekdigine degişli meseleleriň üstünde durlup geçildi.
Enki Alalgary Eriduna oruntutary edip belläp Abzuwa tarap ýöneldi. Ýeriň çuňlugyndaky altynlaryň nirelerden çykaryljagyny bellige aldy.
Gahrymanlara haýsy wezipeleriň beriljegini, haýsy gerek-ýarak zatlaryň gerekdiginiň hasaplamak gerekdi.
Enkiniň bir amal üstünde işlemegi netijesinde ýer ýaryjy gurnaldy. Onuň Nibiruda taýynlanmagyny isledi. Aýratynam ýerde bir ýaryk açmak we onuň içki gysymlaryna tunel ýoly bilen geçmek üçin Titredip deşiji we Ezeni oýlap tapypdyr. Nibiruda Abzu üçin taýýar edilmelidi. Nibirunyň alymlarynyň düşünjeli pikirlenmekleri üçin başga soraglar hem sorady.

ÝERDAKI GAHRYMANLARYŇ ÄTIÝAÇLY GEREK ZATLARY, ÄLEMIŇ ÜSTÜNIŇ NIREDE GURULJAKDYGY ÝALY MESELELERE ÇÖZGÜT TAPYLÝAR

Gahrymanlaryň saglygy we salamatlylygy üçin gerekli zatlaryň spisogyny çykardy. Ýeriň tizligi we aýlawlary gahrymanlary biynjalyk edýärdi. Ýeriň tiz üýtgäp durýan Gün we Gije (Aý) döwürleri olary ala-sarmyk ýagdaýa getirýärdi.
Atmosferasy gowy bolmagyna garamazdan käbir zatlary ýeterlik däl, käbir zatlary bolsa artykmaçdy. Gahrymanlar iýmitiň şol bir iýmitden ybaratdygyndan şikaýatçydylar. Serkerdeleri Enlil Günüň we Ýer üstüniň gyzgynlygyndan erbet täsirlenipdi.
Serginlik we kölege gerekdi. Enki taýynlyk görýärdi Abzuda. Enlil bolsa Gökgämisi bilen Ediniň giňişligini uzaltýardy.
Daglaryň we derýalaryň sanlaryny belleýärdi. Jülgeleriň we obalaryň ölçeglerini aldy. Gonuş ýerini nireden gurjakdygyny roketa gämileriniň ýeriniň nireden guruljakdygyna degişli amatly ýer gözlenilýärdi. Enlil Günüň gyzgynlygyndan erbet täsir duýýardy. Serginlik we kölege gözleýärdi.

SÜMER PLITA ÝAZGYLARY

Terjime eden: @Jeksparro


ZAKARIÝA SEJIN

0 лайков 68 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.