Söýginiň ody 1

Bir zatlar ýazmaly. Adamlaryň göwünden turar ýaly. Dek düýn oýlap goýypdym, şulary ýazsam
okanlaryň göwnünden turar diýip belläp goýypdym. Irden turyp ýadyma düşdi düýnki
bellänlerim,ýazmak höwesim hem bardy. Ýöne ynha, gyssagly başga işler direldi ykbalyma,
olary goýyp bolmady.
Bu işlere bäş sagat wagt sarp edip ýazmana otyrdym. Görsem eýýäm,
bellän zatlarymyňyň gyzygy gaçypdyr. Üstesine köp ýeri ýadymdanam çykypdyr. Onsoň
başga näme ýazyp bolarka diýip tijenip başladym. Emma ýene bolmady. Size aýytman
goýanymda gowy bolardy emma siziň üçin gyzykly bolup galandyr. Özüm üçin gyzykly
bolmadyk zat. Edil şu sekuntda iki uçly bolup otyryn we çykalga gözleýärin.
Aslynda ýazmaly zadymyň özünde many ýok ýaly. Birazrak söýgi temasyna degişli ýaly.
Şeýle diýsem siziň käbiriňiz meni aşyk bolandyr. Şony aýdyyp bilmän otyrandyr
öýütmegiňiz mümkin. Ýok. Beýle däl. Söýgide meniň döwrüm geçdi.
Häzirki döwüre gelip mende söýgä bolan garaýyşym düýpgöter üýütgedi. Şeýle diýsem
meni söýgä garşydyr diýen pikir sizi gurşap almasyn. Gysgaça aýytsam men söýgä garşy däl,
şunyň bilen birlikde söýginiň tarapynda hem däl.
Men neýtral halatda. Meniň özüm söýmek barada umuman pikir etmeýän. Şunyň
bilen birlikde kimdir biri çyny bilen başga birini söýýändir hem diýip biljek däl.
Ine indi ýene jedel başlanar. Ýüreginde söýgi ody ýanyp duranlar meni nälätlär.
Çünki olar hyýalynda hakyky söýgide ýaşaýan ýalydyr. Söýgülisi üçin ýüregini berjek
ýalydyr.
Ýöne aslynda olaryň bu boluşy ýalandyr. Meni ýalan sözleýändir öýütseňiz özüňizde
synag geçirip bilersiňiz. Öz söýýäniňizi wagtlaýyn taşlap görüň. Bir-iki aý geçip
siz öz söýýäniňizi söýmedik ýaly bolarsyňyz. Bu aralykda ýene biri bilen tanyşyp,
köçede kikirdeşip ýörärsiňiz. Şeýle dälmi? Ýok diýersiňiz. Özüňizi hakyky aşyk we
magşuk diýdirmek üçin.
Indi bolsa dogry söze geçeliň. Elbetde, hakykatadan biri biriňizi çynyňyz bilen
söýseňiz gowy emma men bu durmuşa seredip, söýgüde hem özüne bähbit gözleýänleri
köp gördüm.
Sözümiň şu ýerine gelip, men yzyny indiki mowzukda dowam etmekçi. Mowzugyň adyna bolsa,
Söýgüniň ody diýip at berdim. Okaň we lezzet alyň. Söýgi baradaky çynlakaý jedellere
goşulyň.
2 лайков 109 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
murat yousef
08 июл 2023, 20:50
Örän dogry