Ogultäç Oraztaganowaly edebiýat agşamy

2-nji bölüm.

Soňra Ogultäç Oraztaganowa söhbetdeşligi öz döredijiligi barada şeýle gyzykly gürrüňler bilen dowam etdi.
-Nähiliräk ýazýanym barada sorasaňyz , men özümi döredijilikde kän ýazýan adamlaryň hatarynda goýýan. Esasy gowy görýän zadym, görüp otursam , goşgy ekeni. Ylaýtada goşgyda-da "söýgüm, söýgülim" diýip ýazsalar men kän halamok. Meniň goşgylarymy okaýan adamlar bilýändirler "yşk" sözüni köp ulanýan men.Öz yşkymy owadan görýän. Hem-de hemme adamlary söýmeli däl diýip düşünýän.Mynasyp adamlary söýmeli . Gowy adamlary söýmeli . "Meniň yşgym,meniň yşgym" diýip aýdyma meňzäp duran owadan goşgym bar, şony okap beräýin- diýip halypa şahyr öz owadan hasaplaýan yşgy barada ýazan goşgysyny okap berdi.

Meni ýeller oýandandyr,
Şygrym kän çaý sowadandyr,
Ýazlar ýaly owadandyr,
Meniň yşgym , meniň yşgym .

Kemim barmy-sazlar durar,
Gökden Aý dek synlar durar,
Ýüregimi sözlär durar,
Meniň yşgym , meniň yşgym .

Derýa kibi akmasy bar,
Uýaljyrap bakmasy bar,
Ýürek taryn kakmasy bar,
Meniň yşgym , meniň yşgym .

Bulaň bary hyýalydyr,
Gül ys, tämiz howalydyr,
Özüm ýaly haýalydyr,
Meniň yşgym , meniň yşgym .

Müşk bardyr gyzgyn deminde,
Durar ol ,Arşyň deňinde,
Sözlär, kalbymyň dilinde,
Meniň yşgym , meniň yşgym .

Birde şatlyk gam ýalydyr,
Düşmedige geň ýalydyr,
Gökde dogan Gün ýalydyr,
Meniň yşgym , meniň yşgym .

Şahyr her goşgysyny okap bolan badyna , jaýda şowhunly elçarpyşmalar ýaňlanardy. Elçarpyşmalardan soň Myratgeldi Hallyýew şahyra şeýle sorag bardi.
-Ogultäç gelneje ! Soňky wagtlar günde-günaşa goşgy döredýäňiz öýdýän hä, imony açýan welin her günde täze düzen goşgylaryňyz bar.
- Hawa, okyjylarym goşgylarymy halaýarlar welin menem joşýan-da, birhili. Onsoň gowy-gowy goşgylar döredesiň gelýär." Döredijilik "diýiliýän her kim bilen gatnaşykda bolmasaň öz-özünden döremeýär . Onsoň suratkeşler bilen, aýdymçylar bilen , sazandalar bilen , söwdagärler bilen (diýip, ýylgyryp Döwlet Orazsähedowy görkezdi) gatnaşykda bolup , şolaryň pikir dünýäsini öwrenesim gelýär.
Şol wagt Annajemal Amanowa:
-Halypa şägirdiňiz barmy?- diýip sorady. Ogultäç halypa bu sowala bir agyz :
-Şägirdim bar - diýip Nury Sakçyny görkezip:
-Örän gowy görýän-dä şu oglany , ýeriňden turaý bala-diýip Nury Sakçyýewi ýerinden turuzdy. Şonda Çary Ataýew:
-Ady, familýasy?!-diýip Ogultäç gelnejä ýüzlendi. Ogultäç Oraztaganowa :
-Nury Sakçyýew -diýen badyna Çary Ataýew :
-Hä, goşgylaryny okaýan -diýdi. Ogultäç halypa şägirdini görkezip :
-Şu oglany men çagam ýaly gowy görýän ".Nury Sakçyýewiň goşgylaryndan Kakamyrat Ataýewiň goşgylarynyň ysy gelýär " diýýän men. Goşgylaryňy okap beräý balam!- diýip Nury Sakçyýewi orta çagyrdy. Şol wagt Çary Ataýew , Nury Sakça ýüzlenip:
-Bir ýerde okaýaňyzmy?!-diýip soragy . Nury Sakçy oňa:
-Howwa , Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetinde okaýan-diýip jogap berdi. Soňra Nury Sakçyýew hemmeleriň öňüne çykyp Ogultäç Oraztaganowa bilen baglanşykly şeýle gyzykly wakalar aýdyp berdi.
-Meniň Ogultäç Oraztaganowa bilen tanyşlygym okuwçy döwürlerimde başlanypdy. Bir zady belläsim gelýär ,şol wagtlarda Ogultäç gelneje bilen gatnaşmagyma "Garagum" žurnalynyň 2018-nji ýylyň 8-nji sanynda , Hangylyç Tagangylyjow yň , Ogultäç Oraztaganowa bagyşlap ýazan makalasyna gabat gelmegim hem uly itergi berdi . Ol makaly , ynha, "...Ýöne ýürekdäki yşgym diňleme !" diýlip berlipdir. Şonda Ogultäç Oraztaganowanyň örän gowy, duýgyly goşgularyndan hem bölekler getirlipdir. Men şol makalany , goşgylary okap Ogultäç gelnejäniň döredijiligi bilen gyzyklanyp ugradym. Şonda duýgyly goşgulara höwrügip , şolar ýaly goşgylary has hem gowy görüp başladym.
Şeýle-de Ogultäç Oraztaganowanyň telewizorda goşgy okap ýerine ýetiren çykyşlaryna gabat gelsem uly höwes bilen , ýanymda biri oturan bolsa, onam gürletmän, telewizoryň sesini gaty açyp diňleýärdim. Soňra men Ogultäç gelneje bilen söhbetdeş bolmak üçin onuň işleýän ýerine - Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanyna "Galkynyş" gazetine bardym. Barsam bar eken özi. Salamlaşyp, özümiň goşgy ýazýandygymy aýtdym, hemem goşgularymy görüp bermegini haýyş etdim. Ol meň goşgularmy okap, gowy gördi. Ýogsam şol wagtlar, okuwçy döwürlerimdi-dä, onsoň gaty gowy goşgularam däl-di olar. Şeýle hem, Ogultäç halypa maňa ilkinji gezek gazetde çykyş etmegime kömek berdi. Köp-köp sag bolsun! Indi şol ýaňky diýen makalamda goşa dyrnak  bilen berlen iki bent Ogultäç Oraztaganowanyň  goşgularyndan aýdyp beräýin.

...Men yşkdan ýanany bilmen gandyryp,
Yzymda bir bölek arman galdyryp.
Gursagymy duýgulardan dolduryp,
Ýöräp barýan seniň ýörän ýoluňdan...

Neýlediň yşk, gidýär aýagym taýyp,
Şonda-da özümi bagtyýar saýyp,
Gara saçlarymy howada ýaýyp,
Ýöräp barýan seniň ýörän ýoluňdan...

(,,Seniň ýörän ýoluňdan")

  Şeýle-de, Ogultäç gelnejäň güýz hakynda bir goşgusy bar, şonda hem şeýle bir goşa setir bar, ýagny: ,,Duýgularym ýöräp barýar,
Arasyndan ýapraklaryň" diýip. Ana şony epigraf edip aldym, hemem goşgymyň soňky bendinde ulanyp, özüm hem goşgy ýazdym. Edil bu wagt güýz bolmasa-da, şol goşgymy ,mümkin bolsa, okap beräýin:

Güýz

"Duýgylary ýöräp barýar,
Arasyndan ýapraklaryň."

Ogultäç Oraztaganowa

Baglar zerbap donun geýer,
Ömre ýatladyp köp zady.
Suratkeşleriň ussady,
Meň täzeçil güýzüm geler.

Suw meýilli gurbaga deý,
Ýel ýüwürmäge döwtalap.
Pikrimiň maňlaýynda der,
Güýzüm , barýan saňa tarap.

Ýaprak gaçýar ömre meňzäp,
Durnamam ugrar daş ýola.
Bak ýar maňa birje ýola,
Duýgylam galmasyn zeňläp.

Täze gelen gelin deýin,
Leýlisaçlar ejap eder.
Güýzüm , ýoluňdan gideýin,
Sen ogluňa ejaza ber!

Hatda söýerin tikeniň.
Päkdir ol kalbyň kirinden.
Güýzde güýzän pikirimden,
Baglara lybas tikeýin.

Aladasyn zyňyp bir ýan,
Ýeller kakar depreklerin.
"Duýgylarym ýöräp barýar,
Arasyndan ýapraklaryň"

(2-nji bölümiň soňy, dowamy bar )

Awtorlar: Nury Sakçyýew , Gerçeknazar Amannazarow .
5 лайков 298 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
Автор 12 авг 2023, 12:17
Suratda Nury Sakçyýewiň goşgy okap duran pursaty.
Dañatar
12 авг 2023, 12:39
Nazar kaka dowamynada garaşyas.... nesip bolsa