Shugundyr

Ilki bilen bütin ýylyñ dowamynda shugundyryñ öz düzümindäki peýdaly ýokumlaryny saklaýandygyny bellemelidiris. Ol B. P. PP ýokumlaryna, askorbin, karotinoid hem-de folliý turshulygyna, pektinlere, marganes, magniý, kaliý ýokumlaryna baýdyr. Bulardan bashgada glýukoza, fruktoza hem-de beloklara baý önüm.

Shugundyryñ düzümindäki kalsiý, fosfor, demir duzlary bedendäki kalsiý-fosfor alysh-çalshygyny kadalashdyryp, gan emele getirish ulgamynyñ kämil ishlemegine itergi berýär. Shonuñ üçin hem shugundyry ganazlykdan ejir çekýänler köp iýmeli. Bu önümiñ düzümindäki magniniñ bolsa, nerw ulgamyny kösheshdiriji täsiri bar. Shugundyrdaky betain boýuñ ösmegine, pektinler bolsa bedendäki zyýanly serishdeleriñ çykmagyna ýardam edýär.
16 лайков 131 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.