1984. Jorj Oruel

Aprel aýynyň sowuk günidi, sagat on üç boldy. Erbet şemaldan gutulmak üçin eňegini döşüne salan Winston Smit Pobeda ýaşaýyş jaýynyň aýna gapysyna tarap howlukmaç bardy, ýöne şonda-da özi bilen tüweleý tozany içerik girdi. Westýubilde gaýnadylan kelemiň we köne düşekleriň ysy gelýärdi. Girelgäniň garşy tarapynda, jaýa görä örän uly bolan reňkli plakat asyk durdy. Plakatda ýüzi bir metrden gowrak inde, we ser salsaň ýaşy kyrk bäş töweregi adamyň ýüzi, galyň gara murtly, gödek, ýöne erkeklik taýdan özüne çekiji biri şekillendirilipdir. Winston basgançaklara tarap ugrady. Liftde çykmagyň peýdasy hem ýokdy. Ol hatda has gowy döwürlerde seýrek işleýärdi, indi gündizine elektrik togyny umuman öçürdiler. Tygşytlamak usuly işe grizildi - ýigrenji hepdä taýýarlanýardylar. Winston ýedi ýörişiň hötdesinden gelmeli boldy, ol kyrk ýaşyndady, topugynyň üstünde warikoz ýarasy bardy: haýal ýerinden turdy we birnäçe gezek dynç almak üçin saklandy. Her meýdançada şol bir ýüz diwardan seredýärdi. Portret şeýle bir ýerine ýetirilen welin, nirede bolsaňam gözler seni goýbermeýärdi. Ol "ULY AGAŇ SAŇA SERETÝÄR"-ýazgysyny aňlatýardy. Kwartirada "süýji" sesli biri çoýun önümçiligi barada bir zatlar aýtýardy, sanlary okaýardy.
Ses sag diwarda oňarylan, öçügsi ýüz görülýän aýna meňzeş, süýri metal plastinkadan gelýärdi. Winston tutawajy öwürdi, sesi gowşady, ýöne gepleşik henizem düşnükli ýalydy. Bu enjam (telekran diýilýärdi) peseldip bilnerdi, ýöne ony doly öçürmek mümkin däldi. Winston penjirä tarap bardy; Gysga ejiz adam, partiýanyň agzasynyň gök şekilli kombinezonynda hasam ejiz ýalydy.
Saçlary gaty açyk reňklidi, gyzaran ýüzi erbet sabynlaryndan, kesgirligi gaçan päkiden we ýaňy gutaran gyşyň sowugyndan dilim-dilimdi. Daşky dünýä, ýapyk penjireleriň aňyrsynda sowuk dem alýardy. Tüweleýli şemal tozan we kagyz bölejiklerini aýlandyrýardy; Eýsem-de gün şöhle saçsa-da, asman gök bolsa-da, ähli ýerlerde goýlan reňkli plakatlardan başga şäherdäki hemme zat reňksiz görünýärdi. Her göze görnüp duran burçdan gara sakallynyň ýüzi görünýärdi. Jaýyň garşysyndan saňa. "ULY AGAŇ SAŇA SEREDÝÄR"-ýazgysyny aýdyp we ýapyk gözleri Winstonyň gözlerine seretýärdi. Aşakda, pyýada ýörelgesiniň üstünde АНГСОЦ sözüni bir gizläp birden-de görkezip şemalda burçy ýyrtylan plakat pasyrdaýardy. Üçekleriň arasyndaky aralykda, dikuçar dazyrdap geçip, ölen çybyn ýaly bir salym duryp we egrilikler bilen geçip gitdi. Bu penjirelerdäki adamlara seredýän polisiýa patrullygydy. Emma patrullar hasap edilmeýärdi. Diňe Pikir polisiýasy hasap edilýärdi. Winstonyň arkasynda, telekranyň sesi henizem çoýuny eretmegi we dokuzynjy üç ýyllyk meýilnamany ýerine ýetirmek barada söhbet edýärdi. Telekran kabul etmek we geçirmek üçin işläp başlady. Ol gaty ümsüm pyşyrdap aýdylmasa, her sözi tutýardy; Diňe bu däl, Winston öçügsi plastinkanyň görüş meýdanynda galaýsa, diňe bir eşidilmän, eýsem görünýärdi. Elbetde, häzirki wagtda ony gözegçilik edilýärmi ýa-da ýokdugyny hiç kim bilmeýärdi. Pikirleriň polisiýasy siziň kabeliňize ýygy-ýygydanmy ýa-da haýsydyr bir tertibe görä birikýär - bu hakda diňe çaklap bolýardy. Her gije- gündiziň dowamynda, hemmelere gözegçilik etmek ýok däldi Islendik ýagdaýda, islän wagtlary birigip bilýärdiler. Sen ýaşajak bolduňmy, ýa-da ýaşaýaňmy we instinkte öwrülen endikden - her bir sözüňiziň eşidilýändigi we çyra sönýänçä her hereketiňiz gözegçilikdedi. Arkasynyň dönüklik edip biljegini bilýän-de bolsa, Winston arkasyny telekrana berdi. Bu howpsuz; Penjireden bir kilometr uzaklykda, baslygyp ýatan kirli şäheriň içinde onuň gulluk etýän ýeri-Hakykat ministrliginiň ak binasy görnüp durdy. Ine-de, Winston düşnüksiz ýigrenç bilen pikir etmäge başlady, Ine, Okeaniýa döwletiniň adam sany boýunça üçünji ýerde durýan, prowinsiýasy-Uçuş-gonuş zolagynyň esasy şäheri London. Ol çagalygyna ýüzlendi - Londonyň hemişe şeýle bolandygyny ýa-da ýokdugyny ýada saljak boldy. Bu hemişe XIX asyryň könelişen bu hatar-hatar jaýlarynyň elmydama uzak aralyklara uzalyp, togalak agaçlara direlýän, penjireler karton bilen ýamalan, gurnalan üçekleri, agaç haýadyň serhoş diwarlary bilen uzalyp gidýärdimi? Bombalardan galan açyk ýerler, her ýerde alebastr tozany towlanýan, we kipreýlerem topbak-topbak bölejiklere dyrmaşan, we uly boş ýatan ýerler, towuk saklanýan jaýlara meňzeýän garyp agaç külbelere meňzeş tutuş kömelek maşgalasy üçin ýerleri arassalan bombalar. Emma - peýdasyz, ýadyna düşmedi; Çagalykdan hiç zat galmady, bölekleýin ýagtylandyrylan sahnalardan başga, mahrum bolan fonda we köplenç düşnüksizlik we manysyzlyk.
Hakykat ministrligi-bu täzedilde(новояз). Hakykat ministrligi daş töwerigindäki ýatan ähli zatlardan-haýran galdyryjylylykda tapawutlanýardy. Bu üç ýüz metr beýiklige galýan ak betonly ýalpyldaýan bu äpet piramidal binady. Winston penjiresinden ak fasadda owadan şrift bilen ýazylan üç partiýa şygaryny okaýardy:
URUŞ-BU DÜNÝÄ,
ERKINLIK-BU GULÇULYK,
BILMEZLIK- BU GÜÝÇ.
Gep-gürrüňlere görä, Hakykat ministrligi Ýeriň üstünde üç müň ofis kabinetleri ýerleşýärdi, we ýeriň aşagynda hem degişli kök ulgamy bardy. Londonyň her taraplarynyň soňunda bu görnüşdäki we ululykda başga-da üç bina bardy. Şäherden şeýle bir beýikdi welin, "Pobeda" ýaşaýyş jaýynyň üçeginden birbada dördüsini görüp bolýardy. Bu ýerde dört ministrlik ýerleşýärdi,
tutuş döwlet apparady:
Maglumat, bilim, dynç alyş we sungat jogapkär-Hakykat ministrligi; Urşa ýolbaşçylyk etýän Parahatçylyk ministrligi;
Buýrugy goramaga jogapkär bolan Söýgi ministrligi we ykdysadyýet üçin jogapkär bolçulyk ministrligi. Täzedilde: Hakmin; Parmin; Söýmin; Bolmin.
Söýgi ministrligi wehimi kelläňe guýýardy. Binada penjireler ýokdy. Winston hiç wagt bosagasyndan geçip görmändi, hat-da ýarym kilometrden gowrak hem ýakynlaşyp görmändi. Ol ýere diňe resmi iş bilen baryp bolýar, esasan hem tikenli simleriň, polat gapylaryň we bukyda duran pulemýot ojaklarynyň tutuş labyrintini ýeňip geçmek bilen mümkindir. Hatda daşky halkaly haýatlaryň gyralaryndaky köçelerde-de gara eşikli, ellerinde taýaklar bilen ýaraglanan gorilla ýüzli garawullar patrullyk edýärdi. Winston derrew yza öwrüldi. Ýöne ýüzüni telekranyň öňünde iň laýyk gelýän asuda optimizmi oýardy we otagyň beýleki ujuna kiçijik aşhana gitdi. Bu sagatda ministrlikden çykyp, naharhanada agşamlyk naharyny beripdi, ertir irden tygşytlanmaly bir bölek gara çörekden başga öýde nahar ýokdy. Ol "Jin Pobeda" ýazgy ýazylan ýönekeý ak etiketkaly reňksiz suwuklykly çüýşäni polkalaryň birinden aldy. Jiniň ysy hytaý tüwi aragy ýaly erbetdi, ýaglydy. Winston käsäni dolduryp guýdy, batyrgaýlygyny jemledi we derman ýaly ýuwutdy. Onuň şobada ýüzi gyzardy we gözlerinden ýaş döküldi. Içgi azot kislotasyna meňzeýärdi; diňe bu bilen çäklenmän- bir demden soň, arkasyna rezin dubinka bilen urlan ýaly duýgyny berdi. Ýöne tiz wagtdan aşgazanda ýanýan duýgy azaldy we dünýä has şadyýan görünip başlady. "Pobeda çilimleri" ýazgysy bilen ýygrylan paketden çilim çykardy we dikligine saklady, netijede çilimdäki ähli temmäki ýere döküldi. Indi Winston has seresap boldy. Ol otaga gaýdyp baryp, telekranynyň çep tarapyndaky stolda oturdy. Stoluň çekmesinden gyzyl koreşok we mermer baglaýjyly galyň ýazgylar kitabyny, ruçka we syýa çüýşesini çykardy. Näbelli bir sebäbe görä, otagdaky telekran bolşy ýaly gurulmandy. Ahyrky diwara-tutuş otagy görüp bilýän ýerinden däl-de, penjiräniň garşysynda uzynlygyna ýerleşdirilendi. Onuň gapdalynda kitap tekjeleri üçin niýetlenen ýalpak ýer bardy we Winston hem häzir şol ýerde otyrdy. Oňa has ýakyn oturyp, has dogrusy,-oturan ýeri telekrana görünmeýän ýeri bolup çykdy. Elbetde, olar ony diňläp bilerdiler, ýöne ol ýerde otyrka oňa gözegçilik edip bilmezdiler. Bu birneme üýtgeşik otag düzülişi, häzir etjek bolýan pikirini etmäge itergi beren bolmagy mümkin. Mundan başga-da, mermer baglaýjyly kitap itergi berdi. Kitap ajaýyp owadandy. Tekiz sarymtyl kagyz könelip sary reňke geçipdir - beýle kagyz kyrk ýyl bäri öndürilmändi, hatda ondanam köpräk. Winston kitabyň has gadymydygyny güman etdi. Ol harabalykdaky bir köne-küştül zat alyp satýan adamyň witrinasynda görendigini, (hut nirede görendigini, eýýäm ýadyndan çykarypdy) we satyn almak islegi ot alandygyny ýadyna saldy. Partiýanyň agzalaryna adaty dükanlaryna girmek gadagandy (muňa "erkin bazarda haryt satyn almak" diýilýärdi), ýöne bu gadagançylygy köplenç ünsden düşürilýärdi: şnurlary we päki tygy ýaly köp zady kynlyk bilen, başga ýol bilen tapyp bolmaýardy. Winston derrew töweregine göz aýlady, dükana çümdi we elli iki dollara kitap satyn aldy. Ýöne näme üçindigini özi hem bilmedi. Ol portfelde ogurlyk eden ýaly, gizlinlik bilen öýüne getirdi. Hatda boş bolsa-da, eýesini biynjalyk etdi. Ol indi gündelik ýöretmegi maksat edinýärdi. Bu zatlar bikanun hereket däldi (asla bikanun zat ýokdy, sebäbi olar ýaly kanunlar ýokdy), ýöne gündeligi ýüze çykarylsa, Winstona ölüm ýa-da iň gowusy ýigrimi bäş ýyl ejirli lager garaşýardy.
2 лайков 191 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
murat yousef
Автор 08 июл 2023, 22:03
Perewod etmek erbedem kyn eken...
Goklors
08 июл 2023, 22:24
sözme-söz terjime o diýen kyn däl, çeper terjime de iş bar
murat yousef
Автор 08 июл 2023, 22:29
Goklors
sözme-söz terjime o diýen kyn däl, çeper terjime de iş bar

Bilemak, sözme -söz terjime etmek kyn däl, ýöne manysyny dogurlaýançaň MAMA diýdirýe! Özäm sözlüklerden peýdalandym.käbir eşidip görmedik sözlerimem bar eken, rus dilinde söz baýlygy uly eken..
Sapar aga
08 июл 2023, 23:24
menembiri1,
Türkmeniňki hem uly, emma ulanylanok, we ulanyşdan galan ençeme söz bar.
SypaýyS
09 июл 2023, 16:24
Essalamu aleykim
Linkde podpiscik yygnamak name ucin gerek .Linkde in kop esidyan sozum meni pod et.Kyn gormede jogap beray
murat yousef
Автор 09 июл 2023, 19:25
Sypayy
Essalamu aleykim
Linkde podpiscik yygnamak name ucin gerek .Linkde in kop esidyan sozum meni pod et.Kyn gormede jogap beray

Waleýkum essalam, podpisçik toplandan soň telekeçileriň puluny alýaňda harytlaryny reklama edip berýeň!
murat yousef
Автор 09 июл 2023, 19:26
Sypayy,
Köpüsiniň mneniýasy prosto podpisçik köpeltmek we magtanmak!
#B.S
09 июл 2023, 19:59
menembiri1,
enedilim.com saýtyny maslahat berýän öz dilimizi öwrenmek üçin :)
Birem vpniň bolsa bing translator has gowy terjime edýä
Sapar aga
09 июл 2023, 22:16
Khanture,
Ene dilim saýty öz dilimizi öwrenmäge doly mümkinçilik bermeýär, onda girizilmedik müňlerçe söz bar. Baýramowyň "Türkmen dilindäki paronimleriň sözlügi" kitaby, "Gadymy türkmen sözlügi kitaby", edebiýata degişli esasanam nusgawy şahyrlaryň kitaplary, täze terminlere düşünmek üçin syýasaty öwreniş kitaplary, taryh we ylymyň dürli ugurlaryna degişli we ş.m kitaplary okap, barlamak gerek. Meselem düýn okan bir taryh kitabymda "ultimatum" sözi bardy, emma "türkmen diliniň düşündirişli sözlügi" kitabynda ýer almaýar. Düşündirişli sözlük kitaby öňkä degişli, täzeleri ene dilimde bar, emma olam täzelenmek işleri geçirenok. Iň aňsat çözgüt, dil medeniýetini ösdürmek üçin kitap okamak.
Sapar aga
09 июл 2023, 22:17
Khanture,
Ene dilim saýty öz dilimizi öwrenmäge doly mümkinçilik bermeýär, onda girizilmedik müňlerçe söz bar. Baýramowyň "Türkmen dilindäki paronimleriň sözlügi" kitaby, "Gadymy türkmen sözlügi kitaby", edebiýata degişli esasanam nusgawy şahyrlaryň kitaplary, täze terminlere düşünmek üçin syýasaty öwreniş kitaplary, taryh we ylymyň dürli ugurlaryna degişli we ş.m kitaplary okap, barlamak gerek. Meselem düýn okan bir taryh kitabymda "ultimatum" sözi bardy, emma "türkmen diliniň düşündirişli sözlügi" kitabynda ýer almaýar. Düşündirişli sözlük kitaby öňkä degişli, täzeleri ene dilimde bar, emma olam täzelenmek işleri geçirenok. Iň aňsat çözgüt, dil medeniýetini ösdürmek üçin kitap okamak.
#B.S
09 июл 2023, 22:31
Ahtopot,
Догры. Эсасанам уланылышдан галан созлери дикелтмекде нусгавы эдебиятлар хем пейдалы.
murat yousef
Автор 10 июл 2023, 10:02
Khanture
menembiri1,
enedilim.com saýtyny maslahat berýän öz dilimizi öwrenmek üçin :)
Birem vpniň bolsa bing translator has gowy terjime edýä

Bing bizde ishlemeye