Ogultäç Oraztaganowaly edebiýat agşamy

4-nji bölüm

-Şu bar-a goşgy öz ähmiýetini ýitirýän eken gygyryp okajak bolsaň . Bir gezek bir  Atamyrat aga bilen bir ýere bardyk welin , bir çaga orta çykdy-da gygyryp goşgy okap başlada. Atamyrat agada "Dur-dur çagam , goşgy beýdip okalmaýar" diýdi. Şonuň üçin gowy goşgylar içiňden okalýar-diýip halypa şahyr öz goşgylaryny okap berdi.

Köşk gurasym gelýär saňa kyssadan,
Gül düşärin ýollaryňa desseden,
Göz ýaşlardan , gaharlardan , gussadan,
Sen halas edersiň dünýäni ene!

Saýraýar guşjagaz ýene saýraýar,
Saňa söýgüm gözlerimden paýraýar,
Bu älemi seniň söýgüň aýlaýar,
Bilmen seň söýgüňden doýmany ene!

Sen ýerýärsiň gam basanda dadyma,
"Munda hergiz ýagşylykdan ýadama",
Salyp seniň sözleriňi ýadyma,
Men senden öwrendim diňmäni ene!

Akmaýanyň süýdümi ak saçlaryň?!
Hüwdiň şirin, owazy deý guşlaryň.
Deňimizden geçişi deý gyşlaryň,
Syrarsyň sen gaýgy, dumany ene.

Senden öýke edip bolmaz, aýypdyr,
Ýazlar saňa meňzäp elwan geýipdir,
Daglar deýin, ýazlar deýin beýikdir,
Tebigat deňizi-derýasy ene.

Sen ýylgyrsaň , dünýe meňzär behişde,
Syrdaşym sen eken her gün , her ýaşda,
Tarypyndan seni saýan perişde,
Saýrak dillerimiň gurbany ene.

Gaýdyp aglaman

Seň şeýle bir uzyn ýollagyň üçin,
Sag bol durmuş,şaha, baldagyň üçin!
Seniň ykbalymda ýoklygyň üçin,
Men gaýdyp aglaman, gaýdyp aglaman.

Men durup bilmerin perýat etseler,
Tutuş dünýäň bendisine ekseler,
Ejizlesem ýa-da ejizletseler,
Men gaýdyp aglaman, gaýdyp aglaman.

Eý galamym menden hiç zat gizleme!
Ýürekdir ol, bolup biler göwneme.
Nähak ýere degselerem göwnüme,
Men gaýdyp aglaman, gaýdyp aglaman.

Ýüregmiň töründe gider gar eräp.
Armanyp ýok bilsem ilime ýarap.
Geçip barýan durnaň yzyndan garap,
Men gaýdyp aglaman , gaýdyp aglaman.

Ýürekde gam dörär armanym üçin,
Şasy sen bu  yşga uýmanyň üçin,
Dag ýaly söýgümi duýmanyň üçin,
Men gaýdyp aglaman, gaýdyp aglaman. 

Soňra Myratgeldi Hallyýew orta çykyp Ogultäç Oraztaganowanyň "Bu gün sen dünýä inipsiň" atly goşgysy okap , şeýle diýdi:
-Ogultäç Oraztaganowa bilen 2016-njy ýylda tanyşdyk. Geçen gezekki Döwlet aga bilen bolan duşuşykda-da , Döwlet aga "Planyň goşgysyny ýat tutjak diýip , ýat tutup bolmaýar. Öz-özünden ýat tutulýar gowy goşgylar "diýdi-dä. Kähalat ýekeje setiriň bähbidi üçinem goşgy ýazylýarda. Köplenç Çary agada, Mukam Muhamow goşgy ýazýar.Mukamyň bir goşgysy bar diňe şo bir setiri üçin ýazdy şol goşgyny. Janyňyz sag bolsun .
Ogultäç gelneje hem Myratgeldiniň sözlerini goldap şeýle diýdi.
- Ol goşgylar ýüregiňde galýan eken. Men 2010-njy ýylda , ondan öňünçäde kiçiräk operasiýa boldum. Şonda oýandym welin dogtarlar gülüşýärler "Şo bir goşgyny okap ýatyr " diýip. Gowy goşgy ýüregiňde galýan eken . Atamyrat agaň:

"Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Soňky döwür maňa bir zada bolýar.
Begenmesiz zada begenip ýörün,
Hem-de sähel zada keýpim bozulýar.

Men seni söýäýdim , söýäýdim öýdýän,
Sen maňa şeýle bir ýowuz görünýäň.
Men baryp bilemok seniň ýanyňa ,
Hem oňup bilemok saňa görünmän."

Şonda men narkozdan açyljak bolanymda şo goşgyny aýdyp ýatan ekenim. Dogtarlaram gülüşýärler "Şo bir goşgyny ýöne aýdyp ýatyr "diýip . Menem gygyrýanda " Şo bir goşgyny aýdamok men. Arasynda gaýtalap aýdýan " diýýän ekenim. Gowy görýän zadyň ýüregiňde galýan eken-diýip şahyr bize şu goşgylaryny aýdyp berdi.

Goşgylarym!

Gaçma:n dünýäň gyzygyndan,
Erkim sygmaz gazygyndan,
Biçewleriň gazabyndan,
Goraň meni, goşgylarym!

Köşk saýyp öý-çatmajygym,
Ynan,eýäň çapmajagyn,
Bilseňiz zat çykmajagyn,
Gynaň meni, goşgylarym!

Ýazman ýaşap bormy, heý-de?!
Ýüregim-ä diýýär "Haýda!",
Oturmaly bolsa öýde,
Güýmäň meni , goşgylarym!

Ýüregime goýup gulak,
Sözlerim bolmasyn gurak,
Bu ýollar uzakdan , uzak,
Synaň meni , goşgylarym!

Mydam zardyryn didara,
Eger-de bolsam diwana,
Dözüm bilen daş diwara,
Çüýläň meni , goşgylarym!

Güýz gelse ýadyma aýralyk düşýär.

Yşga düşmekligem sogapmyş, sogap!
Öýkelär öňünde etmeseň togap,
Men muňa entegem tapamok jogap,
Güýz gelse aýralyk ýadyma düşýär .

Ýansa, gara bagry topraga oýka,
Bize kyn günde-de bolar ol arka,
Munuň üçin menden etmesin öýke,
Güýz gelse aýralyk ýadyma düşýär .

Ýiter gider duýgyňyzy ýaşyrmaň,
Ýöne ony hetdindenem aşyrmaň,
Meniň tylla başymy bir çaşyrmaň,
Güýz gelse aýralyk ýadyma düşýär .

Gözüm ýaşdan dolýar, bilsedim diňip!
Ýürek ýanyp durka bolmaýar dymyp,
Sary ýapraklaryň ahwalyn duýup,
Güýz gelse aýralyk ýadyma düşýär .

Soňra Aşyr Saparow bu günki edebiýat agşamyny şeýle sözler bilen jemledi.
-Hormatly kitapsöýjüler ! Şu günki edebiýat agşamyny jemleýäs. Indiki edebiýat agşamy şu aýyň ýigrimi üçüne geçiriler. Entek edebiýat agşamynyň myhmany doly belli däl. Belli bolan wagty habar ederis. Köp sag boluň !
Soňra biz Ogultäç Oraztaganowa bilen üýşüp surata düşdik.

(Soňy)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW.

6 лайков 348 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
12 авг 2023, 16:50
Munda surat goymadynmy
Gerceknazar
Автор 12 авг 2023, 18:20
FanB,başga suratym ýog-a.
Kerbaba
12 авг 2023, 19:50
Саг бол иним Герчек! Етирип дур шейтде!. Гаты гызыклы языпсын! bahaber+++++
Gerceknazar
Автор 12 авг 2023, 20:41
kwadrat kelle, sizem sag boluň agam, beren bahaňyz üçin. Aslynda biziň durmuşymyz gyzykly. Ýöne biz onuň gadyryny bilemizok.
Pakize
12 авг 2023, 21:48
Hemme bolumini doly okamadym. Kabir yerlerini bolekleyin okadym. Size tuweleme diyaymeli yhlasynyza. Suratlary bilen paylashanynyz ucin biraz gyzyklandym.
Nazar
12 авг 2023, 21:56
Gerçek ol edebiyat agsamyna bizem gatnasyp bilyasmi sagat naceden naca gecirilyar
Gerceknazar
Автор 12 авг 2023, 23:34
FanB, elbetde hemmeler gatnaşyp bilýär şu aýyň ýigrimi üçüne sagat 17:00-dan 19:00 kähalat 20:00 çenli hem gidýän wagty bar.
Nazar
13 авг 2023, 07:17
Bu gezek kim şahyr gelyarka we nirde gecirilyar
OrazMuhammet Aşyrow
13 авг 2023, 10:23
Soňra biz Ogultäç Oraztaganowa bilen üýşüp surata düşdik.

Ýokarky sözleri okap "Hany şol surat" diýesim geldi.

Bäh okap başlamakam iç gysgynç göründi welin indi gidip 1,2,3ji bölümlerem okap gelmeli...
Balary
14 авг 2023, 19:33
Gerceknazar,
iyulyñ 23ne hepdäñ ùçinji guni eken. indi kim gelerkä. birem kamil bilimde inlis dili kurslarnyñ bahasyny bilyaniñiz yokmy?! çagalañ biri baslajak bolya wln... yer saylap bilenok. maña galsa dana ugratjak wln bahalar galada
Gerceknazar
Автор 14 авг 2023, 21:24
FanB, şu wagt anyk belli däl 1-2 günden doly belli bolanynda şu saýtda-da bildirşini goýarys, nesip bolsa .
Gerceknazar
Автор 14 авг 2023, 21:25
Balary,bagyşlaň 23-ne dälde şu aýyň 20-sine geçirilýän eken , men ýalňyş düşünipdirin. Galan zady bilemog-a menem.