Ýigit göwni

"Ýörite ýag bilen saçlaryn daraýan" ýigitlerden däldi ol. Belki: "Wagtdanam ozup barýanlardanam" däldir. Ýöne welin: "Şeýle ýigitler bar, olar bar entek" diýilýänlerdendigi hak.
Ol bu günem hemişeki ýaly ir oýanyp, daýysyna kiçi, özüne uly bolýan köýneginiň ýeňlerini çermedi-de, tapjanyň gapdalynda duran künnügi alyp ýüzüni ýuwdy. Daýzasy çaý taýýarlapdyr. Ýarty çörek bilen çaý içenden soň egri saply kätmenini egnine atdy-da, işe başlady. Gün gyzyberende kellesine daýysynyň köneje papagyny geýdi. Maňlaýyndan der damjalary syrygyp, güne ýanan ýüzünde yz bolup akýardy. Iýip ýören çöregine degmeýänleriň ýüzüne garany çekip arkaýyn, gazanmadyk çöregini gäwişäp ýören dünýäsinde, şu ýigidi bir döwüm çörege mätäç eden durmuşyň ýowuz synaglarynyň şaýady bolan, çat açyp, gurap giden aýalary bilen derini süpürýär, käte papagyny çykaryp gumuny kakyşdyryp gaýta geýýär.
—Arma dost! — diýip oňa el salgap, ýoldan geçip barýan oglana "Salam" diýen manyda baş atdy. Höwes edendir-dä, arassaja geýinen, deň-duş oglany. Onuň garasy ýitýänçä yzyndan seredip durdy. Soňam uludan dem alyp, salmadan akyp duran suwa el ýüzüni ýuwup, kölegä geçip dynç alyp oturan ýerinde uzak oýa batdy. Boý ýigitdiň ýüreginde, aňynda şu wagt nämeleriň bolup geçýänini ýeke Alla bilmese, birem onuň özi bilmese biljek ýok.
—Gy-y-yw, nahara gel— diýip gygyrýan daýzasynyň sesine tisgindi. Papagyny çykaryp agajyň şahasyna ildirdi. Kätmeninem agaja söýedi-de, el bulaýlap duran daýzasyna tarap ýöredi.
***
Ýygra. Göwni Kap dagynda-da däl. Ol özünde göwün diýilýän zadyň bardygyndanam bihabardyr belki?! Näme diýseň çalaja ýylgyryp, baş atyp duran oglan. Eden işiniň arassalygy niçe sany men diýen gyza gaýra dur diýýär. Käte daýzasyna çöregem dürtüşüberýär. Daýzasy ýarawsyz wagty sygyr saganyna-da gabat gelipdim.
"Atasyz ýetim gül ýetim, enesiz ýetim gul ýetim'' diýleni. Ejesi aýrylansoň kakasy başga aýala öýlenip, gyzyn-a durmuşa çykaryp başyndan sowdy. Bulam nirde gün görse şo ýeri öýi saýyp ýören oglan. Gürletseňem: "Ýok, men ýeke däl, gyz doganym bar-a" diýip, bary-ýogy bir doganynyň iň bolmanda diri gezip ýörenine begenýän ýaly gözlerini güldürip ýylgyrýar. Elgaraz, ony daýysy ýygnady köçeden. Öýne getirensoňam aýalyna: "Ine saňa kömekçi, näme işiň bolsa aýdyber" diýdi. Oglan gatyrganmady, ol şonam bagt saýdy. Sebäbi, indi onuň özüniňki dälem bolsa girip-çykjak belli gapysy bar. Biraz minnetlem bolsa iýjek gyzgyn çöregi bar. "Item ýagy garyba, bitem ýagy garyba" diýlişi ýaly "Tutgaýly keselem" bardy bendäniň. "Öňler-ä gül ýaly oglandy. Ejesi dünýäden öten soň şol kesele ýolukdy" diýýärler. Kim bilýär, enäniň biwagt ölümi, ene mährine mätäç wagty ýalňyz galmagy ynsanyň içindäki görünmän ýatan dertleri ýüze çykarýandyr belki?! Käte süýji ukyda ýatan wagty, bokurdagy bogulan ýaly dem gelmän, ýüzi-gözi gögerip, ýene öz-özi köşeşip uka gidýär. Hany, şu wagt ejesi bolsa, gujagyna alsa, ýyljajyk elleri bilen ýüzüni sypap, başyny ogşasa. Ýöne: "Näme bolýar?" diýýänem ýok. Gijesi bilen çabalanyp, daňa golaý irkilen oglan ýene ir bilen turup, hiç zat bolmadyk ýaly öňkije işleri bilen başagaý bolup ýörendir.
***
—Soňky döwür şuň keseli kän gozgaýar, ýygy-ýygdan tutup başlady. Başymyza bela bolmanka ýoguny çek— diýip, daýzasynyň iýgenip duranyny eşitdi. Bir göwni ynjanam bolsa, öz ýanyndan oňa-da düşünjek boldy. Eşitmediksirän bolup oturuberdi.
—Hany, ýegen, goşuňy ýygna. Kakaň öýüne eltip gaýtjak.
Müň minnetlem bolsa daýysynyň öýi oňa has eziz. Gidesi gelmedi. Bir daýzasyna, bir daýysyna seredip: "Gitjek däl!" diýesi geldi, ýuwdundy.
Ýygnar ýaly goşy barmy?! Özi ýaly oglandan ýene biri sygjak iki sany köýnegini goltugyna gysdy-da, başyny aşak egip daýysynyñ yzyna düşüp barýar.
***
Kakasynyň söýmedigini, nirden geleni belli däl öweý söýermi?! El ýaly gaty çöreginem gysgana-gysgana öňüne goýup: "Suw içäý" diýdi-de, soňam: "Zakgun içen" diýip, ol otaga geçdi. Oglan: "Seniň bilen ýene gabatlaşanyma şat, gadyrdan" diýip, elindäki gaty çörege seredip ýylgyrdy-da suwa batyryp iýmäge başlady.
—Işlerini etdirip, indi keselini bahanalap yzyna getiripdirlerimi? Gapysynda işledip, hezini gören biri, keselni men çekmelimi. Ana, dälihana zyňýaňmy, köçä zyňýaňmy, işim ýok. Gözüm görmesin. Gümüni çek— diýip, öweý ejesi öýi kellesine geýdi.
—Maňa-da gerek däl şol-a—diýiğ kakasy aýaly bilen ylalaşdy.
—Ýakyn joram dälihanada işleýär. Şoň bilen gürleşerin. Özi birzat eder. Iň bolmanda aç bolmaz. Garny doka bela barmy näme?! — diýip öweý ejesi oglanyň ykbalyny az salymda çöp döwen ýaly etdi. Kakasy razy. Oglanyň razylygy kime gerek?!
***
Öz dünýälerinde olaryň biri Napolýon, biri Sezar ýene biri bolsa ussat kompazitor. Han-ha, özüni şahyr hasaplaýan biri bolsa sahypalary ýok kitaby, ters tutup goşgy okaýar. "Kompazitorymyz" bolsa boş gutulary üýşürip, kiçiräjik taýak bilen urup özüniň indiki "aýdym-saz kompazisiýasy" bilen başagaý. Bulary nirden tapany belli däl.
Ol özüniň täze "dostlaryna" seredip ýylgyrdy. Sonam uky basdy. Irkilipdir. Biraz salymdan gözüni açsa depesinde eli taýakly hälki "kompazitor" sömelip dur. Gorkusyna hasanaklap ýerinden nädip galanyny bilmedi. Ýüregi çalt urup, demi gysyp başlady. Ýene keseli tutdy öýdýän, agdarylyp ýere ýykyldy. Lukmanlar sanjym etdiler. Nämäň sanjymydygy belli däl. Belki rahatlandyrmak üçin edendirler. Ýöne onuň şondan soň öňkülig-ä ýok. Aňy giden ýaly aýlanyp ýör. Soňky wagt bolsa penjiräň öňünden aýrylman seredýär. Belki kimdir biriniň gelerine garaşýandyr. Belki kakasy eden işine ökünendir. Belki öwey ejesi ynsaba gelendir. Kim bilýär, ony häzir biri gelip alyp gider. Kellesindäki pikirleri bilen gürleşýär. Sesler eşidilýär. Tanyş ses. Ýok nätanyş ses. Birhili tanyşyragam. Bilenok. Ol:
—Geler biri —diýýär.
—Ýok gelmez.
—Geler.
—Gelmez.
Geler, gelmezler bilen birnäçe güni geçirdi. Gün geçdi, ýöne näçe gündigi belli däl. Han-ha, orta boýly, togalagrak, bugdaý reňkli tanyş biri hassahana tarap gelýär. Iki eli bilen penjirä ýapyşdy:
—Kim bul adam? Kimdi şu? Kimdi? Kimdi?
Gözlerni ýumup, eli bilen kellesiniň sag tarapyna yuwaşlyk bilen kakyp başlady.
—Kim? Kim? Hä-ä-ä, daýym.
Ýadyna düşenine begendi.
***
Ine, özüne eziz bolan daýysynyň öýi. Ýene-de daýzasynyň bişiren çöregi bilen, gyzgynjak çaý. Howlynyň işleri garaşyp dur. Ýöne indi ol başga dünýäde ýaly. Öz ýanyndan bir zatlar samyrdaýar. Sesler. Gulagyna biri bir zatlar pyşyrdaýar. Ýa-da ol biri bilen gürleşýär. Hiç kim ýok. Kim bilen gürleşsin?!
Işläp ýör, käte öz-özi ýylgyrýar.
—Şuň-a bir emmasy bar. Kellesi ýerinde adam öz-özi samyrdarmy? Şuny öýe getirme diýdim men. Han-ha seret öz-özi gülüp ýör — diýip iňirdäp duran aýalynyň gepiniň çyn ýalandygyny bilmek üçin, daýysy oglany synlady. Aýaly dogry aýdýar. Hereketleri sag adamyň hereketi däl. Geň galdy. Ýene bir-iki gün synlamagy ýüregine düwdi.
—Ýene näçe gün synlajak? Men gorkýan. Gije dagy kellesi üýtgäp, bokurdagymyza pyçak diýräp dursa nätjek?! Getiren ýeriňe eltip gaýt— diýip gygyryp duran daýzasynyň sesini eşitdi. Daýysynyň oňa garşy çykaryna garaşdy. Ýöne garşy çykmady, ylalaşdy.
Oglan bu gezek kakasynyň öýüne-de däl, dälihana gitmeli. Şu wagt "Gitjek däl!" diýmän haçan diýsin?!
—Daýy, ynanma, men däli däl. Sen ynanýaňmy? Hä, ynanýaňmy? Ynanýaňmy? — diýip kellesindäki sesleri ýok etmek isleýän ýaly elleri bilen kellesini ýumruklamaga başlady. Onuň iň soňky gezek daýysyna: "Ynanýaňmy?" diýeni ýadynda. Soňy ýok.
***
Ýene şol penjire. Öň-ä kimdir biriniň gelerine garaşyp seredýärdi ondan. Indi näme üçin seredýänem belli däl. Aslynda onuň penjirediginem bilýän däldir. Bilmedigi has gowudyr belki. Bilse ýene umyt eder, garaşar. Garaşmasyn. Bu gezek hiç kim gelmez. Ol şol ýerde unudylar.
Bugdaý reňki, saçlary goňursy, gözleri edil erik dowçasy ýaly ýaşyl, çepiksije, göwnüniň päkligi ýüzünden belli bolup duran, nurana ýigidiň hekaýasynyň soňy şu ýerde başlady.
Wah, "soňy soňlananam" bolsa hiçdi welin...

Aýsapar EMELOWA
9 лайков 212 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
14 авг 2023, 10:14
Tapjan, künnük diýilse çagalyk ýadyma düşýär, sag bol awtor, elleriňe saglyk!
OrazMuhammet Aşyrow
14 авг 2023, 13:46
Bolanymy, şeýdip durmuşyň aýagy asmandan bolup hekaýa soňlanaýmalymy...
ssaparay
Автор 14 авг 2023, 14:06
mrokas,
Durmuşda hemişe "Happe end" bolup duranok-da. :)
ssaparay
Автор 14 авг 2023, 14:07
mrokas,
Durmuşda hemişe "Happy end" bolup duranok-da. :)
ssaparay
Автор 14 авг 2023, 14:09
ssaparay
mrokas,
Durmuşda hemişe "Happe end" bolup duranok-da. :)


Happy*
Pakize
14 авг 2023, 15:38
Gayrat edipdirler ymykly daliremegi uçin
OrazMuhammet Aşyrow
15 авг 2023, 07:54
ssaparay,
Şonuň üçin hiç bolmanda hekaýalarda bir "Happy end" edäýmelä))
ssaparay
Автор 15 авг 2023, 10:03
mrokas, Indikide :)