Bagtyýarlyk ylhamynda (3-nji bölüm)

3-nji bölüm.

Wepa Durdyýew öz ýazan goşgularyny okanynda-da howlukman, arkaýyn, labyzly okaýardy. Hut şonuň üçinem onuň okan goşgylary "Bagtyýarlyk ylhamy" atly gepleşigiň köp bölegini tutýardy. Onuň goşgulary hem buýsançly, watansöýji, özüneçekijidi.

Garagum sährasyna syýahat.

Bugdaý reňkli , leýli saçly selinler,
Sähra şemalyna daranyp otyr.
Tebigatyň päkdir namazlyk ýaly,
Goranlar sogabyn gazanyp otyr.

Gulaç-gulaç guýylaryň sany kän.
Jülgeleri bulut bilen birleşen.
Zemine bereket eçiler ýaly,
Garagumum asman bilen gürleşer.

Mukaddesdir bu topragyň her ýeri,
Gymmatlydyr gumunyň her dänesi.
Garagumum-sähralygyň ummany,
Inerler hem ak maýalar gämisi.

Ak çägeli alaňlaryň ýüzünde,
Gasyn atan maňlaýynda ýazgysy.
Aňyrsyna göz ýetmeýän üňüzlik,
Salgymynda ýyldyzlaryň salgysy.

Mahal-mahal obalarna aýlanyp,
Ak öýlere myhman bolup geçilýär.
Öý eýesi hödür eder duz-tagam,
Agaranny, düýe çalyn içilýär.

Waspnamam, soňlanmajak eserim,
Watanyň törüne ýazylan haly.
Sähram söhbet etdim seniň alnyňda,
Ýazylmadyk goşgy ýazylar ýaly.

Watanym.

Daglaryňa, sähralarňa gezedim,
Daban ýeriň keramatly watanym.
Şygyr ýazdym, sazlarymy bezediň,
Zerewşan sen, hun zerbaply watanym.

Sen meni söýgüläp saldyň gujagňa,
Ýollarymdan sowmaýaň nur didäňi.
Baky söýgüm watan atly ojagňa,
Jennet duýdum gündüziňi, gijäňi.

Ýaşaýyş gözeldir behişt boýnuňda,
Topragyňa siňsin ömür nokadym.
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk toýuňda,
"Watan" at dakylan goşgym okadym.

Tarypyňa ejiz geler sözlerim,
Nokady goýulmaz dowamat watan.
Bagtyýardyr seniň ogul-gyzlaryň,
Sahawatly iller salamat watan.

Türkmenistan.

Watan meniň barlygym sen, ähli zadym seniňkidir,
Watan meniň baýlygym sen ,şan-şöhradyň meniňkidir,
Watan gülüm, baglygym sen, goýnuň jennetiň mülküdir,
Din, imanym ybadatym , ömrüm, örküm bir ten bir jan,
Köňle kerem, keramatym , jan watanym Türkmenistan.

Ýürekleriň telwasyndan ,gaýnap duran joşgun saňa,
Dillerimiň senasyndan, saýrap duran goşgym saňa,
Prezidentiň penasyndan erkim, bagtym goşdum saňa,
Arşda ýaýyp per ganatym , uçsam sende galsam asman,
Asuda il, parahatym eziz ülkäm Türkmenistan.

Sende döräp höküm urdum watan seniň ojagyňda,
Sag-salamat tükenerdim, jennet mekan gujagyňda,
Şygyr bolup kalba girdim saýrak dutar ,gyjagyňda,
Duýup bagtyň alamatym , maýyl bolar her bir ynsan,
Ömür islän delalatym bu mukaddes Türkmenistan.

Ýaşyl baýdagym parlaýar , polat ýoly berk binýady,
Toýlaryndan belli diýar, ösüşleriň bedew bady,
Ýurt berkarar , il bagtyýar, döwletli döwrüň kuwwaty,
Aýşy-eşret, toý dabara, bagt joşýar baksam çar ýan,
Waspyň kän joşup ýazara , jan watanym Türkmenistan.

Arkadagly Serdarymyzyň.

Galkynyşly gadamlary,
Arkadagly Serdarymyzyň.
Rowaç alýar tutamlary,
Arkadagly Serdarymyzyň.

Ak mermerden Aşgabadym,
Mahmal zerden keşbi bardyr,
Belent münber köşgi bardyr,
Arkadagly Serdarymyzyň.

"Watan diňe halky bilen",
"Watan" diýen bagty biler,
Ak ýollary ýagty bolar,
Arkadagly Serdarymyzyň.

Biziň ilde beýik toýlar,
Bagtyýardyr her bir öýler,
Baýram güni gutlar iller,
Arkadagly Serdarymyzyň.

Galkynyşly gadamlary,
Bagtyýardyr adamlary,
Kalbymyzda aýdymlary,
Arkadagly Serdarymyzyň.

Wepa Durdyýew watan barada ýazan goşgularyny okap bolanyndan soňra , Orazguly Annaýew ýaş şahyryň syýasy temadan ýazan goşgularyna şeýle baha berdi.
-Hormatly teletomaşaçylar ! Ine, siziňem özüňiz görşüňiz ýaly Wepanyň okap beren şygyrlary belli bir derejede kämillikden daşda däl. Sebäbi Wepa köp wagtdan bäri döredijilik bilen meşgullanýan ýigdimiz. Özem yhlasly , gaty tutanýerli meşgullanýan ýigitlermiziň biri . Şonuň üçin ynha okap beren şygyrlarynda biziň şu günlermiz, şu döwür bilen aýakdaş gidýändigini , döwrüň demi bilen dem alýandygyny, şonuň ruhy bilen ýaşaýanlygyny , şu okap beren şygyrlary bize görkezdi. Wepa geljekde-de şular ýaly bize örän zerur , "Mukaddes temalar" diýen temalarmyzdan şygyrlary hökman döredip durmaly. Şonuň üçinem geljekde-de üstünlikler arzuw edýän.
Soňra Orazguly aga:
-Gerçeknazar gezek seňki başlaber-diýeninden soň men şu goşgularymy okap başladym.

Ýürek joşguny.

Gün-Günden özgerýär eziz diýarym,
Wasbyny etmäne sözüm ýetmeýär .
Bagtyýar biz gül goýnunda diýaryň ,
Saňa söýgim ýüregimden gitmeýär.

Ösişlerden ösişlere beslenip ,
Bedew bady bilen öňe barýarys .
Joşup goşgy ýazýan has höweslenip ,
Seň saýaňda bagtymyzy görýäris.

Görmäne göz gerek gözel ülkämi ,
Belentden ýaňlanýar aýdymyň sesi .
Heý jan elek,heý jan elek,jan elek ,
Ýaňlanýar çagalaň şatlyk gülkisi.

Ýurdumyz parahat  şükür edýäris,
Şahyr watan wasby dilden düşmesin.
Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ,
Aýtsana dost neneň ýürek joşmasyn?!

Watan wasby soňlanmajak dessandyr

Gözüňe ýakymly ýaşyl ýaýlalar.
Lowur-lowur lowurdaýar çeşmeler.
Aýlansaň göwnüň jaý,ömrüň baý bolar,
Gözellige ömür boýy teşne men.

Keşde sen kalbymda Türkmenistanym.
Saňa söýgüm siňipdir-ä ganyma.
A gan bolsa aýlanyp dur bedende,
Agzalaryň baryna.

Bir beden däl saňa ruhum siňipdir.
Arzuwym,yhlasym,ömrüm...siňipdir.
Ony sanap soňlap bolmaz söz bilen,
Sebäp sen sözlemden sözden beýiksiň.

Aýdym aýdyp ýadamaýyn sen hakda.
Syrly sözler joşup çyksyn gursakdan.
Türkmenistan-roman,ömür kyssamdyr,
Watan wasby soňlanmajak dessandyr.

Soňra Orazguly aga meniň okan goşgylaryma-da şeýle baha berdi.
-Hormatly teletomaşaçylar ! Ynha Gerçeknazaryň okap beren eserleri bilen belli bir derejede döredijiligiň ilkinji basgançaklara çykandygyny görkezdi . Pikir ýöredişine seredeniňde-de Gerçeknazaryň örän üstünlikli hereket edýändigini görmek bolýar .  Gerçeknazaryň ynha döreden eserlerine üns beren bolsaňyz , şol setirleriň akgynlylygy, "setirleriň akgynlylygy" diýmegem eýýäm çeperçilik serişdeleriniň ýerli ýerinde ulanýanlygyny hem-de kapyýa, sazlaşyk ...diýen ýaly düşünjelerede üns berýändigini we belli bir netijäni gazanýandygyny görkezýär. Gerçeknazar geljekde-de şu ýoldan dowam etseň , özüňi has kämilleşdirseň , senden gaty gowy eserlere garaşmak mümkin. Okyjylarmyzy, diňleýjilermizi,teletomaşaçylarmyzy begendirjek eserlere garaşýas. Onuň üçin sende doly mümkinçilik bar. Sag bol .

(3-nji bölümiň soňy. Dowamy bar)

© Gerçeknazar Amannazarow.
3 лайков 103 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
OrazMuhammet Aşyrow
17 авг 2023, 21:11
Meniň pikrimçe watan baradaky goşgular köp bolmaly däl her bir şahyra watan temasyndaky ýazylan goşgudan bir ýa ikisi ýetik bolarmyka diýýän. Ondan köp bolsa uže duýgysyz ýöne gury saman ýaly bolup durda...