Dert.
Awgustam geldi. Kim üçin adaty aýlaryň biri, kim üçin… Biziňkileriň
köpüsiniň toýy sentýabra gabat gelýär. Ýakynda-da biri öýlenmeli. Oňa degşip
«Arada «awgust» diýip bir bolgusyz aý bar. Ýogsa bu wagt eýýäm toý etmeli»
diýip degişýäs. Onda-da otuz bire çekýän awgust. Meň üçin welin, bu aý ýylyň
ömrüniň dowamynda iň gaýnap joşýan iň soňky aýy. Soň güýz düşer, aňyrsam
«gazaply gyş…»Hemişe öýde oturanymdanmy, okaýan zadymam az. Az diýsemem ýaş
ýigitden başlap, orta ýaşan, ýaşy bir çene baran adamlaryňam ýazan, ýazýan
zatlaryny okamaly bolýan. Ýok, kyn göremok. Bir dostumyz bardy – owadan,
seçelenip duran, şar gara saçlary bardy, ýöne elmydam papakly gezerdi. Ana, şol
papagyny käte aýyranda höwes bilen onuň saçlaryna serederdim. Öz saçym gaty
bolandanmy, ýumşak saçlary gowy görerdim. Hekaýa, goşgy, powest, ssenariý…
diýen ýaly zatlaram şol dostumyň saçlaryny ýatladýar. Adam kän ýüregini açyp
ýörýärmi, hekaýa, goşgy bahana bolmasa…
Okaýan zatlarym barada gürrüň beresim gelenok, ýöne soňundan edýän
käbir pikirlerimi paýlaşaýyn. Soňky döwür hiç zat ýazamok diýen ýaly. Kän
ýazmamsoň, aýda-ýylda bir otursam, näme-de bolsa okar ýaly bir zat ýazjagymy
bilýän. Öwünip diýdigim bolmasyn, niçigem bolsa ömrümiň köpüsi ýa-poz bilen
geçdi. Kelle diýilýän gutyň içinde bir zat bar bolsa, kagyza geçirmegiň garaz
hötdesinden geljek bolýan. Ýöne duralga-da awtobusa garaşyp duransyň. Olam
garaşdyrar. Ýöne şonda-da alyp bir iş bilen meşgullanybermersiň – başlaýsaň
ýaňky garaşdyran awtobus geläýjek ýalydyr. Menem şolar ýalyrak bir duýguda
ýaşaýan. än bir elim işe baranok. Ýok, göwnüm çökgün ýa-da hiç zada höwessiz
däl. Ýöne elim baranok. Hernä kino diýip bir gyzykly zat bar, şoňa gyzygan
bolýan. Ýöne mesele duralgada-da, garaşdyrýan awtobusda-da däl bolaýmasa.
Ýazmak diýilen işiň bir ýeser tarapy bar – ol dostumyň papagyny wagtal-wagtal
aýyryşy ýaly, köpüň öňünde ýüregiňi açmak. Ussatlyk bilen, gep oýnadyp, açan
ýaly etseňem açmanam bolýar. Onam okyjy şo bada bilýär. Bilmände-de bu käriňe
ikilik etdigiň bolýar. Emma boýun almaly, ýazmagy kär edindiňmi, näçe kyn
düşse-de, ýüregiňi açmaga boýun bolmaly. Onuň ejirini çekmeli. Bu meseläni
ýeňdiň diýeli (hatda ýaş wagtyň bu mesele-de bolup duranok). Näme ýazmaly?
Nädip ýazmaly? Şu iki soraga jogap bermän kelläňe gelenini ýazýan wagtyň
ýaşlygyň, höwesjeňligiň (çeper höwesjeňligiň diýseňem bolýar) bilen geçip gidýär.
Belki, meseläni başgaça aýtmalydyr – näme ýazmaly däl?
Arada, Moskwaň kinomatografiýa institutynyň senariçilikden okadýan
bölümine giriş ekzamenleriiniň şertleri bilen tanyş boldum. Oňa girmek üçin ýörite
bellenilen wagtda, mugallymyň öňünde oturyp, berilen temadan bäş-alty kagyzlyk
gysga etýid ýazmaly eken. Ýöne şol etýudda ýazmak bolmaýan zatlary öňünden
aýdýarlar. Ine olar: arakhorlar, narkomanlar, däliler hakynda ýazmaly däl. Düýş,
fantastika, gan-da-pyçak, ölüm, öldürmek diýen ýaly zatlaram bolmaly däl. Ilki
«Näme üçinkä?» diýip geň galdym. Mysal üçin, eli pistoletli gahrymanyň gelýär
diýip başlasam, meseläniň esasy bölegini şol pistolet çözýär. Kimi atar? Özüni
atjak bolýarlarmy? Ýa-da özi özüni atjak bolýarmy? Bir topar gyzykdyrjy soraglar
aňsatlyk bilen döreýär. Senden talap edilýän bolsa, aňsat ýol bilen gyzykdyrmak
däl, ökdelik, geň wakalary gurmak arkaly okyjyny gyzykdyryp bilmek. Şonda
şertlerden zeýrenýänlerimiz ýadyma düşüp gitdi. Ýazmak meselesinde ýene bir meni oýlandyrýan zat bar – ýazasyň gelmesede ýazmalymy? Ýa-da diňe ýazasyň gelende ýazmalymy? Özüň üçin ýazmalymy?
Ýa-da okyjy üçin ýazmalymy? Magtymgulam «Sözüm diňlän ýok diýip, ümsüm
oturma» diýýär. Birdenem «Näme joşa düşüp sen?» diýip özüne jany ýanýar.
Bolýar, öz başymy agyrdýan zatlarym bilen siziňem başyňyzy agyrtdym,
ýüregiňizi gysdyrdym.
Ine bahym bu sowallaryň baryna jogap tapan ýaly, ýazmaga başlaryn.
Birdenem ýene öwrenje oglan ýaly, soraglarym bilen urşup başlaryn, ýaz-poza
elim barmaz. Bu-da bir dert-dä....
Awtory : Hydyr Amangeldi.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.