Paper town Part IV

Derwüş ýa jadygöýdür öýdülýän garry birwagt kagyz şekiljiklerine ýagşyň nähili hadysadygyny gürrüň beripdi. Ol “Men güýçli ýeli hem gördüm, ýagşy hem gördüm” – diýip gaýtalaýardy. Bu hadysalaryň ikisiniňem kagyz şekiljikleri üçin ahyrzaman bolup biljekdigini nygtaýardy. Kagyz şekiljikleri ondan ýene-de birwagtky günleriň wakalaryny gürrüň bermegini, ýagyş ýaganda nähili howpuň abanýanydygyny aýtmagyny islediler. Ýöne jadygöýdür öýdülýän derwüş barha düşnüksiz zatlary samraýardy. Soragyňa jogap bermän, ýok zatlardyr ýok ýerlerden tutdurýardy. Bu ýagdaý kagyz şekiljiklerini ruhdan düşürdi
- Bu alasamsygyň bilýän zady ýok – diýip, kel şekiljik jibrindi. – men size aýtdym-a galamy tapalyň diýip
- Alaýdyň şo galam diýip
- Galam gutardy
- Meni galam edip düýrleseň bolanokmy?
Şu soraglardan kagyz ýüzlüleriň nähili ýagdaýdadygyny bilmek mümkindi.
- Bu şo şahyr bilen düşünişýär – diýip, şekiljikleriň kelte boýlusy ümledi. – Biz ilkinji nobatda kimdigimizi anyklamaly bu bir, ondan soň nädip bu ýere düşenimizi anyklamaly bu iki, nädip bu ýerden çykjagymyzy anyklamaly bu üç
- Hudožnigi tutup, ýesir almaly bu dört- diýip, erni göwnüýetmez ýylgyryşly şekiljik hikirdedi. Şeýlelikde, kagyz şekiljikleri wagt ýitirmezligi karar etdiler. Sebäbi wagt geçdigiçe, olaryň öňküligi gutarýardy. Wagt, megerem, kagyz şekiljikleri üçin birinji duşmandy. Olar eger çäresini tapmasalar jadygöýdir öýdülýän şekiljik ýaly duýgudan mahrum bolup, dilden-agyzdan galjakdyklaryny bilýärdiler. Şonda olara diňe bir ýol galýardy. Ol ýolam dört tarapyny umman gurşap alyp durka, ummandan başga hiç ýere eltenokdy. Onsoň olaryň bary kagyzlarça möwritini geçiräýse, Hudožnik olaryň baryndan dynyp goýberer diýen gorkulary bardy. Sebäbi olar kagyz şäherine diňe düşüp bilipdiler, ondan bolsa diňe ummana tarap çykyp bolýardy we kagyz ömrüňi suwuň içinde eräp gutaryp bolýardy. Şeýdip, sen baky ümsümlik bilen goşulyşýardyň we ýer ýüzünde, hatda, seniň birwagt bolandygyň jinnek ýalyjygam alamatlary galjak däldi. Kagyz şekiljikleri bolsa birwagt adamlar bolandygyny bilýärdiler. Olar adamlaryň üýtgeşik gurluşa eýedigini we kagyzdan müň esse güýçlüdiginem bilýärdiler. Ýöne, olarda şondan başga hiç hili maglumat ýokdy. Olar diňe “Sen pylanysyň” diýip çaklap başarýardylar, ýöne onuňam aslynda barypýatan jypdyrma bolmagy mümkindi. Kynçylyk döredýän ýeri, bu kagyz şekiljikleriniň dürli görnüşlerde çekilen bolmagydy. Hudožnigiň haýsy sebäbe görä olary saýlap alandygy ullakan syrdy, sebäbi onuň kagyz şäheriniň ýaşaýjylaryna öwren şekiljiklerinde ne daş-keşp babatda, ne içki dünýä babatda, ne duýgy, ne ylahy pikir, ne täze gözýetimlere bolan çagyryş babatda meňzeşlik bardy. Kagyz şekiljikleriniň her biri edil Nuhuň gämisiniň agzalary ýaly dürli-dürli toparlara degişlidi, ýöne Nuhuň gämisine-de her görnüşden jübüt bolup ýygnanypdylar. Bular bolsa ýekedi. Hawa, kagyz şekiljikleri diňe gorky duýgusy sebäpli bileleşen bolýardylar, ýöne içlerinden olar aýylganç ýalňyzlykda ýaşaýardylar. Indi bolsa şo ýalňyzlygyň diňe jadygöý ýa derwüşdir öýdülýän şekiljik bilen kanagatlanman, olary hem öz goýnuna dolap aljakdygy düşnükli zatdy. Galyberse-de, myş-myşmy ýa hakykat, belli däl welin, olar kagyz şäheriniň “baky” ýaşaýjylary hem däl bolmaga çemelidi. Sebäbi kimdir bir şekiljik örän işjeň, ýöne gizlin ýagdaýda “Siziň wagtyňyz bolup gelýär. Hudožnik täze kagyz şekiljiklerini getirmekçi” diýen gürrüňleri ýaýradýardy. Onsoň, bu şäherde täze kagyzlaryň erasy başlanyp, köne kagyzlar üçin bolsa ýer darlyk etmelidi.

(dowamy bar)
Bägül ATAÝEWA
0 лайков 50 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.