...

Suw perisin istäp taşladym çeňňek,
Kemtersine bir balygam düşmedi!
Söýgiň nämedigne düşünjek boldum:
Agzym suwa bişdi, süýde bişmedi.
*
Ölüm bir gadym zat, ýaşaýyş täsin!
Ykbal hiňlenmeýä ýetmese “hä”-si...
Kä aýal şeýle bir betgelşik gülýä,
Şeýle bir owadan aglaýa käsi.
*
Bir düşnükli sözüň ýeterlik wagty
Kime gerekmişin ullakan eser?
Kämahal näz bilen towlanan zülpüň
Täsiri aýalyň özünden ýeser!
*
Özüň derýa zyňma ýüzüp bilmeseň,
Öýkenňe suw, gözüňe gan inmesin.
Barmagňa dakylan nika ýüzügi
Bokurdagňa syrtmak bolup ilmesin.
*
Baýdak ýaly gelin barýa köçeden!
Kim aýnadan bakýa, kim çykýa gapa.
Biri oňa bäş gün garap oturjak,
Biri bäş minutda bulajak hapa...
*
“Gyzyl-çyzyldadyr pylanyň gözi”,
Diýip, gybat edýän bi ne beýle kän!
O birne ýeterlik şemiň ýagtysy,
Gün şöhlesi azlyk edýä beýlekä.


Şiraly Nurmyrat
5 лайков 167 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
Автор 24 июл 2023, 17:51
Syyasat
Syýasat bir üsti ot-çöpli batga,
Çümdüňmi, çykmagyň gümana, meger.
Biri saňa halas golun uzatsa,
Beýlekiler onam itip goýberer.

«Nätdik!» diýşip, owkalarlar ellerin,
Soňra garaşarlar indiki pida.
«Hapa batsaň boýuň bile» diýleni,
Başaşak çümenden eşdilmez seda.

Şahyr bolsaň ilmejek bol çeňňege,
Barma syýasatyň ýele ýanyndan.
Eger bardy-geldi, tötänlik bilen
Jyklan bolsaň, gaýt zeleliň ýaryndan.

Çünki, syýasata baş sokan şahyr
Eýýäm şahyram däl, syýasatçam däl.
Zehini terezä salyjy bolma,
Ters ýola aparýan ýodajykdan dän.

Krylowň basnýasyn unutma, şahyr:
Ne-hä guw, ne leňňeç, ne-de bir balyk,
Eger ýüki çekse hersi bir ýana –
Asmana sowrular kül bolan baýlyk.

Agzyboş hatara durma nobata,
Sensizem demagog kemlik edenok.
Poeziýa syýasata çatylsa,
Gamçy bulaý – paýtun öňe gidenok!


Şiraly Nurmyrat
Soho
Автор 24 июл 2023, 17:53
Şiraly Nurmyrat
Ganatlaryň pel-pelleýä depämde,
Durnamy sen, guwmy sen?
Näumyt hassany dikeldýä lebiň,
Aýnalbaky suwmy sen?
Tümde goşa ykbal azaşmaz ýaly,
Hiç ýaşmaýan günmi sen?
Çyn söýginiň kükreginde açylan,
Hiç solmaýan gülmi sen?
Gamgyn duýgulary ýele sowurýan,
Aýdymmy sen, sazmy sen?
Gara gyşyn ak garyny eredýän,
Baharmy sen, ýazmy sen?
Maý bermeýen dikeltmäge egnimi,
Beýle agyr ýükmi sen?
Ýa-da sana irde-giçde ötmesem,
Sabyn çalnan ýüpmi sen?
Sowal bermek ansat, jogap tapma kyn,
Ody ýakan öçürer.
Öz ykbalyn ýazyp, ýalňyş goýberen
Iliňkiden göçürer
Soho
Автор 24 июл 2023, 17:55
Ýalňyzlyk barada ballada

Belki, seň boýnuňda ol beýik ýazyk,
Düşünýäň,
Ökünýäñ,
Ýüzüñem aşak...
Belki, meň ýalňyşym kükregmi ýaryp,
Durun huzuryňda ýeňsämi gaşap...

Bu ne ýalňyz hasrat,
Bu ne täk düwün?
Eýsem bu gün gözlemekmi kärimiz?
Ine, bildigem-dä kimiň päkdigin,
Ine, tapdygam-da günäkäri biz!

Birimiz «perişde»
Birimiz «şeýtan».
Bar, şeýle hem eken,
Şeýle-dä, ine!
Ýöne nirden gelip awuly peýkam
Sanjylyp dur Söýgimiziň meýdine?!

Ýürek dymýa şeýle agyr pursatda —
Ahmyr bilen gunäň arasy ýakyn...
Kerbela çölüne dönen gursakda
Şehit ölen söýgiň mazary ýatyr.

Aýralyk miwesi ýetişdi kemsiz,
Giden gözýaş deňzi siňdi öýmäňe...
Hawa «söýýän» diýip ýetişdigem biz,
Ah, şeýdibem... Ýetişmedik söýmäge!

Köçede duş gelseň sowulýaň birýan.
Başym alyp çykaýynmy şäherden?!
Şeýdip, bu gije-de bir özüm barýan --
Aýak sesim diňläp ýatyr Beherden.

Bu gije kalbymda harasat gopýa,
Oýlar çyra üýşen çirkeýler ýaly...
Çatrykda bir Mejnun Leýlisin öpýä,
Ýekelige gyjyt berýän mysaly...

Ýaşlyk göýä geçen ýaly sürgünde:
Bu ýalňyzlyk täzeledi keşbimiz.
Men bilmedim:
Nädip syndy Bir günde
Şunça ýyllap diken Söýgi köşgümiz?..

Haýsymyz günäkär?
Parhy ýok bu gün.
Synamyzda başga derdiň azary:
Ahmyrly ýürekde —
Daş ýaly düwün.
Kerbela çölünde —
Şehit mazary...

Şiraly.
Soho
Автор 24 июл 2023, 18:01
Namysjañ...
Garagolluk eden çaga mysaly,
Dur Alabaý sallap günäkär ýüzün.
Içinden aglap dur ahmyrly köpek,
Gizläp eýesinden gyzaran gözün.

Ejizlige öwrüläýýä asgynlyk,
Jan jesede sygman, süýt deý çoganda.
«Gan öýjek bolsaňyz nirdediňiz düýn,
Gelegurt ordasy sürä çozanda?»

Günä baryn ýükläp kütelşen göze,
Öz etini özi iýäýjek bolýa.
Adama igenmek beýlede dursun,
Tersine – «bagyşla» diýäýjek bolýa.

Arman, garry çopan sowaşyp barýa,
Berýän ýalynda-da tagam-tagsyr ýok.
Akylly it bir zada göz ýetirdi:
Soňky aryn alaýmasa bolanok.

Köpek «alaryn ýa ölerin» diýip,
Siňip gitdi alaňlaryň içine.
Çopan pallap, gernip çykdy çatmadan,
Bir ýyly söz aýtjak boldy itine.

Bu nä geň hadysa, bu nä alamat?
Köpi gören çopan düşündi bada.
Çoluga tabşyryp agyr sürini,
Gitdi ol yz çalyp, düşläp negada.

Az ýöredi, köp ýöredi – belli däl,
Gije-gündiz yz-yzyna çalyşdy.
Çopan goşlarynda epip dyzyny,
Käte çaý owurtlap, käte çal içdi...

Ahyr bir gün bardy çopan üstünden,
Gördi bolup geçen basa-baslygy.
Hanha, ortarada ýatyr Alabaý,
Daşynda dört sany möjek maslygy.


Şiraly Nurmyrat
Soho
Автор 24 июл 2023, 18:02
Iskender we Sokrat
Isgender bir topar nökeri bilen
Filosof Sokraty ýörite gözläp,
Huzuryna gol gowşuryp barypdyr,
Oňa ýüzlenipdir çynlakaý sözläp:

“Senin tarypyňy kän eşitdim men,
Beýikligňe buýsandym men gaýbana.
Bu ýere sowuldym ýolumdan galyp,
Rugsat ber hyzmaty borjum saýmaga.

Dile menden göwnüň näme islese,
Möhümiňi bitireýin dessine...”
Sokrat oýa batyp, dymypdyr uzak,
Bu teklipden aýylýan deý essine.

Çydamsyz görnüpdir açgöz nökerler:
“Çüwdi bagtyň, dile dünýe malyny!”
Jogap gaýtarypdyr akyldar goja,
Bassyr-ýussur etmän päk hyýalyny:

“Ýeke dilegim bar senden, hökümdar,
Haýyşym bar, miltim ýokdur talaba.
Günüň şöhlesine kölege salýaň,
Gaýrat et-de, süýşsene bir tarapa!”

Dabarasy daglar aşan hökümdar
Garyp akyldara edipdir tagzym.
Soňra iki elin serip asmana,
Diýipdir: “Bir gezek ýalňyşdyň, Taňrym!

Sokratyňky kibi akyl deregne
Nämüçin elime ýarag tutdurdyň?
Dünýäň gylla ýaryn tabyn etsemem,
Pukara bir filosofdan utdurdyň.

Eger-de Isgender bolmadyk bolsam,
Men Sokrat bolmagy arzuw ederdim.
Nädeýin, emriňe bolmaly kaýyl,
Ykbalymdan nalyş etmek – ne derdim?..”

Biziň eramyzdan öň bolup geçen
O duşuşyk rowaýatmy ýa çynmy.
...Kä depäňde ganat şuwlasa, adam,
Gowja seret – baýguşmy ýa laçynmy.


Şiraly Nurmyrat
Soho
Автор 24 июл 2023, 18:03
Nebis
Ten ýapmaga köýnek istär ýalaňaç,
Köýnekli diýr: «Wah, üstünden don bolsa!»
«Baş saglyk» diýp, Hakdan dilär garny aç,
Bäşin tapan arzuw eder – on bolsa.
Magtymguly


Adam diýgen garynja deý bor eken,
Şam-u-säher daşar eken içerik.
Çanaklapmy, bedreläpmi, haltalap,
Boş gelmäge uýalyp hem kiçelip.

Aýak asty haly, diwarlar haly,
Kürsüler, diwanlar – geçere ýer ýok.
Her gezek: «Bes edäý!» -- ýalbarýa nebis,
Şeýtan dürtýä: «Ýok, ýok, heniz bolanok».

Şeýdip ýene ýükli gelýä maşynlar,
Öý beýlede dursun, balkon dar gelýä!
Naz-nygmatdan ýaňa aşöýde ýer ýok,
Ýene hurma, injir, üzüm, nar gelýä.

Äpet telewizor her otagda dur,
Hatda hajathana biri ýetipdir!
Dogandan-gardaşdan, dost-ýardan mahrum,
Baýlygyň içinde adam ýitipdir!

Harammy, halalmy – Ýokarky bilýä,
Onuň aladasy bize galypmy?
Çybyn bolsun, sülük bolsun, parhy ýok,
Ýarylýança soranda-da ganypmy!

Sopbaş gelen sopbaş gider ekeni,
«Agaç at» artykmaç ýüke bolanok.
Baýlyk şindizem dur öňki ýerinde,
Diňe o döwletiň hojaýyny ýok.

Şiraly Nurmyrat
Soho
Автор 24 июл 2023, 18:04
Güli yolma...
Güli keýpine ýolma
Eliňe galam aldyňmy – ýaz.
Eliňe pil aldyňmy – gaz.
Ýazan zadyn küpür bolmasyn,
Gazan zadyn çukur bolmasyn.
Ýazma jäjek dakylsyn diýp,
Gazma biri ýykylsyn diýp.

Güli keýpine ýolma,
Özüňden razy bolma.
Ilki günä edip, soň etme puşman,
Özüňi hasapla ilkinji duşman.
Özüňe sög, sögme büdrän daşyňa,
Sanama, şükür et ýaşan ýaşyňa.
Ýere bakyp ýöre, daşda ýazyk ýok,
Bimany sowrulan ýaşda ýazyk ýok.

Howlyňda it saklama,
Ýal ýagysyn ekleme.
Gyzyňa ýüpek geýdir,
Ogluňa çepek geýdir.
Päliňi belent tutma,
Hem bir zady unutma:
Oglanyň on ýylda getirjek derdin
Gyz ýeke gijede getirip biler.
Biabraýlyk eşek bolup depende,
Dost diýeniň, duşmanyňdan öň güler.

Goý, egniňde jul bolsun,
Bar ýetmeziň pul bolsun,
O zatlar bir möhüm däl, Manlaýyňda möhür däl.
Bir gün gara bulut syrylyp gider,
Ömür gülle deýin sygyryp gider.
Goý, duýdansyz ajal demiň sogursyn,
Giden pilläň ýeriň garalyp dursun.


Şiraly Nurmyrat
Laçyn Bazarowa
26 июл 2023, 02:27
Awtoryñ pdf kitaby bamyka bilyanizmi