Gapy / mini-nowella

Obadan jaý satyn aldy.
Dynç gününe laýyklap, içini akyr-ukurdan arassalamaga başlady.
Günbatar diwaryna ýabşyrylyp goýlan, warak şkafy ýerinden süýşürende, aňyrsynda gapy bar eken.
Geň galdy.
Sebäbi satyn almak üçin gelende, jaýyň daşyna birlaý aýlanyp çykypdy. Şonda onuň arka tarapynda hiç hili ötük-pötük görmändi.
“Beh, çykalgasyz gapyny bu diwara nämüçin berçinläp goýdularka-raý?!”.
Iňkis bilen ýeňsesini gaşady-da, işigiň tutawajyna elini uzatdy.
Çekip gördi.
Açylmady.
Itip gördi.
Açylmady.
“Ýaponlaň gapysy ýaly gyralygyna süýşýän bolaýmasyn...” diýen çaklama bilen iki tarapa-da süýşürjek boldy.
Süýşmedi.
Birdenem girre gahary geldi.
“Näm-aý? Atamdan miras galmady, bi tam. Ýa babam inji bermedi. Ýa-da bagty çüwen käbir illeňki ýaly gaýynlardan peşgeş dä munym. Gel-gel indi, hut özjagaşymyň elim bilen pul töläp satyn alan jaýymda, haýsydyr bir gapyjyk meniň öňümde iki eplenip açylmagyň öwezine, şeýden bolar durarm-aý?!”.
Gitdi-de, çekiç-pekiç, ol-bi gurallaryny getirdi. Dergazaba münüp, gapyny döwmäge girişdi.
Döwülmedi.
Täsin.
Öz-ä bir adaty agaç welin, edil Fort Noksyň “bütin dünýäň tyllasy şö:rde gizleňgidir” diýilýän myş-myşyň hyzmatyndaky, mähnet polat seýfleriniň işigi pisint, çekiç bilen ýenjenine-de per bermeýär, gaňryp-goparmaga çytraşyp, hünibirýan dyzanyna-da.
Suw-sil ýadap, gerşini gapa berdi-de, syrylyp aşak çökdi.
Haş-haşlap, öýkeni agzyndan çykyp gelýär.
“Gümüne gitsin-laý! Häzir açaýanyňda-da aňyrsynda nä, firdöws jennet ýa-da soňky Sasany şasy Ýezdigerd III-niň araplardan Köpetdagyň buljumlarynda gizläp goýan 20 müň gatyrlyk şalyk hazynasy bardyr öýdýäňmi? Bolaýsa suwagsyz, ýalaňaç kerpiçden diwardyr-da. Öňki eýeleri ilk-ä bir najatlary üçin ötük oýandyrlar. Soňam: “Zowwam yskywaznyýak süňkleri sapsym kül edip barýar-aý, sluşaý war-a...” bahanasy bilen, aňry ýüzünden kerpiç öräge-de, ýüzünem suwap, mazaly tepbetläp äpberenlerdir-dä. Onnoň, şoň üçribem kösenip nätjek? Ussa getireniňden soň: “Gapyny goparyň-da, bäri ýüzünem diwar bilen des-deň ediň!” diýip tabşyr! Wessalam, bolany bor-da...”.
Özüni hernäçe köşeşdirjek bolsa-da, bolanok.
Nämüçindir, hut şu pille şu gapyny açyp, aňyrsynda näme bardygyny göresi gelip, içi byjyklap alyp gelýär.
Birdenem, kellesine güpbe täze pikir geldi.
Guma bulaşyp oturan ýerinden sähel gobsundy-da, orta barmagydyr ogulhajadyny epip, gapyny tyrkyldatdy.
Şyrk!
...etdi-de, işigiň gulpy içinden ýazdy.
“Weh! Gör-ä muny! Gapyny döwjek bolup dyzap ýatman, açylmagy üçin, ony diňe edep bilen kakmak ýeterlik eken-ä!” diýip oýlandy.
Ýüzi ýagtyldy.
Hasyr-husur dikeläge-de, üsti-başynam kakman, işigi özüne çekdi.
Açyldy.
Sakynman girip gitdi.
Demsalym geçip-geçmänkä-de dazanaklap, yzyna çykdy.
Ýaňy girende, şar-gara saçlaram juw-ak.
Rožasam sapsym morda däl.
Ýüzi heniz kyrky-da dolmadyk adamyň ýüzüne düýbünden çalym etmeýär.
Şu ikaralykda juda garryýasaw bolmaga ýetişen keşbinde, gasynlar joýa-joýa.
Çykyşyna-da ýeke pursatlygam eglenmän, gapyny jarkyldadyp ýapdy. Demi-demine ýetmän sojap, çamalagy çaşgyn şkafy ýerine süýşürdi.
Şol durşuna-da, yzyndan allajy kowalaýan dek haýdaşlap, daşaryk ýöneldi.
Gidip barşyna-da daşyndan gürleýänini özem duýman, hümürdeýär:
-Açylaýanda-da hemme gapylara giribem ýörmeli däl eken-ow...
...Ol, şol günüň özünde-de, jaýyny zyýanyna bolsa-da geçen bahasyna satmagyň ugruna çykdy.
Näme üçinkä?
Hudaý bilsindär-aý bar-a...
2 лайков 192 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
26 июл 2023, 11:49
Eddil şu wagtky stilden ýazypsyň-aý wara . Gapynyň aňyrsynda näme bardygyny bilesim gelip , bilip bilmän-bilmän içim ýandydaraý. Ýazyşyňa sözüm ýok-da agamjan. Tüweleme şeýtde ýazda bize-de ýetirip duraweri.
murat yousef
26 июл 2023, 11:59
Kitapçyda okapdym...
Owrenyan
Автор 26 июл 2023, 17:25
Gapy barada anekdotlar:

Ştirlis gapyny itýär.
Açylanok.
Ştirlis gapyny has batly itýär.
Açylanok.
Ştirlis gapyny depýär.
Ýene-de öňki-öňkülik.
Ştirlis yza tesýär-de, bat alyp, ylgap, tutuş göwresi bilen gapa urulýar.
Gapy mizänogam.
-Ýapyk öýdýän-ow!-diýip Ştirlis çaklaýar.

Nemesler dünýäde iň dogruçyl milletleriň biri hasaplanýar.
Bir gün Ştirlisi tutmaga birtopar gestapoçylar gelipdir-de, onuň gapysyny kakypdyr.
-Men öýde ýok,-diýip aljyran Ştirlis içerden gygyrypdyr.
Gestapoçylar yzlaryna öwrülip gidipdirler.
“Her kim özüne osar” diýleni :-).

Gapyň jaňy basylýar.
Ejesi açýar.
-Salawmaleýkim, Sapa bam-aý?!
-Äleýiksalam. Bar. Ýöne ol nahar iýýär. Belki, seniňem nahar iýesiň gelýändir.
-Howwo...
-Bar onda öýüňize git-de nahar iýip gel :-).

Bir deňizçi uzak wagtlyk iş saparyndan soň öýüne dolanýar.
Gapysynyň jaňyny basýar.
Açylanok.
Has gahar bilen basýar.
Ýene-de şonuň ýaly.
Ýumruklap başlaýar.
Üýtgän zat ýok.
Gaharyna bäs gelip bilmän aýagy bilen depmäge başlaýar.
Şol wagt goňşy öýüň gapysy açylýar-da, igenjeň kempiriň ýüzi görünýär:
-Sen şahyň bilen süssene, şahyň bilen! Belki, has gatyrak tarkyldap, içindäkiler eşiderler :-(.

Işgärleriň birine üç ýylyň zähmet rugsadyny birden berdiler welin, 90 günlük rugsada çykan işgär başlygyň iş otagynyň gapysyndan keseligine ýöräp çykyp gitmäge mejbur boldy. Sebäbi onuň ýylgyryşy gönüligine gapa sygmady :-).
murat yousef
26 июл 2023, 19:34
Gerceknazar,
Bilesiň gelse yzyny sen ýaz, bizem bileli nämbarlygyny!:)))))
Gerceknazar
26 июл 2023, 20:08
menembiri1, Ol gapyny açyp içeri girýär. Görse garaňky jaýda Gerçeknazar goşgy ýazyp otyr. Onuň ýazan goşgylaryna ýüregi ýarylyp dazanaklap yzyna çykýar.
murat yousef
26 июл 2023, 21:18
Gerceknazar,
? Tüýs ýerine düşdi diýilýänleri boldy...
Balary
27 июл 2023, 18:10
her açylan gapydan giribermelem dâl. her bir gapyny açjagam bolmaldâl...
Balary
27 июл 2023, 18:11
diyen pikir doretdi hekaya mende.