***

Aýtsana gyz nüçin meni söýmediň?
Gözlerimden görmediňmi gaýdymy?
Şunça şygyrlamda beýan etdim-ä,
Saňa bolan göwnelmedik söýgümi.

Aýdaýsana nüçin meni söýmediň?
Ýaşlygmy ýandyryp, ýalbartdyň meni.
Eger sen özgäni halaýan bolsaň,
Göni gözlerime aýtmaly ekeniň.

Besdir, irmediňmi içi tütänden !?
Bolmadyňmy şol ýigide maýyl ýar ?
Onda nüçin gabatlaşsak tötänden,
Gözlerime seredýärsiň naýynjar?

Indi, gabatlaşsak görmän geçsene,
Öň duýmadyň, asla , duýman geçsene
Aýtsana gyz nüçin meni söýmediň?
Söýmän geçsenäý.

© Gerçeknazar AMANNAZAROW

(01.07.2023)
0 лайков 132 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
backsp
02 июл 2023, 15:58
:D
bu dowur pulun, jayyn, masynyn bolmasa gyzlaram soyenok
Gerceknazar
Автор 02 июл 2023, 18:27
backsp
:D
bu dowur pulun, jayyn, masynyn bolmasa gyzlaram soyenok

Söýmän geçsinläý
Kuwwat
06 июл 2023, 06:38
Aha agamjan repekit sanalay betlayow baram gosgulan soz yok?
Gerceknazar
Автор 06 июл 2023, 12:37
HerKimDal,köp sag boluň . Sizi tanamadym-da inim.