Döwlet Orazsähedowly edebiýat agşamy

Döwlet Orazsähedowly edebiýat agşamy.

1-nji bölüm

Bu gün 2023-nji ýylyň iýul aýynyň ýigrimi üçi. Ine bu gün hem paýtagtymyz Aşgabatdyň "Kämil bilim" merkezinde edebiýat agşamy geçirildi. Edebiýat agşamynyň bu günki myhmany şahyr Döwlet Orazsähedow boldy. Adatça iki hepdeden bir gezek  bu ýerde döredijilik duşyşygyna ussat ýazyjy-şahyrlardan ýa-da döredijilik bilen meşgullanýanlar, tanymal halypa we ýaş şahyrlardan biri çagyrylýardy. Beýlekiler bolsa oňa edebiýat , poeziýa, şahsy we şuňa meňzeş soraglary berýärdiler. Ýörite çagyrylan myhman bolsa başardygyndan şol soraglara jogap berip, özi we döredijiligi barada maglumatlar aýdýardy.Döwlet Orazsähedow salamdan soň söhbetdeşligiň başyny şeýle sözler bilen başlady.
- Ine bu gün tüweleme edebiýat agşamyna ençeme adam gelipdir. Eger ýekeje adam gelen bolsada men öz duýgylarymy , goşgylarymy paýlaşardym. Esasy zat "Edebiýat" diýlen zat ,kär däl . Ony ýaşap bolýar . Ol ömür. Ol durmuşa bolan garaýşyň. Şol zatlaryň hemmesini , ak kagyza siňdirip , paýlaşasyň gelýär.
Soňra Döwlet aga söhbetdeşligiň başyny öz terjimehaly barada gysgaça tanyşdyrdy.
- Terjimehal barada aýdanyňda , mekdebi Wekilbazar etrabynyň Gadyrýap obasynda , 1965-nji ýylda okadym. Mekdebi gutaryp Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetde okuwa girdim. Bir ýyl okap watan gullygyna gitdim. Goňşy ýurdumyz Owganystanda gullyk etdim. Gullykdan gelip Minskiň pedagog institutynda bir ýyl okadym. Şol döwürler  ýazyjy-şahyrlar bilen gatnaşykda bolýardym. Goşgylam metbugatlarda çap edilýärdi. Ine gysgaça şol okuwy gutardym. Okuwdan Aşgabada işe ugratdylar. Soň Aşgabada işledim. Gysgaça şeýleräk.

Terjimehaldan soň Döwlet aga bize ýüzlenip :
-Indi soraglaryňyz bar bolsa beriberiň ýa-da goşgy okap başlaýaýynmy !-diýdi. Şol wagt edebiýat agşamyny gurnaýjysy Myratgeldi :
-Ilki goşgy okap başlaýyň , Onsoň sorag-jogap bilen dowam edäýeris- diýeninden soň Döwlet Orazsähedow ýany bilen getiren goşgylaryny okap başlady.

Gijeki söhbet

Aman-esenmisiň syrly okyjym!
Saglyk amanlykda ýaşaýan menem.
Bar diýmeseň biraz ýürekde sanjym,
Hem azajyk gabaklarym ýellenen.

Bagyşla, ýüzlendim men bimahal ýazyp,
Igenen umytly bekleýän zadym.
Güýzüň gijeleri bolansoň uzak,
Gözlerimde uky ýetmeýän zadym.

Hem pursat ýok syrdaş taparym ýaly,
Ýeňledere gursakdaky heseri.
Hem gözüme dynsyz kakarym ýaly,
Tamamlap bilemok başlan eserim.

Bilseň , halys maňa zerur bolansyň,
Içdökmäň goýasyn gelenok kemin.
Bu gije şeýle bir rahat bolansoň,
Demiň aňyrsynda eşdilýär demiň.

Paýlaşasyň gelýär ýürekde baryň,
Göwnüňe gelenok şu hal goýasyň.
Seni demiň aňyrsynda duýýaryn,
Hem bilýärin sen oýasyň, oýasyň.

Soňra Döwlet Orazsähedowyň:
-Obam hakda-da goşgy okap beräýeýin diýdi. Diňleýjiler :
-Okaý-okaý- diýenlerinden soň aşakdaky goşgyny okady.

Eneýap

Gözbaşa dolangyn alaşsaň hergiz,
Ýodalary yzlap bilseň ýetersiň.
Dünýäde ýeketäk , mähriban obam,
Garaşýandyr mydam iru-giç gelseň.

Ýüzüň sähra tutup otyrmyň obam,
Gür baglara büräp töwerek daşyň.
Ýene-de getirdi äkiden ýollar,
Sag ýana , sol ýana ömri paýlaşyň.

Gidemde ýol birdi, köpeldi soňra,
Üleşikde hersi öz paýyn aldy.
Maňa bolsa syrap, alňasap barýan,
Bir günlüjek myhman, ýolagçy galdy.

Ekin meýdanlary tanyş ýodalar,
Bir  ýerlerde tyr-tyrlap ýör traktor.
Çagalykda pagta otan pellerme,
Belki ol mendenem belediräkdir.

Bilmen, oba gelseň açylýar göwnüň,
Ýöremekden lezzet alýan kärim meň.
Garalyp görünýän alaňlary aşsaň,
Göýä çagalygma düşjek ýaly men.

Obaň yzyn syryp gaýdýar eneýap,
Akyp ýatyr tutlaň köklerin sypap.
Başynda çök düşüp suwundan içdim,
Eglenmedim munda bir günlik myhman.

Eýýäm günbatara tegelendi Gün.
Menem eglenmerin daňym ataryp.
Diňe munda baky galar eneýap
Gelene-gidene ýol tapyp, gelip.

Döwlet aga her goşgysyny okap bolanyndan soň zalyň içinde şowhunly elçarpyşmalar ýaňlanýardy. Elçarpyşmalardan soň Bekdaş Öwezow , Döwlet aga şeýle sorag berdi.
-Döwlet ! Şu goşgy ýazanyňda diýýän-ä , bir bada ýazanyňda gutarýaňmy ýa ... Nähiliräk bolýar?
Döwlet Orazsähedow sowaly şeýle jogaplady.
-Dogrysy käbir goşgylarymy on ýyllabam ýazýan. Iki topbagyny ýazýan , on ýyldan soň ýene-de gaýdyp gelýän. Bir gezek ýörüte ýazmak üçin obanyň çetine çykdym. Ýanyma iki sany depder aldym, iki sany galam aldym, aýratynja ýere on günläp ýazmaga bardym . Şonda on günüň içinde ýekeje setirem ýazyp bilmedim. "Poeziýa" diýlen zat juda syrly zatda . "Edeýin" diýip edip bolanok . "Ýazaýyn " diýip ýazyp bolanok . "Ýazmaýyn" diýip ýazman bolanok .
Jogapdan soň Ogultäç Oraztaganowa şahyra ýene-de bir sorag berdi.
- Döwlet ! Gowy goşgylary okanyňda  sende nähili duýgylar oýanýar? Begenýäňmi, gynanýaňmy, ýa şolar ýaly ýazyp bilmeýäniňe gaharyň gelýärmi? Ýa-da şolar ýaly gowy goşgy ýazasyň gelýärmi ? Sizde nähili duýgylar bolup geçýär?
Döwlet aga bu soraga-da şeýle jogap berdi.
-"On ýaşyndaka Lermantow Puşkiniň goşgylaryny okap aglapdyr" diýýälerdä, "Men ölsemem şular ýaly goşgylar ýazyp bilmerin" diýip. Lermantowyň özi Puşkinden ökde bolup çykda. Adamyň özünden talapkärçiligi  gowy zat. Adam özünden talapkär bolsa poeziýa täsir edip biler. Okamak diýlen zat öz goragyňy köpeltmek. Bir kitap, bir ömür . Şahyr şol bir kitaba ömrüni sarp edýär. Biri diýýär" Köp okasaň birine meňzärsiň" . Ýok, ol ýalňyş. Täsirlenme bolýar ol. Tebigatda-da bar täsirlenme. Aýyp zat däl ol. Baglaram biri-birine meňzäp ýaprak açýarlar-a.
Soňra Ogultäç Oraztaganowa Döwlet aga ýüzlenip şeýle diýdi.
-Özüňiz hakynda nähili pikirde? Özüňize garaýşyňyz.
Döwlet Orazsähedow bu sowala:
- Men başarsam gowy zat ýazjak bolýan. Özem her ýazan goşgymy on gezek, ýigrimi gezek düzedip ýazýan. Goşgylarmyň awtoram özüm ,  okyjysam özüm. Onsoň özüm ýaly okyjym bolmagyny arzuw edýän -diýip jogap berdi. Şol pursat Bekdaş Öwezow şeýle soragy orta atdy:
-Tankyda nähili garaýaňyz?!
Döwlet şahyr sowala öňden garaşýan ýaly  bada-bat jogaplady :
- Ýüzleý dälde düýpli tankyt bolsa örän gowy görýän . Esasy bellemeli zat . Gynansagam şu wagt bizde tankyt ýok. Tankyt edebiýatyň ösmegine täsir edýär...
Soraglardan soň biraz ara maý salyp Döwlet aga goşgylaryny okap berdi.

Orta ýolda oýlanma

Biraz dem dürsedim argynly ýoldan,
Şemala ses edýän baga söýenip.
Diñe şu pursatda men görüp galdym,
Aýagyma bitaý köwüş geýenim.

Oýlanman ekenim men özüm hakda,
Asla şunda eken utanýan ýerim.
Durmuş durşy bilen tomaşa, sahna,
Ah...kesip bolsady utulýan ýeriñ.

Ömür diýlen zadam uzak däl eken—
Bir başa çekemde içip gutardym.
Täk ömür däl, düzgünlerin halasam,
Islendik oýunda hökman utardym.

Durmuş diýilýän zat oýun däl eken,
Şoñ üçin ýok belli külli düzgüni.
Bar arzuwym köpçülikdi häli meñ,
Indi welin küyseýärin düzleri.

Duýdum, wagt geçenok, özümiz geçýäs,
Bize çyndan gol bulanlañ deñinden.
Ýaza däl-de, biz gyşlara garaşýas,
Solmak üçin olañ sowuk deminden.

Dertler gider öýdýäs bu ýyllar bilen,
Bahara garaşýas tä güýze deñiç.
Gyşlar geçdi ýyly geýimler bilen,
Köñlümizdäki gyş geçenok heniz.

Öñi-ardy görünmeýän bu ýolda
Duşan dertleñ çökderräkdi meñkiden.
Biz gülleri saýgarýarys hyýalda,
Garrañkyda bar gülleriñ reñki deñ.

Şeýdip durmuş bizi kowýar çar ýana,
Islegine görä, keýpine görä.
Hanjar berer gursagyñy ýarmaga,
Ýöne ýar beräýmez söýşüňe görä.

Aýdylmaly zatlar aýdylman galar,
Ýaşalmaly günler ýaşarlar dogman.
Ýogsa, nädip durmuş adyn gazanar,
Tapyp ýitirilmän...güllemän...solman...

Bitaý köwüşlerde bir menzil geçdim,
Beter gümra bolup öz aýdymyma.
Men ykbalym bilen şeýle meňzeşdim—
Saýgar ýalam däldi bitaýlygymy...

(Dowamy bar)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW.
4 лайков 155 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
26 июл 2023, 23:01
Edil özümem gatnaşan ýaly duýdum, sag bol zähmetiňe!
Massimus
26 июл 2023, 23:03
Dogrusy bu şahyry tanamokdym, gowy goşgulary bar eken halypaň
Gerceknazar
Автор 26 июл 2023, 23:23
Massimus, sizem sag boluň okanyňyza. Ýene dowamynam ýazyp ýörün. Nesip bolsa erte-birgün goýaryn.
Massimus
26 июл 2023, 23:33
Ok, minnetdar!
Kerbaba
28 июл 2023, 09:32
Гадыряп обасы Векилбазара дегишли дал бооаймасын? Мена Гарагум этрабына дегишли дп йоидум. 1965 де мекдеби гутарып окува гирип бир йылдан сонам гуллуга гиден болса.. овганда гуллук эден болса 1967 нжи йыллар болямы? Совет гошуны овгана 1979 нды йылда гирди. Бир ялнышлыга бар шу ерде?