~~~~✍
Senden soň ekilen umytlarymyň,
Ynan hiç birinden derek tapmadym.
Ýalňyzlygyň aýazynda galsam-da,
Wah, şonda-da senli arzuwlaryma
Palta urup, odun edip ýakmadym.
Kaýyl boldum yzda galan ýatlama,
Şonuň bilen gijelermi güýmedim.
Söýgimiziň "ýasy" güni geýilen
Täze köwşem şat toýlara ýörmedi.
Ynha ýene awgust bilen hoşlaşýan,
Mizan gelip çygjarypdyr ýapraklar.
Ah, şu güýzem tizden gelip geçsedi,
Dar kalbym bir gyşda rahatlyk tapýar.
Dört pasylam gar syrygyp dursa-da,
Şeýle peýzaž irikdirmez birjigem.
Çünki meniň buzlap giden duýgulam,
Diňe "gyş" diýp edip bolýar terjime.
2022 ý.
Şyhnazar Durdyýew
Ynan hiç birinden derek tapmadym.
Ýalňyzlygyň aýazynda galsam-da,
Wah, şonda-da senli arzuwlaryma
Palta urup, odun edip ýakmadym.
Kaýyl boldum yzda galan ýatlama,
Şonuň bilen gijelermi güýmedim.
Söýgimiziň "ýasy" güni geýilen
Täze köwşem şat toýlara ýörmedi.
Ynha ýene awgust bilen hoşlaşýan,
Mizan gelip çygjarypdyr ýapraklar.
Ah, şu güýzem tizden gelip geçsedi,
Dar kalbym bir gyşda rahatlyk tapýar.
Dört pasylam gar syrygyp dursa-da,
Şeýle peýzaž irikdirmez birjigem.
Çünki meniň buzlap giden duýgulam,
Diňe "gyş" diýp edip bolýar terjime.
2022 ý.
Şyhnazar Durdyýew
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.