Señ toÿ günüñ...

Seň toý günüň...
Toýlan günüň gaýgymy
Çözläp aldym ýatlamalaň ýumagyn...
Gözleriňde ünji ýokdy jinnegem,
Bagtdan ýaňa al öwsüpdi ýaňagyň.

Bir-bireksiz oňmaýardyk o günler,
Howlugardyk bir-biregi görmäge.
Soň köp aýtdyň unut diýip geçmişi.
Neneň dözjek bal günleri gömmäge?!

Degerli bir bahana-da tapmandyň
Söýgiň soňky nokadyny goýmaga.
Soraglarma jogap bermän dymaňsoň,
Menem artyk söz tapmandym diýmäge.

Şeýdip, ahyrlady söýgi ýodamyz,
Bir-bireksiz oňuberdik soňlaram.
Seň nä halda gezeniň-ä bilemok,
Ýöne welin, wagtyndan ir soňlanan
Söýgi meniň ukularmy ogurlady,
Talaň saldy tüýs wagtyna ýaşlygyň.
Sowuklykdan dünýä indi şeýdibem
Ykballaryň kejir aradaşlygy...

Seň toý günüň...
Bagtly günüň, şat günüň,
Jaýlan günüň umydymyň jesedin,
Giden günüň durmuşymdan sogrulyp,
Gelnalyjyňy synlan günüm keseden...


Sapa Hommadow
1 лайков 106 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
06 июл 2023, 14:27
Bu Sapanyň öööň ýazan goşgysy bolmaly.