Bagtyýarlyk ylhamynda (2-nji bölüm)
BAGTYÝARLYK YLHAMYNDA.
2-nji bölüm.
Bu gün men hemişekilerden has höwesli oýandym. Sebäbi men ençe ýyl bäri arzuw edip ýören "Bagtyýarlyk ylhamy" atly döredijilik gepleşigine gitmelidim.Muňa diňe men däl bütin maşgalam hem "Gerçek telewizora düşmäge gidýär" diýip begenýärdiler. Esasanam men Orazguly Annaýew bilen görşüp onuň altyna barabar peýdaly maslahatlaryny diňläsim gelýärdi. Men daňdan altyda turup , ýuwunyp gelip iýip-içdim. Soňra kän wagt ýitirmän akja köýnegimi , garaja kastýum balagymy geýip, goşgylarymy alyp ýola düşdüm. Ilki obadan Gökdepä çenli ondan Aşgabada çenli awtobusa münüp gitdim . Dostum Nury Sakçyýewiň salgysy boýunça , halk bankyň öňünde düşdüm. Emma jemgyýetçilik guramalarynyň merkezine ýagny sergiler köşgüne barmak örän kyn boldy. Iň bir gaharyň getirýän ýeri hem öňünden çykandan "Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi nirede?" ýa-da "Sergiler köşgi nirede ? " diýip soran adamyň biri-de ol ýeriň nirededigini bilmeýärdi. Bolmasa ol ýeri gaty uzakda-da bolmaly däldi. Ahyry men dostumyň maslahaty boýunça ýoluň gyrasynda durup taksylary saklajak bolup duruberdim. Ençe wagt garaşanymdan soň bir taksy durup:
-Ol ýeri ýoluma ters bolýar -diýdi . Soňra men ýoluň sag tarapyna geçip taksylara garaşdym. Ahyry bir taksy gelip durdy. Men ulagyň öňki gapysyna golaýlap:
-Salawmaleýkim agam, jemgyýetçilik guramalarynyň merkezini tapýaňmy, sergiler köşgem diýýärler?!- diýdim. Sürüji biraz oýlanyp:
-Waleýkim, tapýan mün-diýdi . Men ulaga münüp:
-Öňümden çykandan soraýan welin şol ýeri tapanoklar-aý-diýip hüňürdäp başladym. Sürüji çalaja ýylgyrdy-da:
-Şäherde köşk kän-dä inim. Haýsysydygyny bilýän däldirler-diýdi . Sürüjiniň jany sag bolsun , göni diýilýän ýere düşürip:
-Ine, inim şu ýeri sergiler köşgi, hol gapa gir-äý-diýip , girilýän gapysyna çenli görkezdi. Men sürüjä sag bolsun aýdyp jemgyýetçilik guramalarynyň binasyna girdim. Bina giren badyma Orazguly aga jaň etdim, ýöne jaňa jogap bolmady. Soňra Nury Sakça jaň etdim. Nury dostumyň salgy beren ýerine golaýlanymda özüm ýaly ýaş , ak köýnekli , gara kastýum balakly oglanyň ýanyna bardym.
-Salam , gowmy dost?!
-Salam
-Sizem Orazguly agaň ýanyna geldiňizmi?!
-Howwa, Orazguly aga şu wagt ýazgy edip otyr.
Ine, şu ýerde men Orazguly halypamyň näme üçin jaňyny almaýanyny bilip galdym. Dogrysy men ýolda alaşyp diýilýän wagtyndan bir sagat giç gelipdim. Şonuň üçin men ýene-de öňzmizden gelen özüm ýaly ýaş goşgyçylaryň çykyşy gutarýança garaşmaly boldum. Ýaňky ýaş galamdaşymyň ýanynda başgada bir ýaş talyp gyz bar eken . Ol hem men ýaly ýaňyrak gijä galyp gelipdi. Soňra biz sergi köşgüniň eýwanynda özara gysgaça tanyşlyk açyp oturdyk. Olaryň ikisi hem men ýaly "Bagtyýarlyk ylhamyna" gelipdiler. Daşyndan göräýmäge ulyrak görünýän, ýüzüni agyrrakdan ulumsyrak tutýan, özüne biçak ynamly garaýan ýaş galamdaşymyň ady Wepa Durdyýew eken. Ýekeje özi ýumşajyk kürsüde mähirli ýylgyrypjyk oturan , owadanja ýaş gyzyň ady bolsa Jemal Annaýewady.
Bir sagat gowrak wagt garaşanymyzdan soň ahyry bize-de gezek ýetdi. Bilnişi ýaly "Bagtyýarlyk ylhamynyň" her sanyna üç sanyna üç sany ýaş şahyr gatnaşyp , syýasy we erkin temadan ýazan goşgylaryny okap berýärdi. Alyp barjy Orazguly Annaýew hem şol goşgulary diňläp halypa şahyr hökmünde her bir ýaş şahyra özüniň juda gymmatly maslahatlaryny eçilýärdi. Hemişekiler ýaly bu gün hem "Bagtyýarlyk ylhamy" atly döredijilik söhbetdeşligine Orazguly aga şeýle sözler bilen başlady...
. . .
Men bagtyýarlyk ylhamy gepleşiginiň şol sanyna bir aý gowrak dagy garaşypdym. Elbetde bir aý garaşmalydygyny şol günüň özünde Orazguly aga bize aýdypdam. Emma geçen hepde geçiriler öýdüp men bütün ile hatda internetdäki saýtdaşlaryma hem buşlap çykdym , ýöne geçirilmedi. Garaşyp-garaşyp iň soňunda geçirilmänine gaharym gelipdi. "Bagtyýarlyk ylhamy" atly döredijilik söhbetdeşligi esasan her hepdäniň penşenbe güni sagat sekizde geçirilýärdi. Ine bu gün hem biz sagat sekiz bolmagyna garaşyp telewizor görüp otyrdyk . Şol wagt gelnim "Altyn asyra " geçirdi we geçirenem gowy boldy. Mümkin geçirmedik bolsa biz ýene-de sekize çenli garaşyp "Bagtyýarlyk ylhamy"-nyň bu sanynam görmän galardyk. Esasy maşgalamyň bar arzuwy , meniň özümiň hem arzuwym, telewizorda özümi görmekdi. Ine-de bagtyýarlyk ylhamy başlady we menem ortarada hekgerilip otyryn. Gepleşigikde Orazguly halypa şeýle sözleri jaýyň içine ýaň salýardy.
-Salam hormatly teletomaşaçylar, salam hormatly ýaşlar! Ýurdy ösdürmek bilen baglanyşykly döreden mümkünçilikleri esasynda başlan, dowam edýän "Bagtyýarlyk ylhamy" gepleşigimiz Türkmenistanyň telewidinýe radiogepleşikler we kimogaragrafiýa baradaky döwlet komitetiniň "Altyn asyr-Türkmenistan" teleýaýlymy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi bilen bilelikde geçirilýär.
Men haýdan-haý gepleşigiň her bir sözlerini telefonyň ses ýazgysyna ýazgy etmek üçin kakamyň telefonyny alyp , telewizoryň golaýynda goýdym we özüm ylgap ejeme, kakama , doganlarma , gelnejeme, jigilerime buşlamak üçin daşaryk ylgadym. Telefonyn bolsa ine şu sözleri ýazgy edip durdy.
-Siziň bilşiňiz ýaly ýaňy döredijilige başlan ýaş şahyrlary gepleşigmize çagyrýas. Olaryň öz eserleri goşgylary bilen teletomaşaçylar sizi tanyşdyryp durýas. Biz şu günem şeýle gepleşigmizde üç sany ýaş şahyrlary çagyrdyk.
Men şeýle bir begenýärdim, şeýle bir tolgunýardym. Çaga ýaly iki ýana ylgaýasym gelýärdi. Ylgap diýen ýaly Tirkiş agamyň öýlerine baryp:
-Gelneje altyn asyry aç, meni görkezýärler -diýip gygyrdym. Gelnejem:
-Aldamasana geçen gezegem görkezjekdilerdä -diýip ynamsyzlyk etdi. Men:
-Şu wagt aç , görkezip durlar -diýdim. Gelnejem öýe howlugup:
-Gülnar altyn asyra geçir , Gerçegi görkezýärler -diýip öýe girip gitdi we gapyň öňünde oturan çagalara-da :
-Geliň Gerçegi telewizorda görkezýärler -diýip çagyrdy. Men ýene ylgap öýe geldim. Öýde aýalymam bu hoş habary ejesine , doganlaryna aýdyp duran eken.Telefon bolsa henizem ýazgy edip gidip otyr.
-Hormatly teletomaşaçylar ! Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy ýaş zehinleri döredijilige imrindirmek hem-de olaryň kämilleşmegi üçin gurmaçylyk işlerini geçirýärler . Edebi söhbetdeşlikleri guraýarlar.Şonuň ýaly biziň ýaşlarmyzyň has tapawutlananlaryna sowgat serpaý hem gowşurýarlar.Munuň özi biziň ýaşlar guramamyzyň gönüden-göni döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlarmyzyň kämilleşmegine , ösmegine ýardam edýän çäreleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar.Şonuň üçin biz ýaşlar guramamyz bilen bilelikde şu gepleşiklermizem alyp barýas.
Soňra jaýa doganym Han girdi. Men telewizorda özümi görkezip:
-Han şuny tanaýaňmy?-diýdim. Han ýylgyryp:
-Gerçegi telewizorda görkezýärlermi?-diýip özüňe sorag berdi. Menem oňa:
-Kakam , ejem dagy nirde?!-diýdim. Han:
-Ejem Bagtygüllerde, kakamam täret almana gitdi-diýdi.Orazguly aga bolsa gepleşigiň mazmuny bilen tanyşdyryp durdy.
-Gepleşigmiziň mazmuny şeýleräk. Gepleşigmiz "Jigerde jan, damarda gan, size şöhrat-şan Watanym" atly ilkinji sahypa bilen açylýar. Ondan soň birinji tapgyr başlanýar. Birinji tapgyrda "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy zamanasynda" atly birinji tapgyrmyz başlanýar. Ol tapgyrda biziň ýaş şahyrlarymyz , biziň "Mukaddes temalarmyz" diýýän temalarmyzdan döreden goşgylaryny , Arkadag, Arkadagly Serdar, Watan, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ýaly şu mukaddes düşünjeler bilen baglanşykly eserlerini size teletomaşaçylarmyza ýetirerler.
Ondan soňra "Alana akyl, bilene nakyl " sahypamyz bar. Ol sahypada parasatly pikirleriň birnäçesini biz öz teletomaşaçylara hem-de ýaşlarmyza ýetireris.
Ondan soň ikinji tapgyr başlanýar. Ikinji tapgyr "Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, senden soňkylara ýadygär bolar " diýlip atlandyrylýar.
Soňky sahypamyz "Kämilligi kämilleşdirmek" sahypasy bolup durýar .Onda kämillik bilen baglanyşykly käbir pikirlermizi ýaşlarmyza hem-de teletomaşaçylarmyza ýetirýäs.
Soňra telewizoryň başyna kakam gelip ýylgyryp:
-Näme görüp otyrsyňyz-diýdi. Han derrew:
-Gerçegi telewizorda görkezýärler -diýip begenjini beýan etdi. Ondan soň ejemem geldi. Biz üýşüp , telewizoryň sesini gaty açyp , bagtyýarlyk ylhamyny görüp otyrdyk.
-Onda hormatly teletomaşaçylar biziň şu günki gepleşigmize gelen ýaşlar bilen tanyşdyraýyn.
Meniň ýanymda oturan ýigdimize Wepa Durdyýew diýýärler . Wepa "Türkmen öri meýdanlary suwlandyryş önümçilik birleşigi"-niň hünärmeni.
Onuň aňyrsyndaky oturan ýigdimiz Gerçeknazar Amannazarow . Ol Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy.
Onuň aňyrsyndaky oturan gyzymyza Jemal Annaýewa diýýärler . Ol "Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň , neşirýat çaphana orta hünär okuw mekdebi"-niň talyby.
Hormatly ýaşlar biziň "Bagtyýarlyk ylhamy".gepleşigmize hoş geldiňiz ! Size ynha öz döreden eserlerňiz bilen teletomaşaçylar bilen tanyşdyrmak üçin doly mümkinçilik berýäs.Ýaňam belläp geçişimiz ýaly biziň ilkinji sahypamyz şygyr setirleri bilen başlanýar . Men häzir şol şygyr setirlerini size hem-de teletomaşaçylara ýetireýin.
Men Orazguly Annaýewiň mawy ekranyň garşysynda özüni şeýle erkin alyp barşyna ylaýtada suhangöýligine haýran galdym. Onuň tolgunýany , aljyraýany asla bildirmeýärdi. Aýdan çeper sözleri maşallah göni diline gelip durdy.
-Biziň Garaşsyz, baky Bitarap watanmyzda beýik şahsyýet , dünýä derejesindäki beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy 2024-nji ýylda dabaraly bellemek üçin taýýarlyk işleri geçirilýär . Sebäbi Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz , şolar ýaly belent şahsyýetiň mertebesini ýokary göterip , türkmen halkynyň , biziň watanmyzyň mertebesini ýokary göterýär. Sebäbi Magtymguly Pyragy diýilýän ol dünýä şahyry, dünýäde belli şahyr bolup durýar . Şonuň bilen hem ol türkmen halkynyň adyny , abraýny, şanyny-şöhradyny äleme ýaýmakda-da uly hyzmaty ýerine ýetirýär. Şonuň üçin meniň şu setirlerim , şol şahyr bilen , şol belent şahsyýet bilen gönüden-göni baglanşykly.
Gudrat
Ýyllaň münberine belentden garap,
Dursuň bulutlary selle deý orap,
Söz sungaty ozal-ahyrda döräp,
Gören däldir sen deý ägirdi şahyr,
Siz şygyr piriniň şägirdi şahyr.
Habar aldyň mazlumlaryň halyndan,
Öç aldyň sen biweçlerden , zalymdan.
Halky eziz gördüň şirin janyňdan,
Bolduň her ynsanyň hossary şahyr,
Maksada jem etdiň dost-ýary şahyr.
"Agzalalyk-bagty döwmekdir" diýdiň,
"Nadanlyk-aýagňy köwmekdir" diýdiň,
"Arzuwym-berkerar döwletdir" diýdiň,
Aňlatdyň halkyňa derdin şahyrym,
Hak ýolun salgysyn berdiň şahyrym.
Gorkak gaçar ýowda ýeriň pessinden,
Jeň görse namartlar gider essinden,
Uly hormat saňa gerçek nesliňden,
Watançydyr, gorar aryny şahyr,
Berjaý eder pendiň baryny şahyr.
Gudrat däl, gudratyň özün döreden,
Ilime ata sen, ýurda töre sen,
Arkadagy hormat bilen garadan,
Başy belent oglusyň şahyrym.
Magtymguly Pyragynyň beýik şahsyýetiň ägirtleri hökmünde guwanýas, buýsanýas. Aýratynam gahryman Arkadagymyzyň şular ýaly türkmen halkynyň sütünleri , şahsyýetleri barada edýän aladalarny , ol ýoly Arkadagly Serdarmyzyň doly , ýokary derejede dowam edýänligi bizi hemişe begendirýär.
Hormatly ýaşlar! Biz onda gepleşigmize başlaýas . Sözmüzde ilkinji söz Wepa siziňki.
Wepa Durdyýew gepleşigiň başyny özüniň ine şu goşgy setirleri bilen başlady.
Prezidentim Size şöhrat-şan bolsun.
Sanalgysyz şäher, oba gurduňyz,
Prezidentim Size şöhrat-şan bolsun.
Pähim paýhas bilen pata berdiňiz,
Prezidentim Size şöhrat-şan bolsun.
Gül öwüsýär daglarynda,çölünde,
Bagt mukamy ýylaklaryň dilinde,
Erkinligiň tugy türkmen elinde,
Prezidentim Size şöhrat-şan bolsun.
Il saglygyň sakasynda aladaň,
Ýurt baýlygy bakylykda abadan,
Hak sylamyş ata watan owadan,
Prezidentim Size şöhrat-şan bolsun.
Yklymlara ýalkym saçýar diýarym,
Halkyň bagtyýardyr, aýdyň duýýaryn,
"Işleň rowaç, uzak ýaşa" diýýärin,
Prezidentim Size şöhrat-şan bolsun.
Tagzym rysgal saçagyňa watanym.
Gözel ýaşaýyşdan ganyp bilemok,
Sygdyrýarka gül goýnuna watanym.
Watan zähmetinden aryp bilemok,
Tagzym rysgal , saçagyňa watanym.
Gyşda göçen durna, ýazyňda ýaýnan,
Sapaly , seýranly, saklyndyr saýaň.
Sähraňa maýyldyr inerli maýaň,
Döwlet siňen ojagyňa watanym.
Mukaddeslik ,mähir tagam duzuňda,
Saňa beýik söýgi ogul-gyzyňda,
Şygyrlarym bir nahaldyr yzyňda,
Topragyňy guçanyma watanym.
(2-nji bölümiň soňy. Dowamy bar)
© Gerçeknazar AMANNAZAROW.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.