Suray BABANYYAZOWA!

Dogulan günüńiz bilen gutlaÿaryn. Janyñyz sag ömrüńiz uzak bolsun, bagtly bolun!



"SAŇA JENNET DIÝEÝINMI"

Saňa jennet diýeýinmi
Ýa-da obam diýeýinmi?
Men seň bagtygelen gyzyň,
Nädip özgäni söýeýin?
Gözlermiň agyn görýärmiň,
Garasynda-da öz roýuň.
Başgalaram söýýär diýip,
I:dip goýberm-ä Suraýyň.
Nätjek, ýaradylşym şeýle,
Söýmek alna ýazylypdyr.
Ak owuz deý çaga söýgim
Dowzahlarda ýakylypdyr.

Obam, obam, obagähim,
Göwün dagy küýsese-de,
Asmanlara suwsasa-da,
Daşdan şäheri söýse-de,
Senden gaýry gidere ýerim ýok,
Bilýänsiň.

✏️Suraý BABANYÝAZOWA
3 лайков 244 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
06 июл 2023, 17:31
Bäýbä näçe ýaşaýarka şahyr gyzymyz ? Menem gutlaýan.Üýşüp belläliňdä :)
Venus
06 июл 2023, 17:55
Uzak ýaşasyn. Bagtly ýaşasyn!
Elif
Автор 06 июл 2023, 18:29
ÝAZ SAŇA


Jennete düşdüm-de,
Uçdum ýaşyl barlyga,
Iň hoşwagt günlermiň
Birin-birin adyn ýazdym
Ýaşyl gülli ýaglyga,
Ylgap özüm oklamyşam
Äpet ýaşyl ýazlaga,
Dogduk depäm,
Sowgat etjek
Milliard desse ýaz saňa!

Otlaryňdan-çöpleriňden
Ysy gelýär uçmahyň,
Ellermi ganat eýlediň
Uçjak diýip uçmadym,
Topragyňa bagrym berip,
Asmanyň gulaçladym,
Dogduk obam,
Sowgat berjek
Million torba ýaz saňa!

Seň demiňden ganan şatut
Saýa gerdi jöwzada,
Täjirleri utmuşamdyr
Senli uly söwdada,
Jan bermeklik ýegdir sende
Nesiplä ýa begzada,
Dogduk sähram,
Sowgat etjek
Bir müň gujak ýaz saňa!

Saçlarymy çözlänimde
Çözlenipdi duýgulam,
Howaň gaýtadan jan berdi,
Ýogsa ýüz ýyl köýdümem,
Meý-mest bolup,
Serden aşyp
Saňa bolan söýgüden,
Dogduk ýaýlam,
Az göräýme,
Sowgat berjek
Bir pyýala ýaz saňa!
Elif
Автор 06 июл 2023, 18:30
DÜŞÜNDIM

Gan iýdim,
gara geýdim,
arwahlara goşuldym,
gara başym ýerde goýdum
gara körpençe düşendim,
gara köýük bolup üşütdim,
üşedim,
ak bilime gara guşak guşandym,
her ýetenden ýaşyndym,
men baryna düşündim.

Gara gyşda gagşaý-gagşaý
ak günlere zar oldum,
giň sähraň erkin gülüdim,
gara dagda har oldum,
bilbiller halym aňmady,
gargalara ýar oldum,
men baryna düşündim.

Haýym gaçdy,
haraý soraý,
çar tarapa elendim,
okum ýokdy,
ýaýym gerlen
bir mumyýa çenendim,
ogurlanmyş bar hazynam,
gara ýerler sermendim
men baryna düşündim.

Derdim sygmady içime
emma daşa agmady,
göwnüm bir ejizje guşdy,
"Sen - mert!" diýip aldadym,
dideleň ýaşy kepemiş,
bir gözýaşsyz
ýer bagyrtlap agladym...

Düşündim.
Elif
Автор 06 июл 2023, 18:31
BAR ZAT ÖŇKÜSI ÝALY BO:R

Bar zat öňküsi ýaly bo:r.

Üýşürip mellegiň çöpün-çalamyn,
Ekenje mekgämi çöpläni üçin
Hüňürdärin kepderilere,
Ýene biparh gararyn
Ömrüm çilýän hepdelere.
Ýaz geldi,
Ýaýla parç boldy...
Hemme zat öňküsi ýaly bo:r...
Hemem bir zat.. öňki ýaly bolmaz.

Bilýän bar zat gowy bolar,
Garşy alaryn Güneşi,
Gözüm gider gumrulara
Jaýymyzda höwürtgelän,
Ýumurtga bermäni üçin
Käýinerin towuklara,
Dirilige gark bolaryn
Ýüzin düşüp gumaklykda...
Bar zat öňküsi ýaly bo:r...
Hemem bir zat.. öňki ýaly bolmaz.

Gynanmaryn, gyýylmaryn
Yssyň öýmüze girenne,
Enesine akyl berip,
Nan bererin gijenine,
Käte haýbat atan bo:run
Goňşyň üýren köpegine,
Elimden ak towuk çokar
Iýmli girsem ketegine,
Kaýyl bolaryn ejemiň iňirdisine,
Inilermiň kötegine...
Hemme zat öňküsi ýaly bo:r...
Hemem bir zat.. öňki ýaly bolmaz.

Az-u-köp-u gussa dörär
Garap Günüň ýaşanyna,
Ýalta sygyr gaýdyp geler,
Tünegine-ýatagyna,
Ýene-de okap başlaryn
Orun bermän ýaltalyga,
Gijäm rahat bolar hökman
Sag egnime ýatanymda...
Bar zat öňküsi ýaly bo:r...
Hemem bir zat.. öňki ýaly bolmaz.


Suraý BABANYÝAZOWA
Saher
06 июл 2023, 18:51
Uzak yasasyn. Indiki ayyn 2-sine sizinkinem uysup gutlalyn
Anna hanym
06 июл 2023, 23:48
Uzak ýaşasyn
Goklors
07 июл 2023, 11:07
Uzak ýaşa , gutly bolsu!
Goklors
07 июл 2023, 11:09
Gerceknazar 33 ýaş. Durmuşa çykmadyk öýdýän.
ýüreksözi
07 июл 2023, 20:11
Tuweleme menem gutlayan basda men gosgularma ylham berenem maslahat berenem duzedis berenem Suray Babanyyazowady menem gutlayan Allajan in gowy arzuwlar yarany bolsyn durmusdaky maksadyna yetsin ?