Durmuş nowellalary (8-nji bölüm)
8-nji bölüm
Gün ýaşyp garaňky gatlyşanda Jumanazar geçilerni sürüp öýlerne gaýtdy.Jumanazar öýlerine gelip geçilerini agyla saldy . Agşam naharyndan soň aýratyn jaýa geçip, düýnki ýazyp başlan ilkinji hekaýasynyň dowamyny dowam etdirdi.
"...Ol gyzy görmänime ençe wagt bolupdy. Bir gün men adatdakylar ýaly goňşymyz Aýly kakamlarda Meret , Sapar , Durdy dostlarym bilen kiçijek stolda kiçijek blýard oýnap ýördik. Günortana golaý şol gyz ejesi bilen Aýly kakamlara myhmançylyga gelipdi. Şonda men dosdym Durdydan :
-Durdy o gyz kim?-diýip soradym . Durdy biperwaý:
-Eneş daýzamyň gyzy Baharlaý-diýip jogap berdi. Ahyry men şol gyzyň adyny bildim. Soňra günortan biz öýli-öýmize dargadyk. Men öýe baryp günortanlyk edinip daşaryk çykdym. Seretsem ilerden Bahar howlukman gaýralygyna ýuwaşjadan ýöräp gelýärdi. Men Bahara gözümi aýyrman seredýärdim. Ol Bahar diýseň bahar eken. Bahar ýaly owadan, bahar ýaly mylaýym we göwnaçyk . Baharam ogryn-ogryn maňa seredip gelýärdi . Men onuň ýanyna baryp ýürekdäkilerimi aýtmalydym ýöne... Ýöne çekinjeňlik keselim iki aýagymy baglap, dillerimi lala döndirdi. Ol deňirägime golaýlady-da bir enaýy ýylgyrdy. Ol meniň tomus dünýämem bahara öwürip , ýüregimi joşa getirýärdi. Biziň howlymyz esasanam haýathana gidilýän ýol göni şol köçäniň gyrajygyndan geçýärdi. Men hajathana barýandansyrap Bahary ýol boýyna synlap gelýärdim. Onuň goňur gözleri, örüm-örüm garaja saçlary, iň esasanam kalbymy dilim-dilim edýän enaýyja ýylgyryşy hiç haçan hakydamdan çykmaz. Biz sözler bilen dälde gözler bilen gürleşip barýardyk . Ine-de men hajathana ýetdim. Bahar bolsa ýuwaş ädimler bilen öz ýoluna gidiberdi. Ýok ol gitmedi , gaýta bu harasatly dünýämde ýyldyrym goýup , ylham çeşmäm bolup goşgydyr hekaýalaryma siňip gitdi. Şondan soňra ol gyzy hiç ýerde görmedim.
Gitdiň menden , gitdiň menden daşlaşyp,
Seniň bilen gitdi ýüregmiň ýary.
Ýöne ýatlamalar ýatdan çykmaýar,
Ýatlaýaryn seni şol günden bäri.
Gördüm ilki başda , on iki ýaşda,
Şondan soňra asla görmedim seni.
Aýt Baharym menden galdyňmy daşda,
Ýa-da henizlerem söýýäňmi meni.
Gitdiň menden, dolanmadyň yzyňa ,
Dillensene dünýäm nirde galdyň sen?
Kä ýykylyp , käte çöküp dyzyma,
Şu wagt hem seni gözleýärin men."
Jumanazar " 12 ýaşly oglanjyk" diýip atlandyran hekaýasyny ýazyp boldum edip , aýratynja , akja depdere owadanlap ýazdy. Soňra hekaýany hemmelerden ýaşyryp , gizlinje ýerde gizläp goýdy.
Aslynda Jumanazar çagalygyndan bäri ýazan eserlerini gizlin ýazardy , gizlin saklardy. Olary özbaşdak okardy, özbaşdak guwanardy. Ol şu wagt hem "Özbaşdak , gizlin goşgyçy bolup biläýsedim" diýip arzuwlady. Emma onuň bu gizlinligini synpdaşy Mahym açyga çykardy. Günlerde bir gün Jumanazar synp ýolbaşçysy Öwezmyrat mugallymyň okadýan edebiýat sapagynda şu aşakdaky goşgysyny ýazyp otyrdy.
Dişleriň deňiziň dür dänesimi?
Sözleriň kalbymyň syrhanasymy?
Mähriňem ýyljajyk göýäki Güneş.
Gursagym mähriňden hiç ganmadymy?
Umman gözleriňde galýan gark bolup.
Hany halasgärim ýar gelmedimi?
Kirpigiň hanjardyr , kalbyma sünjer.
Ýa-da aşygyndan ar almasymy?
Yşk meýin içsedim dodaklaryndan.
Damjalap-damjalap bal dammadymy?
Ogşamana dözmen ýaňaklaryndan.
Ýaňja gyzaranja ter almadymy?
Dillerden dökülen "Dür dänelerem"
Waspyňy ýazmana ýaýdanmadymy?
Dessanlar däl , romanlaram az saňa.
Bu gazal ummandan bir damjadymy?.
Soňra jaň kakyldy. Jumanazar ýazan goşgysyny ýadyndan çykaryp partanyň üstünde goýup gidipdi. Mahym bolsa ol goşgyny alyp synp ýolbaşçysy Öwezmyrat mugallyma görkezdi. Ol goşgyny okap Öwezmyrat we beýleki mugallymlaryň Jumanazara bolan garaýyşlary üýtgäp başladylar. Jumanazar ikinji synpdan bäri goşgy ýazsada hiç kime aýtmaýardy. Mekdebinde ylaýtada hut öz synpynda şeýle zehiniň bardygyny bilen Öwezmyrat mugallym şondan soňra Jumanazary birneme süýregläp başlady. Öwezmyrat mugallymyň özüde türkmen dili we edebiýaty derslerinden okadan soň edebiýaty hasam hormatlaýardy...
Jumanazar şeýle hyýallar bilen düşegini ýazdy. Ýumşak ýassygyny düşeginiň baş ujyna , sowujak ýorganyny bolsa aýagujyna oklady. Wagt birçene barypdy. Soňra Jumanazar çyrany öçürüp , düşegine geçip , süýji düýşlere gark boldy.
Şol gije ýatanynda Jumanazar juda täsin, özüneçekiji , duýgyly düýş gördi. Ol düýşünde gadymy döwürlerde ýaşaýan adamlaryň köne jaýyna giripdi. Ol ýuwaşjadan ädimläp iki şemiň arasynda duran kagyzyň ýanyna golaýlaşyp barýardy. Jumanazar köne kagyzyň ýanyna golaýlap ondaky iki setir goşgyny okady. Ol iki setir şeýle bir manylydy, şeýle bir täsirlidi. Şol pursat Jumanazar birden gözüni açdy. Ol oýananda säher guşlary jürküldeşip , horazlar sesi ýetdiginden , aýagaldygyna "gy-gy-gy-gy" gygyryşýardylar. Jumanazar ýaňja düýşündäki okan goşgysyny ýatlamaga çalyşdy. Ýöne şol ikije setir mesnewi teý ýadyma düşmedi. Şondan soň Jumanazaryň özüde şolar ýaly gysgadan manyly goşgy ýazmagy arzuwlap bir näçe setirler döretdi.
Hassa melhem gerek, şahyra ylham.
* * *
O:t tüssesiz bolmaz, adam gussasyz.
* * *
Müňlerçe goşgylar ýazandan eger,
Ýekeje goşgy hem baryna deger.
* * *
Her bir adam, adam bilen adamdyr,
Bu dünýäde ýaşap bormy adamsyz?
* * *
Garyplaram bagtlydyrlar hökmany,
Bagty puldan gözlemeklik hökmanmy?
* * *
"Bagt nirde?" diýdi , diýdim gülüp men,
"Gözlemeli ony her kynçylykdan."
* * *
Şahyr bolsaň ýazmaly sen köp zady,
Internetde, kitaplarda ýok zady.
* * *
Bilseň ylym-bilimdir ,
Bu durmuşyň açary,
Gel ylym bilim bilen ,
Geljege ýol açaly.
* * *
Biz çagakak köp aglardyk,
Hemme zatlar geňlik, taňlyk.
Indi agynyň öwezin,
Tutdy zalym gaharjaňlyk.
* * *
Goý mydam ýagşy adamlar,
Ýagşy ýola ätlesinler .
Sen dünýäde ýagşylyk et,
Ýagşylykda ýatlasynlar.
* * *
Hiç haçan hiç kimiň üstünden gülmen,
Şeýle waka ençe gezek duşýaryn.
Eger bir adamyň üstünden gülsem,
Soň özümem şoň gününe düşýärin.
* * *
Haktagala hiç bir zady,
Ýönelige ýaratmaýar.
Her bir zada siňe seret,
Onda uly many bar.
Ýaşaýaňmy dünýede?
Onda dünýä gerek sen.
Düşün adam bu dünýä,
Geleňok biderek sen.
(8-nji bölümiň soňy, dowamy bar)
© Gerçeknazar AMANNAZAROW
(Gökdepe 22.07.2023)

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.