Özüme...

Üýtgäpdir ýüzlerem döwüre görä,
Has alçak, aldajak, ýoljak ýapyşsa.
"Dünýäni suw bassa topuga ýetmez"
diýilýän kişiñem döwri günäläp,
Señrigini ýygyryp, gañyrlyp geçýä.

Şokalad reñine geçen göwünler,
Hapa atylmakdan, çüýredi heñläp.
Ah, enteklerem günüñ çoguna,
Ereýär.
Daşa öwrülen doñlar.

Durmuşda aldanyp, kemi galmadyk,
Agyrsañ-da agyrtmagyn özgäni.
Dünýäni sygdyryp biljek Ýüregim!
Gel!
Ýene,
Aldanmagyñ ýolun gözläli...

© REMEZAN MÄMETGURBANOW
2 лайков 136 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
27 июн 2023, 13:18
Remezan aga familiýaňa näme üçin "Mämetgurbanow" diýip ýazýaň "Mämmetgurbanow" bolmaly dälmi ?

Goşgynyň manysyny haladam ,esasanam başlanşyny . Ýöne kapyýalaýşy göwnüme jaý däldä.
Öwreniji
Автор 27 июн 2023, 13:42
Gerceknazar
Remezan aga familiýaňa näme üçin "Mämetgurbanow" diýip ýazýaň "Mämmetgurbanow" bolmaly dälmi ?

Goşgynyň manysyny haladam ,esasanam başlanşyny . Ýöne kapyýalaýşy göwnüme jaý däldä.

Dokumental şeýle.

Kapiýasy mümkin bir gezekde ýazdymam üstünde işlemekçem bolmadym.