Söýgim
Söýgi bilen ýagýan wagty ýagyşlaň,
Söýgi bilen demin alýarka dünýä,
Men bir zady hiç bilmedim bagyşlap,
Hem bilmedim şol bir zada ökünmän.
Men ony çalşypdym başga arzuwa,
Men onsuz durmuşy saýlap alypdym,
Betnyşan ördejik öwrüldi guwa,
Isleglerim bolsa hasyl bolupdy.
Menden bagtly bolmaz öýdüp ýaşadym,
Emma meni gozgap durdy bir duýgy.
Şol bolupdy, meger ,meni paş eden ,
Başga arzuwlara satylan söýgim.
Ol gitmedi, gaýtalandy ýagyşda,
Başga söýgüleriň gülküsinde-de ,
Meň bagtly durmuşym meni bagyşla!
Seni söýgim ýaly söýmedigime.
Bägül Ataýewa
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.