IKINJI GÖÇÜM
Tahýamy alyp daş çykanymda, atyzymyzdaky kakam gidenden soň sowuk uran üzüme gözüm düşdi. “Bu ýagdaýy kakama ýetirmelimi, dälmi” diýen düşünjäni akylymdan geçirip durkam, “Şu wagt onuň ne üzüm bilen, ne onuň gurany bilen işi bardyr. Ol diňe sekimiziň üstüni örten üzümiň astynda geçen ýatlamalar bilen gümradyr” diýip, içimi hümletdim. Indi baky bolan kakam şol ýatlamalaryň hasabynyň astyndan çykjak bolup ýatandyr.
Uly ýola ýetmänkäm, on sekizime çenli kakam bilen başdan geçiren gyzykly- gyzyksyz, ajyly-süýjüli günleri ýatlap ýöredim. Ýadyma bolsa şol kişmiş üzümiň örtýän sekimizde kakam bilen oýnalýan şaşkadyr-küştler köp düşýär. Gök çaý bilen keýpini kökleýän wagtyna gabatlap, ýanyna küşti goltugymda gujaklap barsam, göni näme diýjek bolýanymy aňýardy.
Onsoň aklary maňa berip, garalary özüne alyp, çöpleri ýerine ýerleşdirmäge başlaýardyk...
Uly ýola çykypdyryn. Elimi galdyryp ýetişmänkäm, aňyrdan gelýän maşynyň özi durdy:
– Salamaleýk! – Aleýksalam! – Agam, Tagta ýola. – Gitdik!
Ady soň Görogly diýip üýtgedilen bolsa-da, adamlaryň dilinde köne ady entägem dolanyp ýör. Görogly etrabyndaky Ysmamyt Ata gonamçylygy bärden uzagrakdy. Onuň üçin ilki Tagta ýola, ol ýerdenem gonamçylyga tarap ulag çalyşmalydy. Ýerlileň dilinde Ysmamyt Ata diýilse-de, gonam başynyň hakyky ady Ism-i-Mahmytdy. Şol gonamçylygyň ileri ýüzünde öwlüýä diýlip tanalýan Ism-i Mahmydyň mazary hem bardy.
– Oglum, Tagta barýaňmy? – Howwa, nesip boldugyndan gitmekçi öz-ä. – Tüweleme, oba-garamy? – Dädemi görüp gaýtjak.
Şähdaçyk ýaşuly sürüji gürlemegi halaýan eken. Meni kakamyň ýatlamalaryndan alyp çykdy. Menem dymma däl welin, şu wagt barýan ýerim sussumy basan ýaly agraslaşypdyryn. Sürüjiniň şo-ol meni gepledesi geldi durdy.
– Tüweleme, dädeň şol ýerde ýaşaýarmy? – Ýak ýaşuly, ol gaýdyş boldy. Üstüne barýan.
Saçyna ak giren elli ýaşdan aňryny görkezýän sürüjiniň özüniňem iru-giç gitmelidigi ýadyna düşdimi nämemi, biraz dymdy. Ümsümligi uzaga çekmedi:
– Yzy ýarasyn oglum. Ýaşy näçedi?
– Altmyş sekizdi. Ýöne ýaşyň dahylam ýok-da, her kim öläýjek ýaşda. Hany bir baryp gaýdaýyn, aýat-töwir okaýyn.
Tagtaň ulagyna münüp, ýene-de ýola rowana bolduk. Kiçi wagtymda ol ýere, nämüçindir, ejem meni köplenç ýasa alyp gidýärdi. Ýaşym ulalsa-da, haçan Tagta ýola düşsem, ýene-de ýas barmyka diýen pikir häli-şindi kellämde at çapyp ýör. Bir jaýda aglaşýan aýallar, daşarda kelleleri telpekli aşak bakyşyp duran erkekler, uzagrak burçda-da men durun olara seredip. Şäherde önüp-össem-de, elbetde, ata ojagyna gidilýärdi. Ýöne adaty gidilşik ýa az boldy, ýa-da mende hiç hili täsir galdyrmady...
*** – Oglum, öwrendiňmi ikinji göçümi?
– Häzir, azajyk garaş, daş edýen. Ýöne soň öýkelemek ýok.
Kakam bu sözlerime ýylgyryp goýdy. Ol şaşka oýnanymyzda her gezek meni utýardy. “Utulan göreşden doýmaz” diýleni, menem: “Şu gezek hökman utaryn. Hany ýene oýnaly!” diýip, täzeden başladardym. Ol her gezegem: “Ikinji göçümi bilmeseň, utularsyň!” diýýädi. Ah, şol ikinji göçüm...
Men şaşkada üçünji-dördünji göçümlerem bilýärdim. Küşt oýnanymyzda hem mundan kem däl. Ýöne şu kakamyň agzaýan arzyly ikinji göçüminiň arkasynda nämäň ýatandygyna şol wagtlar ýalňyş düşünipdirin.
– Hany onda, düz!
Kakamdan bu sözi eşitmek diýseň begendirijidi. Ol muny keýpiniň çag wagty hemem maňa bir zat öwredesi gelen mahaly dile getirerdi. Utaryn öýdüp garalary saýlardym şeýle pursatlar.
Ynha-da, kakamyň çagalyk bilen ýaşlyk döwrüniň geçen Tagta etraby. Indi kakam has köp ýadyma düşüp ugrady. Ol nämüçin şähere göçmäge mejbur bolduka? Ejem aýtmyşlaýyn, ýetmişinji ýyllaryň başlarynda welaýat gazetinde makala çykardypdyr. “Ýagyş ýagsa, köçelerde ýörär ýaly däl, palçyklar dyzyňa ýetýär...”. Elbetde, onsoň
göçmeseňem göçürerler. “Bar, beýle bolsa şäherde ýaşa!” diýendirler-dä. Iki çagasyny alyp gaýdyberipdirler şähere. Aslynda, gowam bolupdyr şähere gelenleri.
Şäherde mugallym bolup işlese-de, gapdalyndan makala-da ýazypdyr. Çagalarynyň birinden-biriniň žurnalist bolmagyny arzuw ede-ede, ahyry birini şol ugur boýunça daşary ýurda goýberse-de, ol žurnalist bolup işlemedi. Kakam ýa žurnalistikaň asyl manysyny düşündirip bilmedi ýa-da şol käri söýdürip bilmedi. Pensiýa çykandan soňam ýazmagyny goýmady.
Ýöne kakam şäheriň üç gatly jaýynyň ikinji gatyndan öý edinse-de, atyz edinmegem ahmal etmändir. Kiçeňräk atyzymyz, sekimiz, üzümimiz hemem towuk ketegimiz bardy. Towuk sakladyk, Gurbanlyk üçin alnan goýunam şol ýerde daňypdyk. Belkem kakamyň horazyň sesine oýanasy gelendir. Bu-da biziň şäheriň içindäki kiçijik obamyzdy. Kakam, öz kakasy ýaly sekiniň üstünde kölegelemegi arzuw edendir-dä. Ýöne soňa baka “Horazsyzam daňlaryň atýandygyna” şaýat boldyk...
Gonamçylygyň bir ujundan girip, “bütin dünýäň ümsümligini gujaklap ýatan” kakamyň guburyna ýöneldim welin, uzakdan biri meni gördi-de, maňa tarap höküdikledi. Gaharymyň gelendigini aňşyrmady-da, köne tanyş ýaly salam berip, ýaňja ýeten kakamyň mazarynyň başynda oturyp okamaga başlady.
Käbir sözlerinden çen tutsaň Elhamy okaýardy. Ony gutardy-da, Kulhuwallany tutdurup ugrady. Bul iki süräni menem ýatdan bilemsoň, müjewiriň okaýşyna Kulhuwallany okaýandyram öýtmeýäň. Dogry, oba adamy, bu ýere geleni-geçeni ugradyp, çöregini gazanýan eşikleri sal-sal müjewiriň, süreleriň hakyky okalşyny öwrenjek gümany ýokdur. “Diri lezzetden, öli aýatdan” doýmaz diýilýär welin, munuň bu okaýşy, ölenleriň ruhuna nä dereje melhemdi, bu bir tapmaça we şeýle-de galar öýdýän.
Bilýänjesini okap bolan orta ýaşdan agan müjewir, hantama gözler bilen maňa seretdi. Menem ýalňyş däbe eýerip, onuň bu tamasyny puja çykarman, öňüne üç-bäş manat okladym. Belki ol eşiklerimden şäherlidigimi aňşaryp, pullujadyr öýdendir-dä. Soň ýene bir-zatlar okaşdyrdy-da:
– Ýene okaýynmy? - diýip sorady. – Ýok sag bol, özümem okaýyn indi. Arkaýyn işiň bilen boluber!
“Ynha, ikiçäk galdyk, papa! Ne sen meni eşidýäň, ne men seni. Men saňa ne däde diýdim, ne-de kaka. Orsçalap “papa” diýdim. Sen muňa garşam bolup durmadyň. Ýöne, ynan, şol “Däde” ýa “Kaka” diýýenlerden birjigem kem söýemakdym seni. Indi bularyň haýsyny ulanaňda näme, barybir sen ýok, menem seni göremak. Seň ikinji göçümiňem ýatlama öwrüldi, üzümiňem. Asyl şol sekide haçan soňky gezek çaý içenimem ýat bolup gidipdir. Seniň halyň niçik? Hasap-hesip nähili gidýär? Her gije ýatdan çykarman okajak bolýen Fatyham em bolýemi? Jogap hökman däl, düýşüme girip, käte özüňi görkezip durmagyňam ýeterlik. Barybir indi senden öwrenip biljek zadym bolmaz. Ýa-da maňa öwredip ýetişmedik zatlaryň barysy şol ikinji göçümiňde jemlenendir?!.
Ine seň başujyňda durun. Özümem göýä žurnalist. Her näçe “Ata kesbi ogla halal!” diýýenlerini göwnemesemem, görüp ýetişmeseňem, žurnalist bolanyma seniň ýeriňe-de begendim. Döredijilik bilenem meşgullanýen. Gazet-žurnallarda adym çykýe. Ýöne sen ýok, bulary göreňak. Ýeke özüm geldim şulary saňa aýtmak üçin. Bilmesin hiç kim gelenimi, ýene bir zat aýdaýyn, sen gidensoň üzümem gurady.
Türkmençilikde mazaryň başynda gürläp durmagam gowy däl. Ah, türkmençilik. Suwjarmajak bolup dirikäň ene-ataňa: “Söýýen” diýibem bolanak. Erkek bolup beýle diýip ýörmek gelşiksiz ekeni. Ýöne hiç, ynha-da men, ine-de sen. Öz eneň-ataň arasynda ýatyrsyň. Maňa ýerem galmady, körpe ogluňa ýanyňdan ýerem goýmansyň, iň bolmanda bakylyga gidenimizden soň bile ýatar ýaly. Gör-ä, sen ikinji göçümiň aladasyny öňünden edipsiň, hamala. Şol wagtlar göçümiň nähili edilmeligini bilemakdym. Häzirem giç diýersiň welin, gijem däl, irem. Ýöne nämüçin şol günler öwretmediň maňa hakyky ikinji göçümi? Durmuşyň küşt däldigini? Nämäň nämedigini?
Sen indi rahat ýat! Allatagala seň derdiňi ýeňletsin! Bizem dirikäk seni ýatlap durarys. Çagalarymyza tanadarys. Sen dirikäň ogul-gyzlaryň beren jebir-jepasyndan ýadamadyň. Ep-esli çagalary kemala getirdiň, azar baryny çekdiň. Indi bir rahat ýat. Adam oglunyň ýalňyşmeni ýok, ýalňyşlygymyzam boldy, ýaşlyk edişimizem. Sen öňkiň ýaly ýene-de geçirimlik et! Menem bagyşla. Sebäbi seniň göçen şol gijäň ýanyňda diňe men bardym. Dodaklaryňy ölläp, saňa kelemäni aýtdyrjak bolupdym. Senem gaýtalajak ýalydyň göýä. Şol agyr halyňda wagtyňam umydym bardy. Şol gije men irkilipdirin, a sen bolsa, sen bolsa eýýäm amanadyňy tabşyrypsyň, aýtman-etmän. Meniň elimden näme gelerdi. Ezraýyl janyňy almaga gelen mahaly, gapdalyňda oturan esger ogluňa-da, iň körpe ogluň maňa-da nazaryny dikip: “Seňem wagtyň geler” diýip gidendir. Ol ýöne seniň janyňy alyp gitdi, bize bolsa yzyňda galan gözýaşlar goýup gitdi. Soňam näme, ýetimlik galdy.
Ýöne sen alada etme, öwredip ýetişmedikleriňi öwrendim. Men şol ikinji göçümi göçdüm papa, bireýýäm göçdüm, ýalňyş bolsa-da göçdüm...”
Seýran OTUZOW

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.