Tymsalda many bar...
Haýsydyr bir sergezdan bolup,entäp ýören şemala goşulyp,belende göterilen Çaň-tozan:
-Ura,tutuş dünýäni eýelemeli bolduk-diýip ,äleme jar saldy.Az kem ýagyş sepeledi welin,ondan nam-nyşan galmady.
***
-Ine ,seret kebelek gelýär,ol hemişe meniň daşymda perwana bolýar-diýip,Gyzyl gül Ak üle ýüzlendi.
-Hawa,ol kim gözüne görünse ,onuň daşynda perwana boluberýär.Ine,görersiň, häzir senden dönüp,meniň ýanyma geler-diýip,Ak gül jogap berdi
***
Otuz iki dişiň ählisi düzüm bolup,biri-birine daýanyp, biri-birini söýegläp durýardy.Haýsydyr bir sebäbe görä dişleriň biri döwüldi-de,onuň ýeri boşap galdy.Soňra beýleki dişler hem yzly-yzyna hatardan çykdy...
***
Eýlenmedik deri kagyza:
-Örän ýuka görünýäň-le,Kagyz ? Senem bir derde ýararmykaň ?-diýdi.
Kagyz sesini çykarmady.Ýöne ol köp wagt geçmänkä,kitap bolup elden-ele geçdi.Eýlenmedik deri bolsa köwüş bolup,özüni aýaklaryň astynda gördi...
Çeşme: Garagum

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.