Üzüm

Üzüm iñ gadymy ösümlikleriñ biri bolup, alymlar onuñ 60 million ýyllyk taryhy bar diýip çaklaýarlar. Üzümiñ peýdaly tarapyny öwrenýän ampelografiýa diýen aýratyn ylmy ugruñ bolmagam, bu miwäniñ adam bedeni üçin örän ýokumlydygyny subut edýär.

Üzümiñ adam bedenindäki gan aýlanyshyk ulgamynyñ kadaly ishlemegine gowy täsir edýär. Düzüminde kaliniñ köplügi sebäpli, üzüm ýüregiñ saglygyna hem örän peýdalydyr.

Üzüm C. B1. B2. P. magniý, kalsiý, marganes, demir ýokumlaryna, pektinlere baýdyr. Onuñ esasy aýratynlygynyñ ýene biri, beýleki ir-iýmishlerde seýrek dush gelýän foliý turshulygyna baýdyr. Ol, esasanam, ýokum ýetmezçiliginden, ysgynsyzlykdan ejir çekýän ýa-da agyr keseli bashda geçiren adamlar üçin diýseñ peýdaly miwedir.

Üzümiñ gyzyl görnüshi ganazlykda, gan basyshy peselende peýdaly. Bulardan bashga-da, ol bushukdyryjy serishde hökmünde ulanylyp, bagyr, böwrek kesellerinde, içgatamada örän ýokumly miwedir.

_______________

Gözellik we sagdynlyk.
17 лайков 115 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aynur
17 авг 2021, 21:06
Like
Maksat
17 авг 2021, 22:00
like