Döwlet Orazsähedowly edebiýat agşamy (3-nji bölüm)

3-nji bölüm

Bu günki edebiýat agşamynda diňe Döwlet Orazsähedow däl beýleki halypalar şahyrlar hem şu berilýän sowallara özleriniň pikirlerini goşup, giňişleýin pikir alyşýardylar. Esasy halypa şahyrlar köplenç  ýaş şahyrlardan geljek sowallara garaşýardylar.
Soňra Nury Sakçyýew  şahyra şeýle sorag berdi.
-Döwlet aga şygyr bilen goşgyň näme tapawudy bar?
Döwlet aga sowaly bada-bat jogaplady .
-Ikisem bir zat . Şygyr ýazýana goşgy diýýär, goşgy ýazýanam şygyr diýýä. Ýöne şygyr stil taýdan edebiliräkdä. Stil tapawudy bar.
Jogapdan soň menem Döwlet Orazsähedowa ýüzlenip :
-Döwlet aga diňe goşgy ýazýaňyzmy ýa hekaýa zadam ýazýaňyzmy ?!-diýip soradym. Döwlet aga şol wagt:
-Makala ýazdym men -diýip ýazan makalalary  barada birnäçe maglumatlary aýtdy. Ondan soňra Döwlet Orazsähedow ýürege ýakyn goşgylaryny okap berdi.

Bag içinde söhbet etdim ýar bilen,
Ýarym ýalňyz goýdy , bag bilen galdym.
Dagda söweş gurdum namys-ar bilen,
Dostlam ýeňse döndi, dag bilen galdym.

Diwana deý uçup çykdym hatardan,
Gijelem juda çuň daňym atardan,
Çöl börüsin tüpeň bilen apardym,
Ökündim, huş göçdi, aw bilen galdym.

Ýoldan başlap, ýodalary ýitirdim,
Müň pişä baş goşdum, bir iş bitirdim,
Ýarym daşda galdy sesim ýeterden,
Gamdyr gussa, goşa tar bilen galdym.

Gül diýip ýapyşdym, tikeni tutdum,
Humara baş goşdym, özümi utdum,
Damja deý arzuwlaň deňzinde ýitdim,
Hiç kimse gerekmez jan bilen galdym.


Ýene ýolagçy men säher çagynda,
Şemala saçymy galgadyp gitdim.
Daňa golaý uklan sallançagynda,
Oglumy oýaryp, agladyp gitdim.

Sopbaş, ýakyn-ýatdan bölünip gitdim,
Ýada salyp bulutlaryň tüýdümin.
Obaň itlerini örüzüp gitdim,
Diňläp olaň alasarmyk üýrüşin.

Kertip gitdim bütin günüň bir çetin.
Ýyrtyp gitdim uly ýoluň bir ýanyn.
Diňe säher örenlere görnerin,
Diňe baglar duýar gidip barýanym.

Çözüp gitdim säheriň başogusyn,
Guşlar galdy allaniçigsi halda.
Oýaly-ukyly günüň doguşyn,
Nesip bolsa, garşy alaryn ýolda.

Tapylmaýan zat

Meni ýalňyz goýdy mähriban ýarym,
Ýöne, geň zat, ýekeligi duýmadym,
Bu daglaryň, bu baglaryň goýnunda
Ýazlar bilen bälçireşip oýnadym.

Meni ýeke goýdy mähriban dostum,
Ýöne welin ýekeligi duýmadym,
Ömrümiň her güni bir dost tapyldy,
Olar bilen şady-horram oýnadym.

Dert tapylsa, derman tapylýan eken,
Tapylmaýan zady ýyllar gizläp dur:
Dostdan galan ýara bitiberenok,
Ýardan galan ýara heniz syzlap dur.

Döwlet aga goşgylarny labyzly ýürekden okaýardy welin täsirlenmezlik mümkin däldi.
Edebiýat agşamy ahyrlaberende  Myratgeldi öňe çykyp şeýle diýdi.
-Döwlet aga bilen biz iki müň ýigriminji ýylda tanyşdyk. Şu edebiýat agşamlaryny geçirmegimiziň maksady öz täze ýüzlermiziňem bardygyny ýüze çykarmak isleýäsdä. Awtoryny tanasaň hasam gowy okalýan eken. Döwlet aganyň goşgylarynyň aýratynlygy hakykatdanam beýleki şahyrlara meňzemeýän tebigylygy bilen tapawutlanýar. Ine şu wagtam goşgylaryny toplaýas .Häzir "Ýolagçy" ady bilen Mukam Muhamow bilen işläp ýörüs. Bu edebiýat meň pikirimçe ýitmeli däl. Gurbandurdy Orazow 28 ýaşynda 21 ýaşly şahyra iň gowy goşgysyny bagyşlapdyr-da. 21 ýaşynda goşga bagyşlanmak , onda-da gowy goşga bagyşlanmak , elbetde aýratynlygyň barlygyny aňladýar. Şonuň üçin sag bolsun söhbetdeşligiň başynda "Bir adamam bolsa goşgylarymy okap, paýlaşaryn " diýipdi.Gurbannazar Ezizowa goşgy ýazdym diýdiň-ä Döwlet aga, näçe ýaşyňyzdadyňyz şol wagt?!
Döwlet aga duýdansyz soraga biraz ardynjyrap:
-Bäşinji , altynjy klasda okaýarkam ýazdym öýdýän-diýdi. Myratgeldi bolsa :
-Şol goşgyny aýdyp beräýseňiz- diýip ýüzlendi. Döwlet Orazsähedow:
-Gurbannazar Ezizowyň "Ynam" diýen kitabyny okadym çaga wagtym. Şonda şu goşgyny ýazasym geldi- diýip Gurbannazar Ezizowa bagyşlap ýazan goşgysyny ýatdan okap berdi.

Ol güýzi söýüpdi, ol ady belli,
Onuň sözleri hem şeýle bir sada.
Poeziýaň Gurbannazar Ezizi,
Aramyzda ýokmy, dirimi ýa-da ?

Ýok ol aramyzda, zalym hakykat.
Başga hilli berip bolanok jogap.
Gör bu gün hem meniň güýz göwnüm tukat,
Tukat bu gün tukat güýz pasly tukat .

Tukat Ýere gaçyp saralan ýaprak,
Tukat güýz ýagyşy, tukat Gün ýaşýar.
Tukat bu gün gaty ýalaňaç toprak,
Güýz geçirimlilik edip gyşa garaşýar.

Güýz ýerne gyş pasly geläýjek ýaly,
Güýz diýeniň , güýz ornunda gelmese.
Şu tukatlyk ömür bolaýjak ýaly ,
Güýz şahyry Gurbannazar bolmasa.

Zalda ýene-de şowhunly elçarpyşmalar ýaňlandy. Soňra Bekdaş Öwezow şahyrdan :
-Aýdymlaryňyz barmy?-diýip sorady. Döwlet aga bu sowala ýylgyryp:
-Meň goşgylarymy aýdym edip bilenoklar-a. Kompozitorlara eltip berýäň welin yzyna berýärler "Munuň aýdym edip bolanok "diýip. Aýdym düzmegem aňsat däl - diýip jogap berdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Myratgeldi ,Döwlet aga sylap gelenligi üçin sag bolsun aýtdyp şu goşgyny okady.

Gezip ýörüs bir- bir imiz ýat saýyp,
Ýöne ökünmändim men seni söýüp,
Her ýyl bahar geler begresin geýnip,
Bägüller duşuşar, biz duşuşmarys.

Ýyllar geçer ýüwrük ýelkenler bilen,
Elim ýetmez saçyň tolkunlaryna.
Tolkunlaryn goşup tolkunlaryna,
Derýalar duşuşar, biz duşuşmarys.

Bu gün maňa gara göründi Aýam,
Bilýän, ýaşlyk uçar ganatyn ýaýyp,
Alysda bir ýerde , asmanda gaýyp,
Arzuwlar duşuşar biz duşuşmarys.

Çyn aşyk däl söýenine ökünen,
Bu derdi seň bilen kimler  çekişer ?!
Agşamara Gün Ýer bilen öpüşer-
Älemler duşuşar, biz duşuşmarys.

Goşgyny ýatdan okap Myratgeldi :
-Döwlet aga "Duşuşmarys" diýseňem , ýene-de ýagşy günlerde duşuşup duraly- diýip ýanyna baryp elleşdi. Edebiýat agşamynyň ahyrynda üýşüp Döwlet Orazsähedow bilen surata düşdik.

(Soňy)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW.
4 лайков 101 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perhat Sabirovv
27 июл 2023, 16:40
Bize hem gatnaşmak nesip ederdä birgün
Belki
27 июл 2023, 18:40
Minnetdar ýetireniñize. Gidençe boldum.
Gerceknazar
Автор 27 июл 2023, 22:18
Belki, sizede minnetdar . Başardygymdan ýetirip duraryn .