Geljegmiziň ilçisi (hekaýa)

GELJEGMIZIŇ ILÇISI

"Ýatsakda görýäris täsin düýşleri,
Düýşler biziň geljegmiziň ilçisi."

Maşgalaň körpesi we iň eý görülýän agzasy bolan  Gurbannazar ir bilen turasy gelmedi. Ol ejesiniň üznüksiz gaýtalaýan:
-Gurbannazar turaý balam , Gün al-asmana galdy, turaý indi-diýen sözlerine ähmiýet bermän , ýatdygyça ýatasy geldi. Ahyry ol kellesini ýumşajyk bilen  ýassykdan göterip , kiçijik elleri bilen gözjagazyny süpürüşdirip ala ukyly ýagdaýda birneme otyrdy. Ýeňiljek göwresini zordan ýerinden göterip, grandyň başyna bardy. Elini-ýüzüni ýuwup , saçagyň başyna giçip , ertirligini edindi. Ertirlikden soň  derrew goňşysy we dosdy Durdynyň öýlerine eňdi. Durdynyň täze  alynan , daşy ýuwşajyk ,akja  topy  bardy . Gurban , Durdy, Kerim, Arzuw,Mekan , Medet ... dagy her gün diýen ýaly şol topda futbol oýnaýardylar. Gurbannazar baranda eýýäm Durdy , Mekan , Medet dagy penalty depişip duran ekenler. Gurbannazar gelen badyna futbalistler  iki-ikiden iki topar düzülip , oýna başlandy. Alty ýaşly Gurbannazar bilen on iki ýaşly Mekan bir toparda, sekiz ýaşly Durdy bilen ýedi ýaşly Medet garşydaş toparda oýnaýardylar . Soňra ýerli-ýerden  oýunçylar gelip oýuna goşuldylar. Oýunçylar geldigiçe oýun git-gitden gyzyşyp barýardy. Oýunyň iň gyzgalaňly pursatlarynda Gurbannazar topy alyp garşydaşyň derwezesine tarap bar bady bilen ylgapdy . Medet onuň yzyndan ylgap bardy-da Gurbannazaryň aýagyna badak goýdy. Gurbannazar süssenekläp ýere ýüzün ýazylyp gitdi. Gurbannazar inçejik sesi bilen müňňürüp  aglap , aýagyna garady. Dyzynyň aşagyndan ökjesine çenli injiginden gara gan syrygyp akýardy. Ülpetler "Näme boldy-da , näme boldy?" boluşyp Gurbannazaryň daşyna tegelendiler. Gurbannazar bolsa gözüniň ýaşyny akdyryp , zordan süýrenip·süýrenip ýoluň gyrasyna geçdi.

*   *   *

Jumanazaryň ýaňy bir okuwdan ýadap gelip duran wagtydy. Ol p äkmesini çüňke taşlap, okuw eşiklerini çakaryp öý eşiklerine geçen badyna , köçeden bir çaganyň aglaýan sesini eşidip , köçä çykdy  . Ilerligine seretse jigisi Gurbannazar aýagynyň ganyny akdyryp , inçejik sesi bilen şumjaryp otyrdy . Jumanazar haýdaşlap jigisiniň ýanyna bardy. Gele-gelmäne:
-Näm boldy?- diýip Gurbannazaryň aýagyny elleşdirdi.. Gurbannazar aglaşlap:
-Ýykyldym-diýip gözüniň ýaşyny süpürdi. Jumanazar jigsini ýuwaşlyk bilen göterip öýlerine alyp gitdi. Gurbannazary görüp ejesiniň ýüregi üýtgäp gitdi.
-Wah balam , näm boldy, ýykylaýdyňmy ? - diýip ony içki jaýa geçirdi. Bada-bat marly , pagta,  ýod getirip ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge başladylar. Sona daýza  pagta alyp ýuwaşjadan ,  aýagynyň ganyny süpürdi. Tas bilen suw alyp aýagyny ýuwdy. Indi aýagynyň niresiniň ganaýany belli boldy. Gan göni dyzynyň aşagyndan ýuwaşjadan syrygyp durdy. Gurbannazar ýykylanynda dyzyndan aşagynyň öň tarapynyň 10-15 santimetr ýeri sypjyrlypdyr. Sona daýza çalasynlyk bilen oglunyň aýagyna ýod  çalyşdyrdy. Ýot ýara her degende Gurbannazar öňküsündenem beter möňňürüp aglaýardy. Sona daýza gaharjaňlyk bilen :
-Gowy boldy saňa indi topa gitmänjik geçersiň. Kim "Git" diýdi saňa top oýnamaga . Günde giden bolýaň, otyryberdä öýde, mültik görde...- diýip iňirdeýärdi. Sona daýza  ýara ýod çalyp ony marly bilen sarap-sarap gowy edip daňdy. Aýagynyň ýarasy saralandan soň Gurbannazar biraz köşeşdi. Sona daýza bolsa balasynyň başujyndan aýrylyp bilmeýärdi. Şol wagt Gurbannazaryň birden  bir zatlar ýadyna düşüp:
- Eje şu wakany düýşümde-de görüpdim- diýdi. Sona daýza oglunyň bu sözlerine geň-taň bolup:
-Haçan gördüň ?-diýip sorady. Gurbannazar :
-Aralarda - diýip gümürtik jogap gaýtardy . Ol hakykatdanam topda ýykylyp aýagyny agyrdyşyny, dogany Jumanazaryň ony göterip öýe getirşini, edil şu wagt , şu düşekde ýatyşyny düýşünde-de görüpdi. Ýöne onuň çagalygyndanmy ýa-da başga sebäplerdenmi "Men huşumdaky wakalary düýşümde öňünden görýän " diýse oňa hiç kim , hatda öz ejesi hem ynanmaýardy.
-Wah çagamyň kellesine-de bir zatlar bolupdyr öýdýän. Kakasy gelende dogtara görkezerisdä - diýip Sona daýza öz ýanymdan oýlandy.

(Bolan waka esasynda ýazyldy)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW


1 лайков 90 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.