Bagtyýarlyk ylhamynda (1-nji bölüm)

Tomusyň gyzgyn günleri dowam edýärdi. Gün asmana galyp galmanka gyzaryp, özüniň yssy mährini ýer ýüzüne gysganman eçilýärdi. Men işden gara der bolup gelen badyma banýa girdim. Üstümden sowujak suw akydynyp biraz salkynlanymdan soň , öýe girdim. Öýe girip telefonymy açanymdan ýaňyrak dostum ýaş şahyr Nury Sakçyýewiň jaň edenini bilip galdym. Derrew yzyna jaň etdim.
-Alo
-Alo salawmaleýkim!
-Waleýkimessalam , Nury gowmy dost, ýagşymy ?!
-Ýagşy, Gerçeknazar gowymy agam özüňiz ?!
-Hudaýa şükür gowy menem
-Agam , Orazguly Annaýewi tanaýaňyzmy?!
-Howwa-howwa , tanaýan.
-Şol "Bagtyýarlyk ylhamy" diýip gepleşigi alyp barýar , bilýäňizmi?!
-Howwa-howwa bilýän, öňler görýärdim ýöne soňky wagtlar gabat gelemok şol gepleşige . Gabat gelsem sypdyrman görýän-laý.
-Şol gepleşige senem gatnaşjakmy?
-Howwa gatnaşjak.
-Şol gepleşigi bilýän bolsaň ýaş şahyrlar goşgy okaýar, halypa şahyr Orazguly agada şol goşgylara baha berýär.
-Ähä
-Onsoň üç tapgyrdan ybarat . Birinji tapgyrda syýasy temadan bäş sany goşgy okalýar. Ikinji tapgyrda erkin temadan sekiz sany goşgy okalýar . Üçünji tapgyrda-da Orazguly aga döredijilik bilen baglanşykly peýdaly maslahatlary berýär.
-Hm, dogry .Haçan barmaly?
-Şu öňümizdäki dördünji güni barmaly bolaýmasaň. Entek doly belli däl. Orazguly aga bilen habarlaşaýyn , onsoň anyk bellisini aýdaryn.
-Hä bolýa-bolýa dost, arkaýyn habar edäý. Wiý ýogsa-da nirä barmaly ?
-Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezine, sergi köşgüne barmaly . Tapmasaň maňa jaň edäý, salgy bererin
-Bolýar dost . Entek seň bilen kän habarlaşmaly bolar.
-Arkaýyn jaň ediber. Onda Orazguly aga-da aýdaýaýynmy "Gerçeknazaram barýar" diýip?!
-Howwa-howwa , aýdaý dost.
-Bolýar onda agam sag bol, saglykda görşeli.
-Bolýar , sag bol.
Men Nury Sakçynyň bu hoş habaryna örän begendim. Sebäbi ençeme ýyldan bäri "Bagtyýarlyk ylhamyna" gatnaşasym gelip , nädip gatnaşmalydygyny bilmän ýördüm. Ine, bahym meniň şol arzuwymam amala aşmaga barha-barha ýakynlaşýardy.
Şol wagt kelläme ajaýyp pikir geldi. Men telefonymy elime alyp Nury Sakça sms ýazdym.
-Mümkin bolsa Orazguly halypaň öz telefon nomerinem beräýdä galamdaş !
Sms ýazanyma kän wagt geçmänkä dostum Orazguly şahyryň telefon belgisini ugratdy. Ony derrew telefonyma belläp ,Orazguly halypa sms ýazdym.
-Halypa salawmaleýkim ! Men Gökdepeli Gerçeknazar Amannazarow . Çagalygymdan bäri edebiýaty gowy görýän . Siziň eserleriňizi hem halap okaýan. Bagtyýarlyk ylhamyna hem islän wagtyňyz çagyraýyň, ylgap-ylgap bararyn.
Hawa, hakykatdanam men Orazguly Annaýewiň ýazan eserlerini juda gowy görüp okaýardym. Ol esasanam "Garagum" žurnalynda uly göwrümli eserleri yzygiderli çap edilýärdi. Onuň özüde şol žurnalyň bölüm müdiridi. Sms ýazanyma kän wagt geçmänkä , Orazguly aga maňa jaň etdi.
-Alo , Orazguly aga salawmaleýkim !
-Waleýkimessalam inim , gowymysyňyz öý-içerler saglykmy?!
-Ýagşy-ýagşy agam, özüňiz gowymy ?!
-Ýagşy bizem Hudaýa şükür . Şu nomerem seňkimi, Nury maňa başga nomer berdi?!
-Ikisem meňki agam.
-Esasy haýsyny ulanýaň.
-Şol Nurynyň ugradany-ny ulanýan esasy.
-Hä esasy şony ulanýan bolsaň şol nomeri belläp alaly.Adyňyz Gerçeknazarmy , öňem eştýärdim şol ady ?
-Howwa internetde , zatda goşgylarymy paýlaşýan.
-Biziň redaksiýamyza-da ("Garagum" žurnalyna-da) goşgylarňyzy ugratdyňyzmy?!
-Howwa ugratdym.
-Hä bolýar. Ol goşgularňyza-da serederis nesip bolsa žurnalda ýerleşdireris. Onsoň "Bagtyýarlyk ylhamy" atly döredijilik gepleşigimizem bilýänsiňiz!
-Howwa-howwa bilýän.
-Esasy üç tapgyrdan ybarat . Birinji tapgyrda watan barada , gahryman Arkadagymyz barada , Arkadagly Serdarymyz barada , ýurdumyzyň ösüşini wasp edýän bäş sany goşgy taýýarlamaly.Ikinji tapgyrda erkin temadan sekiz sany goşgy okamaly. Üçünji tapgyrda özüm döredijilik bilen baglanşykly maslahatlarymy paýlaşýan . Ak köýnekli , gara kastýum balakly, tahýaly, gülli dälde düz gara boýunbagly , saçyňy gowy edip oňardylan bolmaly. Özüňiz bir ýerde okaýaňyzmy?!
-Ýok, obada işleýän.
-Bolýar obada işleýän bolsaňyz . Aşgabada gelip gördüňizmi?
-Aşgabada barýan.Edil hemme ýerinä tapamok.
-Aý Gökdepeli bolsaňyz gelersiňiz-le, on atyň ýany, jemgyýetçilik guramalarynyň merkezine gelmeli , "Sergiler köşgi" diýseňizem salgy bererler.Gapdalymyzda erkin döredijilik mekanymyzam bar. Bolmasa oglanlar bilen habarlaşyp geläý.
-Bolýa-bolýa , nesip bolsa . Haçan barmaly ?
-Dördünji güni irden sagat onda şu ýere gelmeli. Oňa çenli goşgylaryňam taýynlaber.
-Bolýar-bolýar , goşgylarym taýyn-laý.
-Bolýar onda inim sag bol , saglykda görşeli.
-Bolýar agam sag bol .

(1-nji bölümiň soňy. Dowamy bar)

("Syrdaşym-gündeligim" gündelik ýazgylarymdan)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW.
5 лайков 185 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
14 авг 2023, 19:00
Goşgularyňy känbir halamasamda (halamadym diýdigim ýigrenýän diýdigim däl) awtobiografiýana ýarýan ekeniň.
Gerceknazar
Автор 14 авг 2023, 19:30
Khanture,halap halamazlyk siziň özüňize bagly. Proza ýazmak ukybymy indi-indi bilip , ýüze çykaryp başladym. Ilki öz awtobiografiýamdan başlap , ýuwaş-ýuwaşdan beýlekileriň awtobiografiýasynada girişmekçi nesip bolsa . Beren bahaňyz üçin sag boluň .
#B.S
14 авг 2023, 19:47
Gerceknazar,
Başga biriniňka awtobiografiya diýlenok, diňe öz biografiýaňy ýazsaň şoňa awtobiografiýa diýilýär. Başga şahslaňkyny meselem, dostyň , ejeň, kakaň ýa mamaň durmuşyny ýazsaň ol ýöne biografiýa bolýa
#B.S
14 авг 2023, 19:55
We ýene goşmoça.
Awtobiografik eser ýazylanda, wakalaryň nähili bolandygyny däl-de, özüňizi nähili duýandygyňyzy we bu wakalaryň size nähili täsir edendigini suratlandyrmak möhümdir.
Gerceknazar
Автор 14 авг 2023, 20:55
Khanture, beýlekileriň durmuşy bolýar-da .Öz duýgylarymy wakalaryň gidişi boýunça beýan etmekçi. Şujagaz başlangyçda-da öz duýgylarymy azajygam bolsa beýan edipdim.

"Men Nury Sakçynyň bu hoş habaryna örän begendim. Sebäbi ençeme ýyldan bäri "Bagtyýarlyk ylhamyna" gatnaşasym gelip , nädip gatnaşmalydygyny bilmän ýördüm. Ine, bahym meniň şol arzuwymam amala aşmaga barha-barha ýakynlaşýardy."
OrazMuhammet Aşyrow
15 авг 2023, 08:02
Tankytlasym gelen ýerler bar ýöne hekaýada däl..
Kerbaba
15 авг 2023, 14:21
Герчек, инди Оразгулы ага бн габатлашсан ,, Гирдап'' атлы китабыны язан вагтлары ниреде ишландигини сорап горсене.
the_end
15 авг 2023, 15:39
ааа'?
Gerceknazar
Автор 15 авг 2023, 15:41
kwadrat kelle, bolýar.
Pegas
15 авг 2023, 16:04
Guwanç Amatyýew, Laçyn Bazarowa, Tirkiş Sapbyýew dagynyň gatnaşan sany-ha däldir şu?
Gerceknazar
Автор 15 авг 2023, 16:14
Пегас,
öňünden aýdasym gelenok. Ikinji bölümini okasaň bilersiňiz.
Мердан
17 авг 2023, 01:08
Bah gaty gowy ?