Ogultäç Oraztaganowaly edebiýat agşamy

3-nji bölüm.

Soňra Tawus Pirmedowa , Ogultäç gelneje ýüzlenip:
-Halypa menem bir goşgy okaýyn !-diýdi. Ogultäç Oraztaganowa :
-Okaý-okaý -diýeninden soň Tawus hemmeleriň öňüne çykyp :
-Mähribanlar ilki bilen salam! Halypa şu taýda Maksat Şakirow atly şahyryň "Aglatmagyn ejemi" diýen goşgysyny okap beräýin- diýip, ine şu  goşgyny okap berdi.

Aglatmagyn ejemi

"Aglatmagyn , aglatmagyn ejeňi!"

Kerim Gurbannepesow.

Öýkünme däl Kerim agaň sözüne,
Ganly ýaş doldurma gara gözüňe,
Bir gulak sal hassa şahyr sözüne,
Eý şum pelek aglatmagyn ejemi!

Kesele aldyrdym ýaşlyk döwrümi,
Men ýataryn ejem çeker jebrimi,
Aýtsana seň şu edenleň dogrymy?
Eý keç pelek aglatmagyn ejemi!

Ömürleri ýakýaň göýä şem ýaly,
Agy sesi bir ölüme deň ýaly,
Şu wagta çen agladanlaň kem ýaly,
Ýeter artyk, aglatmagyn ejemi!

Dynman aglap, göz ýaşlary köl boldy,
Agysyna jiger-bagrym köz boldy,
Her näçe ýalbarsam ýene az boldy,
Besdir indi aglatmagyn ejemi!

Keç ykbalym ele alyp bilmerin,
Elimde erkim ýok ölüp bilmerin,
Ýaňadan dünýäge gelip bilmerin,
Zalym pelek aglatmagyn ejemi !

Käbäm diýer "Derdim özüm alaýyn,
Gal aýaga, men saýaňda galaýyn"
Wah aglasaň neneň bagtly bolaýyn,
Meniň üçin aglatmagyn ejemi?!

Çarhypelek aýlap dur öz çarhyny,
Ýamandan saýgarman ýagşyň parhyny,
Men töläýin sen aýt bagtyň nyrhyny,
Men aglaýyn , aglatmagyn ejemi!

Men aglasam, ejem garap durarmy,
Jan jesetden çyksa ýürek urarmy,
Ejemiň hoş wagtyn gözüm görermi,
Şol bagt üçin aglatmagyn ejemi!

Maksat : -ýaş ogullar menden sorasyn,
Hem ejäni, hem saglygy gorasyn,
Her ojakda gülki,şatlyk döresin,
Bir dilegim aglatmagyn ejäni!

Goşgy gutaran badyna Çary Ataýew , Tawus Pirmedowadan:
-Goşgynyň awtory kim diýdiňiz?!-diýip sorady. Tawus:
-Maksat Şakirow. Lebapda ýaşaýar özi , ýaş maýyp oglan-diýip awtor barada gysgaça tanyşdyryp geçdi. Çary bada-bat:
-Özüňiz bilen tanyş etseňiz!-diýip ýüzlendi.Tawus:
-Men Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Tawus Pirmedowa . Türkmenistanyň telewideniýe we teleradio gepleşikleriniň kinogatagrafiýa baradaky döwlet komitetinde alyp barjy -diýip özi barada hem gysgaça tanyşdyrdy. Soňra Ogultäç gelneje söhbetdeşligi şeýle dowam etdi .
-Men goşgylarymy ýygnamok , hiç haýsysyny. Käbirilerine diýýär "Maňa goşgymy tapyp beräý". Dogryňy aýdaý balam -diýip Annajemal Amanowanyň ýüzüne seretdi. Annajemal başda utanjyrap soňra  söhbetdeşligi şeýle sözler bilen başlady.
-  Men halypamy  dört ýyl mundan ozal , "Miras" teleýaýlymynda görüpdüm. Şonda Batyr Çaryýewiň goşgy okaýşyny gowy gördüm. Radioda diňleýärdim. Şonda halypamyň 3 sany goşgysyny okady.
-Maňa görkezdi haýran galdym-diýip Ogultäç gelneje derrew ýüregindäkini aýtdy.Soňra Annajemal :
-Howwa,haçandan bärem gözläp ýördüm "Şol goşgylaryň awtory bilen görüşmek mümkin bolarmyka ?" diýip. Hatda uçurymmyza gelip, elimi gysyp ,"Hormat haty" berip durkada şol goşgylaryň awtorydygyny bilemokdym. Ine gowy görýän goşgym bar , şony okap beräýin -diýdi. Şol pursat Çary aga Annajemal bilen gysgaça tanyşmak üçin şeýle soraglar berdi.
-Adyň näme ?
-Annajemal .
-Familýaň?
-Amanowa Annajemal
-Okaýan ýeriň?
-Dokma senagaty tehnikumynyň dizaýn bölümini gutardym. Şu ýyl gutardym.
Annajemal özi bilen gysgaça tanyşdyranyndan soň Ogultäç Oraztaganowanyň goşgylarynyň içinden özüniň iň gowy görýän goşgysyny okady.

Bu baglar nämüçin, nämüçin dymýa?!
Sen meni ynjytsaň ýüregim doňýa,
Dönüp otyrkamam öňüňde derýa,
"Aglama!" diýmediň birje gezegem.

Ýüregime bakdym - seni idämde,
Günleň haýpy geler maňa, ýadamda,
Katra-katra ,ýaş görseňem didämde,
"Aglama!" diýmediň birje gezegem.

Ykbal ýene, goý, synasa synasyn!
Umyt bagym bermez indi miwesin,
Titredip aşygyň onki synasyn,
"Aglama!" diýmediň birje gezegem.

Pyşyrdylam galdy meniň gijede,
Belki, ýoksuň, "Ykbal" atly bijede,
Ýürekdäki umytlarym puç ede,
"Aglama!" diýmediň birje gezegem.

Hökman däl, etme sen indi garaşyk,
Gartaşdym men, hoş sözüňe garaşyp,
Barýarkamam gözýaşyma çolaşyp,
"Aglama!" diýmediň birje gezegem.

Şowhunly elçarpyşmalardan soň şahyr edebiýat agşamyny şeýle sözler bilen dowam etdi.
-"Nurymyrat Meredow " diýip bir şahyr bolup geçen. Öz döwründe üýtgeşik şahyr bolan. Bärde-de kän bolman daşary ýurda gidip işleýän eken. Diňe ejesiniň göwni üçin gelýär Aşgabada. Şol şahyryň kitabyny gözläp zordan tapdym. Maňa kömek edip şonuň kitabyny getirip berdiler. "Jöwen bişer-bişerde" atly goşgysy bar eken. Munuň pikirleri üýtgeşik. Siziň diýýän zatlaryňyzy diýenokda üýtgeşik zatlary tapýar. Onsoň şoňa öýkünip men "Jöwen bişer-bişerde" diýen goşgymy ýazdym. Şolam gowy görýän goşgylarymyň biri. Jöwenem bişmeýän eken öz-özünden , şeýle bir güýçli söýgi , güýçli bolmasa. Güýçli gyzgyn bolmasa jöwenem bişmän geçýän eken. Şony okap berjek .- diýip şahyr aşakdaky goşgysyny okap başlady.

Döwüp baglaň şahasy,
Şemal össe daşarda,
Degmäň siz göwünlere,
Jöwen bişer-bişerde.

Dökülipdir paýyrdap,
Baglaň almasy ýerde.
Derdimi gozgamaň siz,
Jöwen bişer-bişerde.

Hyýalyma döneýin,
Entek elwan daşarda.
Men sensiz oňup bilmen,
Jöwen bişer-bişerde.

Yşk meni oda salar,
Gursagymy deşerde.
Meni yşksyz goýmaň siz,
Jöwen bişer-bişerde.

Köşeşer Aý jemalym,
Gökden Ýere düşerde.
"Söýýän" diýersiň belki,
Jöwen bişer-bişerde.

Bulaşdyr saçlarymam,
Birdenem ýel öserde.
Gozgaýar köne derdim,
Jöwen bişer-bişerde.

(3-nji bölümiň soňy. Dowamy bar)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW.
5 лайков 419 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dañatar
12 авг 2023, 13:30
nazar kaka size hormat goyyan nadip mynça zady yat tutyañyz
Gerceknazar
Автор 12 авг 2023, 14:23
Geçip barýaka sowlan..., men ýat tutamok, telefonym ýat tutýar.
Anna hanym
12 авг 2023, 16:34
Hemman ady tutulypdyr minnetdar?