Söýgüniň ody 2

Söýgi örän irte başlanýar öýüdýän. Eger häzirki aýytjagyma söýgi diýip bolsa.
Arada maňa aýytdylar.
Bir ýaşly gyz çaganyň üç ýaşy dolan oglan çaganyň üstüne topulyp,
ony zorlap öpýänini. Enesi zordan aýrypdyr gyz çagany. Bu halat Leýli-Mejnun desanynynda
hem bar. Irteden söýüşmek.Ýöne bu aýydanymyň meniň üçin umuman gyzygy ýok. Meniň üçin
gyzygy bagşylar we şahyrlar.
Söýgä düşünip bolýan bolsa şu ady tutylanlar hemmelerden gowy düşünmeli.
Hemme bagşylar diýen ýaly aşyk. Şahyrlar hem olardan kem däl. Şahyrlar ýazýar
özleriniň söýýänini, bagşylar aýydýar özleriniň ýüreginiň ýanyp barýandygyny.
Indi bolsa çynyňyz özüňiz oýlanyp görüň.
Şu bagşylaryň söýýän diýýänine ynanýaňyzmy? Menä ynanmaýan. Ýogsa agtyk-çowlukly
bagşylar hem güwledip durlar, men saňa aşyk diýip.
Onsoňam özüňiz oýlanyp görüň, olaryň söýgülisiniň näme artykmaç ýeri bolmagy mümkin.
Hemme aýal, şol bir aýaldyrda ýada bir gyzyň ýene bir gyzdan näme artykmaç ýeri
bar. Men diňe seni söýýän diýip, sen hemmeden gözel diýip. Erkekleriňem biri-birinden
ullakan parhy ýok.
Meniň synlaýşyma görä, aýallar köplenç diňe küýküni söýýärler. Biri maňa gürrüň berdi.
Gowy bir aýalyň betnyşan äri bar eken. Ondan, ýagny aýaldan sorapdyrlar. Näme üçin bu
betnyşany saýlap, muňä äre çykdyň?
Aýal jogap beripdir.
Meniň ýaşaýan obamda iň görmeklisi şudy. Galanlary mundanda beterdi. Onsoň iň owadany
diýip şuňa çykdym, ýogsa mundan gowysy bolmaa näme edeýin. Ärsiz galaýynmy?
Bu gürrüňe görä söýgüde saýlamak mümkinçiligi gaty az.Sähel bir ybara dogry gelse
şuňada söýýän diýmek galýar, ýogsa ondanda boşa galýaň.
1.Irki döwürlerde şol bir tiräniň gyzlary diňe öz tirelerine çykypdyrlar. Olaryň
arasynda söýgi bolmandyr.
2. Yzbasar şol bir obanyň gyzlary diňe öz obasynyň erkeklerine äre çykypdyrlar. Bir
obada birnäçe tire bar bolsa onda käbir gyzlar özge tirä çykypdyrlar.
3. Häzirki döwürde garym-gatym, ýöne mugallym gyzlar köplenç mugallym oglanlara
çykýandygy, doktorlaryň bolsa doktor oglanlara çykýandygy görünýär.
Şeýlelikde, Söýgi ody mowzugynyň 2-njisinde biz kyn ýagdaýa düşdik. Hiç hili söýmän
durmuş guryp ýaşap bolýan eken.
Indi bolsa şu mowzugymyz soňlamanka bir netijä geleliň
Seredip otyrsaň söýgi adam saýlamaklyga girýär, ýagny söýýän öz söýgülisini özgelerden,
ýokarda goýýar. Bu bolsa nädogry çünki biziň üçin iň esasy zat adamlar gelip çykyşyna
garamazdan deňdirler.
1 лайков 117 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şapak
08 июл 2023, 20:38
Salam maňa Ogulsenem Taňňyýewaň "Çagalygymyň sezasy" powesti gerekdi.Şu saýtda bardy gözläp tapmadym.Kömeeeeeeeek plizzzz
Dowsypat
08 июл 2023, 20:42
Birine aşyk bolduñmy?
backsp
09 июл 2023, 12:29
Ýogsa agtyk-çowlukly
bagşylar hem güwledip durlar, men saňa aşyk diýip :D