Geň...

"Söýenmiň yzynda kän ýyl selpedim,
Il söýse söýmese aýal edinýär"
(Seýitmyrat Geldiýew)

GEŇ...

Bu dünýede ýaşamak kyn ogşaýar,
Arzuwlarma meň ýerime ýeten bar.
Iller gyzyl keteni geýip toý tutýar,
Geň...
Meň paýymda irde-giçde kepen bar.

Haýyryň hem şeriň saçagy bile,
Bu gün dogry müň ýalany goraýar.
Illiň köne donun gutlaýan dünýä,
Geň...
Meň täze kepenmiň nyrhyn soraýar.

Gije tüm asmanda Aý bolup dogup,
Azaşanlaň ýolun ýagtyltdym niçe.
Geň...
Olar meni gündiz unutdylar hem
ýüzümiň tegmilne güldiler gije.

Bu dünýede aňsat ýollar ýokmyşyn,
Bagtyňa-da kynlyk bilen ýetilýär.
Men diňeje söýgim üçin agladym,
Geň...
Il söýse söýmese bagtly edilýär.

Aýsapar EMELOWA
6 лайков 147 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
15 авг 2023, 16:21
Berekella!
Seýitmyrat agaň iki setirem ýüregimden şypbykly ýöredi
zxcvbnm
15 авг 2023, 17:06
Täsirli goşgy. Minnetdar paýlaşanyňyza!
zxcvbnm
15 авг 2023, 18:02
Biygtyýar gözlerim ýaşdan doldy.
OrazMuhammet Aşyrow
16 авг 2023, 00:25
Söýenmiň yzynda kän ýyl selpedim

Şu sözler maňa göwünlik berdi...
OrazMuhammet Aşyrow
16 авг 2023, 00:53
Seýitmurat Geldiýewiň goşgular toplumy barmyka?