Durmuş nowellalary
Durmuş nowellalary (roman)
1-nji bölüm
"Juda çylşyrymly durmuş kitaby,
Okabam bolanok,görüp bolanok.
Nowelladan doly onuň her baby ,
Soň näme boljagny bilip bolanok."
("Durmuş nowellalary" goşgymdan)
Ol gün howa bulaşyk bolupdy.Asmanyň ýüzi gara bulutlar bilen örtülip älem-jahan alagaraňky ýagdaýda-dy. Günbatar şemaly köwsarlap ýagyşyň ysyny berýärdi. Gap-gara bulutlar Güneşi bir eýýäm gizläpdi. Bu gün Jumanazar üçin ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Sebäbi bu gün Jumanazar ilkinji gezek öri meýdana goýun bakmana gitmelidi. Jumanazar bu wagt on üç ýaşyndady. Ol şu güne çenli hiç hili goýun bakyp görmändi . Dowarlary nirede otlatmaly , nirede suwlatmaly , hiç habary ýokdy. Hatda ol goýunlary nirede bakmalydygyny hem bilmeýärdi. Jumanazar goýunlary ýatakdan çykardy-da ,olaryň yzyna düşüp gidiberdi. Goýunlar obanyň gaýrasyna çykdylarda , bir ýodajyk bilen ýöräberdiler. Jumanazar goýunlaryň yzyna düşüp barşyna ýodanyň gyrasynda ýatan ulyrak ýaşyl depdere gözi düşdi. Ol goýunlaryndan biraz daşlaşyp, ýaşyl depderi eline aldy.
-Bu nämekä?- diýip depderiň ilkinji sahypalaryny okap başlady.
-"Syrdaşym-gündeligim". Bä biriniň gündeligi öýdýän
"Durmuş manyly bolýar,
Undup kine gahary.
Duýgymyzy paýlaşmaga,
Adamyň bar mahaly."
Özem men ýaly goşgy ýazyp bilýän adamyň gündeligi bolmaly.
Gündelik Jumanazary bada-bat özüne çekdi. Jumanazar gündelikden biraz ünsüni sowup töweregine garanjaklady. Hanha goýunlar has dogrysy goýunlary yzyna tirkäp barýan geçiler , şol ýoda bilen gaýralygyna tutdyrylyp barýardylar . Jumanazar dowarlaryň yzyndan ylgap ýetdi. Ol geçileri ýodadan sowup , günbatardaky otlyrak ýere kowdy. Geçiler bir ýerlere howlugýan ýaly eňip barsalarda , goýunlaryň bar aladasy otlurak ýer tapsa otlamakdy. Jumanazaryň bolsa bar aladasy elindäki ýaňy tapan gündeligi okamak boldy. Ahyry geçiler hem otlamana başladylar . Jumanazar gündeligi galan ýerinden dowam etdi.
-"Sabyr,sabyr,sabyr ýene-de bir gezek sabyr . Bu depderçäme men "gündelik" dälde "syrdaşym" diýip atlandyrasym gelýär. Sebäbi men onuň bilen ähli syrlarymy paýlaşyp , ýüregime agram salyp , içime sygmadyk duýgylarymy, şatlygymy, gaýgylarymy , ýylgyryşdyr-göz ýaşlarymy syrdaşym-gündeligim bilen paýlaşasym gelýär.
Salam .
Salam syrdaşym! Gowymy ýagdaýlaryň ? Syrdaşymyň häzirlikçe gepläp bilmeýänem gowy zat . Sebäbi häzir men hiç gepletmän , öz içimi nämede bolsa bir zada dökesim gelýär.Inhäde saňa hemsyrdaş ýakyn dost. Içiňi dökde otyr.
Öwrenişmek.
Bä syrdaşyma ilki nämeleri gürrüň berip başlasamkam ? Bilýän , bir urugyp bildigim , yzynyň joş alyp gitjegini . Ýöne urugmak kyn. Bolýar başdan başlaýyn, ýagny çagalyk ýyllarymdan.
Ah çagalyk ýyllarym.
Çagalyk ýyllarymdan başlamakçydym. Aslynda çagalyk ýyllaryma gaýtadan dolanyp barmagy halamok. Ýöne Hudaýa şükür ol ýyllardan närza ýerimem ýok. Alla gowsuny bilýändir. Okyjylarymyň gyzyklanary ýaly durmuşymda ilki bilen çagalyk ýyllarymda bolup geçen täsin wakalary ýatlap geçeýin. Asla hakydamdan çykmajak , hakyky öz durmuşymda bolup geçen wakalar diýseň köp . Olaryň ilkinjisi şu. Ýagny "Adamsypat gurçuk ýaly jandarlar".
Jumanazar gündeligi okadygyça okasy gelýärdi. Onuň içindäki wakalar, özem hakyky durmuşda bolan wakalar Jumanazary gitdigiçe özüne çekýärdi. Onýançada Jumanazar hool kanalyň gaýrasyndaky , zeýiň boýunda bir topar oglanlaryň:
-Juma gelow-diýen seslerini eşidip, gündeligi gapdalyragynda duran ýylgynyň arasynda gizledi.
-Juma geldä-how
Ol oglanlar henizem sesleriniň ýetdiginden gygyryşýardylar. Olaryň biri Jumanazaryň goňşysy Çarydy. Galanlaryny tanamaýardy. Olar hem gahrymanymyzyň obadaşlary bolmaly. Jumanazar dowarlaryny sürüp obadaşlarynyň ýanyna bardy. Baranyna kän wagt bolmanam ýagyş ýagyp başlady .Şol wagt Çary:
-Juma sen geldiň welin ýagşam geläýdi -diýdi. Beýlekiler hem:
-Ýagyş bilen bile geldi öýdýän-diýip gülüşdiler. Soňra Çary:
-Juma biz-ä gaýtjak . Ýör senem gaýtsaň -diýdi . Jumanazar bolsa:
-Ýok dost sen gaýdyber. Men ýaňja geldim. Indi gelenime görä biraz mallarymy otladaýyn-diýdi . Çary goýunlaryny oba tarap kowup barşyna :
-Bolýar-da onda sag bol -diýip hoşlaşdy. Jumanazar hem:
-Bolýar dost , sag bol -diýdi . Soňra Çary we beýleki çopanlar öýlerine tarap gaýtdylar. Ýagyş uzak ýagmady. Olar heniz oba ýetmänkä ýagyş diňdi. Emma olar şonda-da oba girip gitdiler. Olar gaýdan soň Jumanazar gündeligi gizlän ýylgynynyň ýanyna bardy. Gündeligiň daşyny süpürşdirdi. Gündelik ýagşyň aşagynda durup azajyk zaýalanypdy. Käbir sahypalary ýyrtylypdy. Gündelik golýazma bolanlygy üçin awtoryň hatyna gowy düşünip bolmaýardy. Şonda-da Jumanazar ony okajak bolýardy.
"Adamsypat , gurçuk ýaly jandarlar.
Çagalykda örän elhenç , gorkunç zatlary görüpdim. Ýagny men ýaňy aýak üstüne galyp, ýöräp başlan wagtlarymda , takmynam 5-6 ýaşlarymda , elime ary balyndan boşan kiçijek bedre şekilli gapjagazy elime alyp , öýümden uzaklaşyp gidipdirin. Hawa men ol gapjagazy hiç ýanymdan aýrasym gelmezdi.Nirä gitsem gideýin mydama ýanymda göterer ýörerdim.Şol gün öýümden uzaklaşyp gidişime düýşümmi ýa-da huşum anyk bilemok ,emma meni palçykly turbalaryň üstünde , arkanlygyna gidip barýan ýalydym . Özüm ýörämok, meni näbelli bir güýç arkanlygyna göterip alyp barýardy,ýöne men ony görmeýärdim. Şol palçykly o:t ýaly gyzgyn çukurlaryň içinde adam boýuna barabar uzyn gurçuk şekilli jandarlar ellerini ýokaryk uzadyşyp , meni özlerine çekip aljak bolýardylar.Olaryň elleri arkama degäýjek-degäýjek bolup geçýärdi. Olar şeýle bir köpçülikdi özlerem turbalaryň içinde durdy.Ol çukurlaryň içi ýanyp duran gyzgyn palçykdan dolup durdy. Men şeýle bir gorkýardym. Sesimiň ýetdiginden möňňürüp aglaýardym. Ejemiň aýtmagyna görä şol wagt men obanyň ilersindäki Isberden öwülýäsiniň içinde ekenim. Öwülýäniň içinden bolsa meni goňşy obadan ýagny Ajykärizden bir aýal tapyp , ondan-mundan sorap-idäp ahyry meni öýüme getirip gidipdir. Alla ondan razy bolsun. Elbetde ol aýal bu wagt biziň aramyzda ýok . Ýatan ýeri ýagty , jaýy jennet bolsun."
Jumanazar gündeligi dünýäni unudyp okaýardy. Ondaky wakalar gitdigiçe özüne çekýärdi. Aşakgy abzasa ýetende Jumanazar töweregine garanjaklady . Seretse dowarlary ýok. Jumanazar
-Beh bular şulkaralykda nirä gitdikä , kakama näme jogap bersemkäm ?- diýip, öz-özüne igenip goýunlarynyň gözlegine çykdy. Soňra beledräk depä çykdy , hiç hili mal görnenok. Onuň aňyrsyndaky depelere çykyp gözledi ýöne asla geçileri görünmeýärdi. Jumanazar depeden-depä aşyp mallaryny tä Gün ýaşyp , garaňky gatlyşýança gözledi,emma tapmady. Indi ol hasam aladalanyp başlady. Mal ýitirmek örän elhenç duýgy. Jumanazar gaharlanýardy.Öz-özüne igenýärdi. Gözledigiçe ony aladalar basmarlaýardy. Indi öýdäkilere näme diýmeli? Kakama näme jogap bermeli?Ahyry ol içgysgynç aladalar bilen öýüne gaýtmana mejbur boldy . Öýe ýetip-ýetmänkä onuň öňünden kakasy çykdy.
2-nji bölüm
Jumanazaryň kakasy Berdinazar aga bu wagt agşam namazyny okamak üçin täret almana barýardy. Indi Jumanazar hasam howatyrlanyp başlady. Kakasynyň ýanyna baryp:
-Kaka men-ä mallarymy ýitirdim -diýjek bolup durka Berdi aga ýylgyryp:
-Nämehow oglum, goýunlaryň geldi-de özüň geleňokla-diýdi. Jumanazar begenip agylyň öňüne bardy. Görse mallarynyň hemmesi ýatagynda gäwüşäp ýatyrdylar. Jumanazaryň egninden ullakan dag aýrylan ýaly boldy. Begenjine uçaýjak-uçaýjak bolup öýlerine ylgady. Ejesi ony görüp:
-Oglum, nahar iýjek bolsaň saçagy ýaz - diýdi . Agşam namazyndan soň maşgala agzalary bir saçaga jemlenip agşamlyk naharyny iýdiler. Nahardan soň töwür galdyryp, hersi bir jaýa dargadylar. Berdinazar aga ýaplanyp çaý içip,çagalaryň ejesi bilen bile telewizor gördüler. Jumanazaryň agasy Halnazar ortaky jaýa geçip , çaýyň başynda ýassyga ýaplanyp , telefonda aýdym diňledi. Jumanazar bolsa aýratyn , ümsüm jaýa geçip gündeligiň yzyny okap başlady .
"Eje daş ýagýar.
Näçe ýaşymdadygym anyk ýadyma düşenok. Bolsa ýaňy bir bäş ýa-da alty ýaşlarymdadyryn. Men ilkinji gezek gyzdyrma keseline ýolugypdym. Henizem ýadymda. Içki jaýda , gara der bolup ýatyrdym. Ýanymda ejem bardy. Kelläm şeýle bir güwläp agyrýardy, başym aýlanýardy. Endamym ot ýaly gyzgyn bolsa-da , gaty üşeýärdim. Üstümdäki ýorganyma bürenip ýatyrdym . Örän elhenç ýagdaýdadym.Hamala penjiräniň içinden geçip, ullakan-ullakan daşlar üstüme gaýdyp duran ýalydy. Elhenç gorkupdym.Kiçijek ellerimi aýna uzadyp:
- Eje daş ýagýar. Eje seret daş ýagýar-diýip gorkujygyma daş ýagýandygyny ejeme görkezjek bolýardym. Gözlerimden buýur-buýur ýaşlar akýardy. Ejem näme diýjegini bilmän yzly-yzyna başymy sypalap, göz ýaşlaryny gizlejek bolýardy. Soňra ýer iki ýana çaýkanyp başlady. Daşam üstümden ýagyp durdy .Ýöne endamym gyzgynlykdan başga zady duýmaýardy. Aglap-aglap ýatyp galypdyryn. Ol günleri ýatlamagam gorkunç. Ejem meniň şolar ýaly günlerimde-de mydama ýanymdady. Garaz şeýdip-şeýdip ine şu güne ýetdim. Ejemjana bergim, borjum ummasyz. Henizem giç däl. Ejemjan aýatda diri ahyryn. Söýgüli pygambermiz (s.a.w) "Jennet enelermiziň dabanynyň aşagyndadyr" buýurýar. Biz ene-atamyza näçe hyzmat etsek, näçe sylasak, näçe söýsek,
şonçada az. Olar biziň üçin gör nämeler etmedi, gör nämeler görmedi. Ýöne biz henizem ähmiýetsiz garaýarys. Näme üçin ? ..."
Gündelik Jumanazary magnit kimin özüne çekýärdi."Eýsem bu gündeligi kim ýazdyka? Özä kimem bolsa şu obadan bolmaly. Kim ýazanam bolsa gowy ýazypdyr." Jumanazar şeýle oýlar bilen aňsat-aňsat ýatyp bilmedi. Soňra Jumanazaryň özi hem şular ýaly gündelik ýazmak isledi. Çüňkde ýatan päkmesiniň içini dörüşdirip ondan boş depder gözledi. Depder näçe uly bolsa şonça-da gowy boljakdy, ýöne uly depder tapylmady. Onda-da Jumanazar on iki ýaprakly täzeje depder tapdy. Täzeje akja sahypaly depdere bir zatlar çyrşaşdyrasy geldi.
-Näme ýazmaly? Näme barada ýazmaly ? -diýip öz ýanyndan pikir etdi. -Gündelik nähili ýazylýarka? Ýaňky gündelikdä diňe käbir bolan wakalar ýazylypdyr. Jumanazar hakykatdan hem gyzygyp gündelik ýazasy gelýärdi.. Gündelikde nämeler ýazylýandygyny bilesi geldi. Soňra ol eline telefonyny alyp internetden "Gündelik nähili ýazylýar?" diýip gözletdi. Internetden ilkinji çykan jogap Jumanazary kanagatlandyrdy. " Ýagny gündelikde, gündelik bolan wakalar , gündelik derwaýys, üýtgeşik pursatlar ýazylýar" diýip internetden okady. Dogry her birimizde bolşy ýaly Jumanazaryň durmuşynda hem her günde üýtgeşik , derwaýys wakalar bolup geçýärdi.Edil şu gün hem onuň durmuşynda üýtgeşik , derwaýys wakalar bolup geçipdi. Emma Jumanazar bu wagt söýgülsini ýatlady geldi. Ol barada bir zatlar ýazmak isledi. Ýatar wagty bolsada onuň hiç ukysy gelmedi. Ahyry ol ilkinji gündeliginiň , ilkinji ýazgylaryny ýazyp başlady .
"Gündogardan öwüsýän näzijek şemal,şemalyň ugryna iki ýana yranyp duran ýorunjalar,ýorunjalaryň üstünde her ýana gaýmalap ýorunja güllerinde tans oýnaýan kebelekler ýaşlyk ýyllarymy ýatladýardy. Men bagyň üstünde oturyp tebigaty synlaýan. Hanha alyslarda uzalyp , giň asmana görk berip duran bulutlar, bulutlaryň arasynda kä gizlenip käte jyklap gizlenpeçek oýnaýan Güneş, Güneşiň ýylysyna çoýunyp iki ýana ýaýkanýan bugdaýlar , durşy bilen gözellik.
Hawa men çagakam şu ýerlere köp gezek kakam bilen gelýärdim. Bir gezek şol goşahowdanda ýatdan çykmajak waka boldy .Ol wagtlar men on iki ýaşly oglanjykdym. Kakam, doganym, men , üç bolup her gün diýen ýaly Goşahowdana gawun-garpyz ýetişdirmäne gelerdik. Soňra Gün ýaşyp , garaňky gatlyşanda kakam bize:
- Halnazar , Jumanazar ýörüň öýe gaýdalyň- diýeninden soňra biz pillermizi, oraklarmyzy alyp ulaga mündik. Kakam ulagy işledip yza ýöremekçi bolanynda, şol Goşahowdanyň ilersindäki zeýiň içine girip gitdi. Kakam aljyrap yzly-yzyna ulagyň tormazyny basýardy. Ýöne şonda-da ulag zeýiň içine girip barýardy. Her nämede bolsa bizi Hudaý gorady. Ulag zeýiň düýbüne ýetmänkä saklandy.Biz ulagdan düşüp pyýadalap obamyza gitmek üçin uly ýola tarap ýöredik. Ahyry ýola ýetdik. Biz ýolyň gyrasyna baryp obamyza aşmak üçin geçen ulaga elimizi salgap duryberdik. Kän wagt geçmänkä biziň ýanymyzda bir ulag gelip durdy. Kakam ulaga golaýlanynda , ulagyň içindäki sürüji kakam ýüzlenip:
-Berdi aga salawmaleýkim - diýip seslendi. Kakam :
-Waleýkimessalam - diýeninden soň sürüji :
-Berdi aga Telmana barýaňmy?- diýdi. Kakam :
-Howwa Telmana barýan-diýeninden soňra sürüji :
-Mün äkideýin- diýdi .Şol wagt ulagyň öňünden bir gyz düşdi-de ulagyň yzyna geçdi. Menem şol gyzyň yz ýanyndan münüp onuň ýanjagazynda oturdym. Gyzyň çep tarapynda ejesi hem oturan eken . Menem onuň sag tarapynda oturdym. Soňra agamam meniň sag gapdalymda otyrdy. Kakam ulagyň öňüne mündi. Kakam sürüji bilen her ýerden gürrüňler edip gelýärdi. Ulagyň yzyna dört bolup münenimiz üçin biraz gyslyşyp otyrdyk. Hasam meniň özüm ýaly ýaşajyk , owadanja gyzyň butlary meniň butlaryma gysylyp durdy. Men ýuwaşlyk bilen gyzy synladym. Hawa ol gyz hakykatdanam owadanjady. Ulagyň aýnasyndan girip gyzyň zülplerini oýnaýan şemal gyzy öňküsindenem owadanlaşdyrýardy. Onuň goňur gözleri, ak alkymynda menek-menek hallary, alma ýaly gyzarypjyk , pökgeripjik duran ýaňajyklary diýseň gözeldi. Men ony synladygymça synlasym geldi. Şu çaga ýüregimde oňa bolan üýtgeşik duýgylar oýandy. Biz obamyza derrew geldik. Meniň hiç ol gyzyň ýanyndan aýrylasym gelmedi. Men onuň bilen bir agyz gürleşmedik bolsamam oňa synym oturdy. Ahyry men ulagdan düşmeli boldum...
Jumanazar munça zatlar ýazanyna özüde haýran galdy. Göýä setirleriň özi akja kagyzyň ýüzüne akyp durdy. Ol gündeligini şeýle bir joşgun bilen ýazýardy welin asla uklasy gelmeýärdi. Berdinazar aga ýassy namazynyň täretini alyp öýe girdi.
-Öýdäkiler ýatdymyka?-diýip hemme jaýlara aýlanyp çykdy. Halnazar telefonda aýdym diňläp ýatyp galypdyr. Berdinazar aga Halnazaryň telefonyndaky aýdymy öçürip , jaýyň çyrasyny söndirdi. O jaýdan çyksa beýleki jaýyň hem çyrasy ýanyk dur eken . Jumanazar henizem gyzygyp gündelik ýazyp durdy. Berdinazar aga gapydan girip:
-Juma ýat oglum indi , ertir ir turmaly - diýip çyrany öçürdi. Jumanazar :
- Bolýa kaka - diýip gündeligini şkafyň üstünde goýdy-da , diwana geçip ýatdy. Şeýdibem ýazyljak eser ýazylman galdy.Berdinazar aga iň soňunda öz jaýyna ýuwaşlyk bilen girdi. Ýuwaşlyk bilen girsede çalaja sese Sona daýza tisginip oýandy.
-Ýatyberdä sen näme oýanýaň?- diýip Berdi aga gaharly gürledi.
-Ýatyp bolýarmy?-diýip Sona daýza hem hüňürdedi.
-Ýatmasaň ýatman geç men-ä ýassymy okajak - diýip Berdi aga jaýyň çyrasyny ýakyp , namazlygy ýazyp, azan aýtdy...
3-nji bölüm
Iň şadyýan günlerim,
Meniň mekdep ýyllarym.
Agşam gijiräk ýatan soň Jumanazar ir bilen ýerinden galasy gelmedi.Säheriň salkynjak şemalyna meýmiräp ýatmak şeýle bir gowydy. Hasam serçejikleriň jürküldisi oňa bir ajaýyp hüwdi bolup eşdilýärdi.Ahyry Jumanazar kakasynyň sesine turmaly boldy.Ala ukyly ýagdaýda sagada seretdi. Sagat ýedi bolupdy. Jumanazaryň göwnüne bolmasa irden wagt juda çalt geçýärdi.Jumanazar ala ukyly ýagdaýda daşaryk çykdy. Elini-ýüzüni ýuwup ertirlik edindi. Soňra okuw eşikerini geýip mekdebe ugrady. Ýolda oňa gyz klasdaşy we goňşusy Aýjemal duşdy. Jumanazar onuň ýanyna golaýlap:
- Aýjemal gowymy ? -diýip salamlaşdy.Aýjemal Jumanazara güler ýüz bilen:
-Gowy, özüň gowumy klasdaş ?!- diýdi.Jumanazar bolsa :
-Hudaýa şükür menem gowy - diýdi. Soňra klasdaşlaryň söhbeti gyzygyp gitdi.
-Aýjemal düýn edebiýat dersinde Aman Kekilow barada sapak geçirildi bilýäňmi?
-Howwa bilýän. Aman Kekilowyň "Söýgi" romamynam okadym.
-Men-ä okamadym . Dogrusy bilemogam olar ýaly kitaby.
-Wi şahyr bolup şonam bileňokmy?
-Sende barmy şo kitap?
-Menem internetden aldym. Internetde bar-a
-Hä bolýar onda menem alaýaryn.
-Özem sen goşgy ýazmakda etrap boýunça üçinji ýer bolupsyňa
-Ýoklaý. Kim diýýär ony?
-Aýna mollum diýýär.
-Men-ä goşgy ýazmakda üçinji ýer bolamok
-Gülöserem saňa salam aýtdy
-Kim Gülöwser
-Klasdaşyň
-Goýsanaý Gülöwserem maňa salam aýdarmaý . Ola maňa seredenogam
Klasdaşlar özara gürrüňleşip mekdebe nähili gelenlerini hem duýman galdylar. Soňra jaň kakyldy. Okuwçylar hatara durulýan ýere ýygnanşyp başladylar . Jumanazyň boýy uzyn bolnlygy üçin hatarda iň öňde durýardy. Okuwçylar we mugallymlar bir ýere jemleneninden soň ilki bilen döwlet senasy ýaňlandy. Hemmeler sag elini ýüreginiň üstünde goýup gimine goşuldylar. Soňra mekdep müdüri hemmeleriň öňüne çykyp çykyş etdi.
-Salam hormatly mugallymlar we okuwçylar. Ine bu gün hem siziň bilen didarlaşýanyma örän şat. Gözel diýarymyzda biziň her bir günümiz şanly wakalara , buýsançly senelere beslenýär. Ine nesip bolsa sanlyja günden şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk toýy ýetip gelýär...
Mekdep müdüriniň ýüzi gülüp durdy. Ol nämede bolsa bir zada ýürekden begenýärdi.
-Şu ýerde esasy bellemeli zat arada mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk toýy mynasybetli , Ahal welaýatynda , okuwçylaryň arasynda goşgy ýazmak bäsleşigi geçirildi. Şol bäsleşigede biziň mekdebimizden bir okuwçy gatnşyp etrap boýunça üçünji ýere mynasyp boldy.Tüweleme meniň-ä özüm okuwçylarmyň şeýle bäsleşiklere gatnaşyp sylaglanýanyna ýürekden begenýän. Geliň indi söz nobatymyzy okuw müdüri Aýna mugallyma geçireliň.
Soňra Aýna mugallym biraz öňe çykyp elindäki hormat haty okady:
-Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 20 ýyllyk toýy mynasybetli "Watany wasp edýär çaga ýüregim" diýen şygar bilen , mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen şygyr bäsleşiginiň etrap tapgyrynda 3-nji orny eýelän , 8-nji orta mekdebiniň okuçysy Jumanazar Aşyrnazarow sylaglanýar.
Jumanazar gözlerine has dogrysy gulaklaryna ynanmaýardy. Hakykatdan hem Aýjemal ýalan sözlemeýän eken . Dogrysy ol şu güne çenli goşgy ýazmak bäsleşiklerine hiç hili gatnaşyp görmändi. Bu bäsleşige nädip gatnaşyp , nädip üçünji orny alanyna özem geň galdy. Elbetde bäsleşige onuň özi dälde goşgysy gatnaşdy. Arada Jumanazaryň synp ýolbaşçyny Öwezmyrat mugallym oňa:
-Watan barada bir goşgy ýaz- diýipdi . Jumanazar hem şol günüň özünde, öýlänlik goýunlaryň yzynda arassa howada giňişlik öri meýdanda watan barada ine şu goşgy setirlerini döredipdi.
Dilde dessam, bagy-bossan,
Gözel ýurdum Türkmenistan.
Galkynyşa gadam basýan,
Gözel ýurdum Türkmenistan.
Giň äleme doldy adyň,
Gowşamasyn bedew badyň,
Göz guwanjym, göwün şadym,
Gözel ýurdum Türkmenistan.
Myhmnlarymyz gelýär üýşüp,
Şahyr goşgy ýazýar joşup,
Gül keşdiňe adam aşyk,
Gözel ýurdum Türkmenistan.
Çäksiz ylham berdiň maňa,
Baky minnetdar men saňa,
Öňe, öňe , diňe öňe,
Jan watanym Türkmenistan.
Öwezmyrat mugallym bolsa bu goşgyny bäsleşige ugradypdy. Ine-de onuň netijesi. Eger bäsleşige hödürlenjedini bilse. Jumanazar mundan has gowrak goşgynam ýazyp biljekdi.Ýöne Jumanazar hem Öwezmyrat mugallym hem bu goşgynyň bäsleşige hödürlenjeginden soň habarly boldylar.Öwezmyrat mugallymyň kärdeşi okuw müdiri Aýna mugallym :
-Bu goşgyny bäsleşige ugratmaly- teklibini berdi. Goşgy şol günüň özünde "Ahal durmuşy"gazetiniň yglan eden "Watany wasp edýär çaga ýüregim "diýen şygar bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiriljek şygyr bäsleşigine ýolladylar. Ine-de onuň netijesi.
Jumanazar ýaýdana-ýaýdana mekdep müdüri Rejepgeldi Babanazarowyň ýanyna baryp hormat hatyny aldy. Rejep direktor sag eli bilen Jumanazaryň elini gysyp:
-Gutlaýan-diýip ,çep eli hormat hatyny gowşurdy. Şowhunly el çarpyşmalaryň bolsa yzy üzülmeýärdi. Hemmeler begenşýärdiler, Jumanazara guwanýardylar. Hawa hakykatdanam Jumanazar diňe özüniň däl hatda tutuş mekdebiň abraýna abraý goşupdy.Şol gün Jumanazaryň durmuşynda örän uly öwrülişik bolupdy. Öňler onuň goşgy ýazýanyny hiç kimem bilmeýärdi. Indi bolsa onuň öňünden çykan goşgy ýazyp bermegini haýyş edip başladylar. Gyzlar özlerini wasp edip goşgy ýazylmagyny isleseler, oglanlar özleriniň halaýan gyzlaryna gowy goşgy ýazdyrasy gelýärdi. Jumanazar bolsa olaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin öňkilerdenem has köp goşgy ýazyp başlady.
(Hatda synp ýolbaşçysy Öwezmyrat mugallym şol günki edebiýat sapagyny Jumanazaryň aşakdaky goşgysynyň üstünde durup geçipdi. Has dogrusy Öwezmyrat mugallym Jumanazaryň aşakdaky ýazan goşgysynyň bogun sanyna üns çekdi.
Ga-dam go-ýup Ga-raş-syz-lyk ýo-ly-na 11 bogun
Gül-le-ýär gül aç-ýar Türk-men-is-ta-nym 11 bogun
Şy-gyr-lar ýaz-ýa-ryn se-niň şa-ny-ňa
Ga-raş-syz, Bi-ta-rap Türk-men-is-ta-nym 11 bogun
Top-ra-gy-na to-hum sep-seň gül bi-ter 11 bogun
Türk-me-niň şöh-ra-ty as-ma-na ýe-ter 11 bogun
Ba-zar-lar-da ha-ryt-lar-myz el-ýe-ter 11 bogun
Dil-ler-de des-sa-nym , Türk-men-is-ta-nym 11 bogun
O-guz ha-nyň döw-let gu-rup gi-de-ni 11 bogun
Py-ra-gy-nyň ö-mür ar-zuw e-de-ni 11 bogun
Buý-sa-na-ly sö-ýe-li biz wa-ta-ny 11 bogun
Şyg-ry-ýet bos-sa-nym Türk-men-is-ta-nym 11 bogun
Öwezmyrat mugallym goşgyny bogunlara bölüp synp tagtasyna ýazdyrdy. Soňra :
-Goşgynyň her setirinde näçe bogun bar?- diýip okuwçylardan sorady. Okuwçylaryň hemmesi:
- On bir bogun-diýip jogap berdiler. Soňra mugallym:
-Goşug görnüşinde ýazmaklyk üçin bendiň her bir setiri şular ýaly deň gelmeli - diýdi. Dogrysy Jumanazaryň özi hem goşgyny bogunlara bölmegi şol gün öwrenipdi. Öwezmyrat mugallym soňra goşgynyň kapyýasyny barlap gördi:
-Birinji bentde "ýoluna" we "şanyna" sözleri kapyýalaşýar. Ikinji bentde "biter" , "ýeter" , "elýeter" sözleri sazlaşýar. Üçünji bentde bolsa "gideni" , "edeni" , "watany" sözleri özara kapyýalaşýar - diýdi . Ol hasam ikinji bentdäki "elýeter" kapyýasyny halady.
-Goşgynyň kapyýasy ýerbe-ýer - diýip goşgynyň manysyna geçdi.
-Goşgynyň başynda gözel ýurdumyzyň "Garaşsyzlyk ýoluna gadam basyp" , onuň ösýänligi barada buýsanç sözleri bilen başlap , Jumanaryň özüniň hem şeýle ajaýyp watanda ýaşaýanlygyna buýsanyp , şanyna goşgylar döredýänligi hakyndaky buýsanç sözleri bilen sazlaşyp gidýär.Ikinji bentde "Topragyna tohum sepseň gül bitýänligini, türkmeniň şan-şöhratynyň asmana ýetýänligi" ýaly metaforalar ulanylsa, üçünji setirinde "bazarlarda harytlarymyzyň elýeterligi" baradaky hakykat beýan edilýär . Iň esasy üçünji bentde türkmen şahsyýetleri Oguz han bilen Magtymguly Pyragy barada durlup geçilýär. Türkmenleriň nesil başysy Oguz hanyň şeýle döwleti , türkmen döwletini gurup gidipdir. Magtymguly Pyragy bolsa biziň häzirki döwrümiz ýaly berkarar , bagtyýar döwleti arzuwlap geçipdir . Bizem şular ýaly ajaýyp ýurtda ýaşaýanymyza buýsanaly we şeýle ajaýyp watany ýürekden söýmeli " diýlip ündelýär.
Öwezmyrat mugallymyň bu kesgitlemesinden soň Jumanazar şeýle goşgy döredenine özüde geň galdy. Şol günki sapak onuň durmuşynda ýatdan çykmajak sapak boldy. Sapak gutaranda Öwezmyrat mugallym Jumanazary ýanyna çagyryp:
-Jumanazar tüweleme sen gowy goşgylar ýazýan ekeniň. Bu günki alan sylagyň biziň hemmämizi begendirdi, buýsandyrdy. Ine nesip bolsa Bitaraplyk baýramy hem ýetip gelýär.Oňada watan barada goşgy ýazsaň gowy bolardy-diýdi.Jumanazar tolgunyp:
-Bolýar-bolýar mollum ,hökman ýazaryn -diýdi . Öwezmyrat mugallym bolsa:
-Gaty gowy . Nesip bolsa ol goşgyňam bäsleşige hödürlemekçi . Gowy bolsa ýene-de sylag hormatyň artar-diýdi. Jumanazar buýsanç bilen:
-Nesip bolsa mollum-diýip seslendi.Soňra Öwezmyrat mugallym :
-Bolýar Jumanazar üstünlik arzuw edýän . Bizem arasynda goldap , başardygmyzdan döredijilik ýolunda kömek edip durarys.Bolýar onda jaňam kakyldy. Bar beýleki sapaklardanam galaýma. Sag bol -diýdi . Jumanazar :
-Sag bol mollum - diýip mugallym bilen hoşlaşyp geografiýa sapagyna tarap ýöneldi...)
4-nji bölüm
Jumanazar öýlänlik okuwdan gelip eşiklerini çalyşdy. Günortanlygyny edinip , obanyň gaýrasyna goýunlaryny bakmana getirdi. Dowarlaryny örä kowup , ýany bilen alyp gelen gündeligi okamana başlady:
"Iň uly roman
Durmuş uzyn romandyr,
Näçe ýazsaň ýazyber.
Bu hupbatly durmuş romanyny beýan edip näçe ýazsaň ýazyp oturmaly. Watan goragyndakam men juda köp arzuwlar ederdim. Arzuwlarymyň biri hem iň uly roman ýazmakdy. Ol romanda men hyýaly dälde hakyky öz durmuşymda bolan we bolýan wakalary beýan edip dünýäniň iň uly romanyny ýazmak isleýärdim. Gullykdan gelip "Güneş" žurnalynyň köneki sanlarynyň birinde , iň uly romany King Ba Kin atly bir ýazyjy ýazypdyr. Şol sahypada şol romanyň ady, bölümi, sahypasy, hatda näçe sany sözleriň bardygy hem ýetirlipdi. Hasaplap görsem her günde ýigrimi sahypa ýazsam , şol iň uly romandan hem has ulyrak bir romany ýigrimi ýyldan soň ýazyp gutarjak ekenim. King Ba Kin ol romanyny kyrk ýyldan soň ýazyp gutarypdyr. Soňra men öz ýazan romanymyň adyna "Durmuş nowellalary" diýip atlandyrasym gelýär. Onuň her bir bölümine bolsa "Bolan waka" diýip atlandyrasym gelýär. Ýagny " Mekdepde bolan wakalar" , "Metjitde bolan wakalar" we ş.m. We ýerine hem-de wagtyna görä durmuş wakalaryny bölübereris.
Birinji waka
Mekdepde bolan wakalar
Ynsan durmuşy ynsanyýet ýaly köptaraply we juda çylşyrymly . Bu durmuşyň lezzetem şol çylşyrymlylykda bolsa gerek. Ýogsa şol bir zatlaryň gaýtalanyp durmagy hatda ol gowam bolsa adamy irizýär. Adam heran-haçan , dürli-dürli zatlara höwes edýär. Elbetde adamzadyň ýaradylyşy şeýle. Indi sözümi kän uzaltman mekdepde bolan wakalary ýagny ilkinji gezek ak mekdebe gadam basam ilkinji ädimlerimi şu goşgy setirleriň üsti bilen beýan edeýin.
Ilkinji ädimler.
Sentýabr aýynyň ilkinji güni,
Doganym Tirkişiň elinden tutup,
Ýöräp,
Töwerege garap barýaryn.
Gara boýunbagly,
Akja köýnekli,
Kiçijek köwüşli,
Nepis tahýaly,
Ak mekdebe tarap ýöräp barýaryn.
Güýz paslynyň ýakymlyja şemaly,
Hasda galkyndyrýar çaga göwnümi.
Iki ýana öwsüp duran agaçlar,
Ýol boýunda meni garşylaýardy.
Men şeýle bir tolgunýardym şol pursat,
Men şeýle bir begenýärdim , tosdarlyp,
Şol begenç hem maňa ruhy güýç berip,
Ak mekdebe sary alyp barýardy.
Men arkam päkmeli, elim depderli,
Doganym Tirkişiň elinden tutup,
Ak mekdebe tarap ýöräp barýardym.
Bu meniň sapaly bilim ojagna
Ädýän iň ilkinji ädimlerimdi.
Ynha ahyrsoňy mekdebe geldik.
Men örän tolgunýan, şatlanýan , gülýän,
Töweregi synlap bir geňsi bolýan.
Soň doganym diýdi maňa ýüzlenip:
-Jigim sen şu ýerde azajyk garaş,
Men häzir gelýän.
Tirkiş meni zalyň ugrynda goýup,
Kümüş mugallymyň ýanyna bardy.
Soň mugallym bilen biraz gürleşip,
Ýene-de dolanyp ýanyma geldi.
Şol gün maňa ykbal berdi goşa paý,
Agam diýdi :
-Jigim senem hol duran,
Çagalaryň arasyna goşulaý.
Men şonda aňyrda düzülşip duran,
Itekleşip , degşip, gülüşip duran,
Çagalaryň arasyna goşuldym.
Hawa şol wagtda olar hem meni,
Süýjije söz bilen garşy aldylar,
Şondan soňra olar meniň jana-jan,
Eziz klasdaşlam bolup galdylar."
Hawa ynha meniň mekdep ýyllarym şeýdip başlandy.Ol ýyllar neneň ajaýypdy, neneň hezildi ? Şahyr aýtmyşlaýyn.
"Her bir gülem, gül welin,
Bägül gülçe bolmaýar.
Her bir ýylam, ýyl welin,
Mekdep ýylça bolmaýar."
Hakykatdanam şadyýan , hakydaňdan çykmajak, söýgüden, şatlykdan, dostlukdan, kalbyňy elewredýän gaýgydan doly mekdep ýyllaryny hiç bir ýyl bilen deňeşdirer ýaly däl. Ol ýyllary ýatladygyňça ýatlasyň gelýär."
5-njy bölüm
Soňra Jumanazaryň ýanyna klasdaşy Baba geldi. Baba hem her gün diýen ýaly şu öri meýdana düýelerini bakmaga getirerdi. Baba aňyrdan gele-gelmäne:
-Jumaa , gowymy doost ?-diýip gygyrdy.Jumanazar bu tanyş sesi eşidip biraz aljyrady. Gündeligi arkasynda gizläp:
-Gowy dost, özüň gowymy?-diýdi. Baba Jumanazaryň ýanyna golaýlap:
-Gowylaý menem - diýip elini uzatdy. Klasdaşlar elleşip salamlaşanyndan soň Baba:
-Dost ýör suwa düşmäge gitseň- diýdi. Jumanazar bu duýdansyz teklibe azajyk ikirjiňlendi. Soňra biraz oýlandy-da:
-Ýör-diýdi .
Olar dowarlaryny demirgazyga sürüp, ekinleriň günortasyndaky çeşmä suwa düşmäge gitdiler. Iki sany klasdaş , iki bolup , 1-2 sagatlap , hezil edip suwa düşdiler. Suwa düşüp bolanyndan soň Baba çalt-çalt eşiklerini geýip , Jumanazaryň kepgasyny alyp gaçdy. Jumanazar hem eşiklerini geýip tä kanalyň köprüsine çenli ýadaýança Babanyň yzynda kowalady. Ýöne näçe kowalasada yzyndan ýetip bilmedi. Ahyry Jumanazar geçileriniň ýanyna bardy. Baba bolsa düýelerini oba sürüp , öýlerine tarap gaýdyberdi. Jumanazar bolsa oňa gaharlanyp , agzyndan gelenini sögünip, gargady. Soňra biraz ünsüni sowmak üçin eşikleriniň arasyndan gündeligi çykardy. Jumanazar :
-Şuny görkezmänimem gowy bolupdyraý. Ýogsa munam alyp gaçardy- diýip öz ýanyndan begendi. We gündeligiň dowamyny okamaga başlady.
"Iň ýakymly ýatlama
Çagalygymdaky iň ýakymly , iň süýji pursatlarymyň biri hem Şeker bilen geçiren günlerim . Ilki-ilkiler üns bermesemem , soňabaka meniň oňa bolan muhapberim artypdy, söýgüm oýanypdy. Men hakykatdan hem ony hiç kinesi bolmadyk çaga ýüregimden päk söýgi bilen söýýärdim. Olam maňa kem baha garamaýardy. Olam meni söýýän ýalydy. Sebäbi men olara myhmançylyga barsamam , olar bize myhmançylyga barsamam , olar bize myhmançylyga gelselerde biri-birimizi ýitirip , tapan ýaly bileje oýnaýardyk, degişýärdik, gülüşýärdik.
Ilki bilen Şeker barada gysgaça maglumat . Şeker özüm ýaly , orta boýly, gaharjaň gyz. Aslynda çaga wagty gaharjaňam däldi. Göwnaçykdy, alçakdy, owadandy. Ullakan dury gözleri bardy. Aslynda men onuň şu wagtky ýagdaýyna dälde , çagalygyndaky Şekerime aşyk. Indi ol düýbünden üýtgäpdir.
Şeker daýzamyň gyzy bolan soň häli şindi men ejem bilen olara ýa-da olar bize gelerdi. Şeýle bir hezildi onuň bilen oýnamak , onuň ýanynda bolmak. Ýüregime azap berýän soraglarymyň biri Şekerem meni söýýärmikä? Has dogrusy söýdümikä ? Hawa, içki duýgylarymyň dillenşi ýaly olam meni söýdi.
Ilkinji ýazan goşgym.
Bu gün bolsa ilkinji goşgymy nähili ýazylanlygy barada oýlanýan . Hawa ilkinji goşgymy hem heniz elime galam alyp başlan wagtymda ilkinji söýgüm Şekerime ýazypdym. Ol pursatlar henizem göz öňümden gitmeýär. Şol wagt sen meniň bilen hoşlaşyp öýüňe gaýtjak bolup durdyň. A men bolsa seniň bilen hoşlaşasym gelmeýärdi.Sen:
-Sag bol -diýip kiçijek we näzijek , akja eljagazyňy salgap gaýdyp barýardyň. Men bolsa ne "Sag bol " diýip bildim , ne-de elimi galdyryp. Diňe doňňara daş deýin yzyňdan seredip doňup durdym. Şol wagt men juda-juda üýtgeşik duýgylary başdan geçirýärdim. Şol täsin duýgylar bilen men öýe ylgadym. Tekjeden kagyz bilen galam aldym-da ilkinji goşgymy ýazyp başladym.
Men saňa bakýan,
Sen maňa bakýaň.
Bakmak bilenem,
Ýüregmi ýakýaň.
Göräýmäge ýönekeýje sanawaç ýaly sözlemler . Ýöne men bu sözlemlerimi hakydamda ýüregimde göterip ýörün. Bu sözlemler çaga kalbynyň joşgynly owazy, bu sözlemler ilkinji ylham perişdämiň pyşyrdylary.
Şeker aýtsana ,
Meni söýýäňmi ?!
Meniň söýgümi,
Senem duýýaňmy?
Ýa sen söýýäňmi?
Ýa söýeňokmy?
Ýa meniň söýgümi,
Sen duýanokmy?
Kulhuallahu ahad,
Allahyssamad...
Goşgynyň ahyryna Gurhan aýatlaryny goşanyma özümem haýran . Belki näbelli bir güýç bu aýatlary maňa ýazdyrandyr. Belkide gudraty güýçli Biribar ilkinji goşgymyň Gurhan aýatlaryndan başlamagymy isleýändir.
Şeker. Şu ady eşidenimde ýüregim jigläp gidýär.Bir, iki, üç gezek däl , her gezek şeýle.Näme üçin beýlekä?
Şeýle bir söýýärdim,söýýärdim seni
Seň bilen durmuşym örän hezildi
Sen gitdiň ýalňyzlyk aglatdy meni
Joşan göwnim gam kölinde ezildi
Şeýle bir söýýärdim ,söýýärdim seni
Kalbymyň törinde diňe sen bardyň
Sen dünýäme dogdyň şapak mysaly
Ömür ýollaryma ýalkymly nurdyň
Şanyňa ençeme goşgy ýazardym
Galam ,kagyz meniň hemram bolardy
Elmydama seni ýatlap gezerdim
Seň suratyň meniň gümram bolardy
Aslynda men seni näme üçin söýdümkäm ? Näme üçin söýýärkäm? Sen beýle bir owadanam , baýam, akyllam däl . Men seni näme üçin söýýän? Ony söz bilen beýan edip bilemok . Meniň saňa ruhum,bedenim, kalbym siňen. Sen şeýle gaharjaň gyz. Sähel zada gaharlanyp gyzarýaň . Ýöne näme üçindir şonda-da seniň sözleriňe ýüregim ýumşaýar? Sesiňi her eşdenimde.kalbym elenip şool çagalyk ýyllarymy ýadyma salýar
Ýadymda henizem şol geçen günler
Şol gün bir mysalyň jogabyn gözläp
Sanardyk biz goşup barmaklarmyzy
Şonda-da jogaby bilmedik çözläp
Soňra biz öýmizden daşary çykyp
Şol mysaly berdik agam Tirkişe
Agam pikirlenmän jogabyn aýtdy
Beýle zehin berilmeýär her kişä...
Ýadymda henizem şol geçen günler
Remezan aýynyň ikinji güni
Size oýnamana men ejem bilen
Barypdym,ýenede göripdim seni
Şol gün seniň bilen goňşy golama
Ýarmezan aýdyp aýlanardyk biz
Bolsakda biz bäş-on sany bir topar
Başga çagalardan saýlanardyk biz
Şol gün sen owadan gaty ses bilen
Ýarmezan goşgysyn aýdyp bererdiň
Men bolsa utanyp uýalyp şonda
Hiç zat aýtman ýere bakyp durardym
Şonda-da olar meň başym sypalap
Süýji-kökelerden paýym bererdi
Soň ilkinji söýgim elimden tutup
Meni başga gapa alyp barardy
Jumanazar gündeligi gyzygyp okap otyrka , Baba ýene-de gazelli kakasy bilen Jumanazaryň ýanyna gelip:
-Bagyşla dost-diýdi-de kepgasyny dosdyna berdi. Jumanazar Babanyň bu sözlerine ýüregi ýumşap gitdi. Soňra ol ýönekeý kepga üçin çagalyk dosdyna sögünip, garganyna ökündi.
Ýagşylary dost tutsaň,
Açylar näzik göwün.
Ýamanlary dost tutsaň,
Ýürekde galar düwün.
8-nji bölüm
Gün ýaşyp garaňky gatlyşanda Jumanazar geçilerni sürüp öýlerne gaýtdy.Jumanazar öýlerine gelip geçilerini agyla saldy . Agşam naharyndan soň aýratyn jaýa geçip, düýnki ýazyp başlan ilkinji hekaýasynyň dowamyny dowam etdirdi.
"...Ol gyzy görmänime ençe wagt bolupdy. Bir gün men adatdakylar ýaly goňşymyz Aýly kakamlarda Meret , Sapar , Durdy dostlarym bilen kiçijek stolda kiçijek blýard oýnap ýördik. Günortana golaý şol gyz ejesi bilen Aýly kakamlara myhmançylyga gelipdi. Şonda men dosdym Durdydan :
-Durdy o gyz kim?-diýip soradym . Durdy biperwaý:
-Eneş daýzamyň gyzy Baharlaý-diýip jogap berdi. Ahyry men şol gyzyň adyny bildim. Soňra günortan biz öýli-öýmize dargadyk. Men öýe baryp günortanlyk edinip daşaryk çykdym. Seretsem ilerden Bahar howlukman gaýralygyna ýuwaşjadan ýöräp gelýärdi. Men Bahara gözümi aýyrman seredýärdim. Ol Bahar diýseň bahar eken. Bahar ýaly owadan, bahar ýaly mylaýym we göwnaçyk . Baharam ogryn-ogryn maňa seredip gelýärdi . Men onuň ýanyna baryp ýürekdäkilerimi aýtmalydym ýöne... Ýöne çekinjeňlik keselim iki aýagymy baglap, dillerimi lala döndirdi. Ol deňirägime golaýlady-da bir enaýy ýylgyrdy. Ol meniň tomus dünýämem bahara öwürip , ýüregimi joşa getirýärdi. Biziň howlymyz esasanam haýathana gidilýän ýol göni şol köçäniň gyrajygyndan geçýärdi. Men hajathana barýandansyrap Bahary ýol boýyna synlap gelýärdim. Onuň goňur gözleri, örüm-örüm garaja saçlary, iň esasanam kalbymy dilim-dilim edýän enaýyja ýylgyryşy hiç haçan hakydamdan çykmaz. Biz sözler bilen dälde gözler bilen gürleşip barýardyk . Ine-de men hajathana ýetdim. Bahar bolsa ýuwaş ädimler bilen öz ýoluna gidiberdi. Ýok ol gitmedi , gaýta bu harasatly dünýämde ýyldyrym goýup , ylham çeşmäm bolup goşgydyr hekaýalaryma siňip gitdi.
Gitdiň menden , gitdiň menden daşlaşyp,
Seniň bilen gitdi ýüregmiň ýary.
Ýöne ýatlamalar ýatdan çykmaýar,
Ýatlaýaryn seni şol günden bäri.
Gördüm ilki başda , on iki ýaşda,
Şondan soňra asla görmedim seni.
Aýt Baharym menden galdyňmy daşda,
Ýa-da henizlerem söýýäňmi meni.
Gitdiň menden, dolanmadyň yzyňa ,
Dillensene dünýäm nirde galdyň sen?
Kä ýykylyp , käte çöküp dyzyma,
Şu wagt hem seni gözleýärin men.
Şondan soňra men ol gyzy hiç ýerde görmedim"
Jumanazar " 12 ýaşly oglanjyk" diýip atlandyran hekaýasyny ýazyp boldum edip , aýratynja , akja depdere owadanlap ýazdy. Soňra hekaýany hemmelerden ýaşyryp , gizlinje ýerde gizläp goýdy.
Aslynda Jumanazar çagalygyndan bäri ýazan eserlerini gizlin ýazardy , gizlin saklardy. Olary özbaşdak okardy, özbaşdak guwanardy. Ol şu wagt hem "Özbaşdak , gizlin goşgyçy bolup biläýsedim" diýip arzuwlady. Emma onuň bu gizlinligini synpdaşy Mahym açyga çykardy. Günlerde bir gün Jumanazar synp ýolbaşçysy Öwezmyrat mugallymyň okadýan edebiýat sapagynda şu aşakdaky goşgysyny ýazyp otyrdy.
Dişleriň deňiziň dür dänesimi?
Sözleriň kalbymyň syrhanasymy?
Mähriňem ýyljajyk göýäki Güneş.
Gursagym mähriňden hiç ganmadymy?
Umman gözleriňde galýan gark bolup.
Hany halasgärim ýar gelmedimi?
Kirpigiň hanjardyr , kalbyma sünjer.
Ýa-da aşygyndan ar almasymy?
Yşk meýin içsedim dodaklaryndan.
Damjalap-damjalap bal dammadymy?
Ogşamana dözmen ýaňaklaryndan.
Ýaňja gyzaranja ter almadymy?
Dillerden dökülen "Dür dänelerem"
Waspyňy ýazmana ýaýdanmadymy?
Dessanlar däl , romanlaram az saňa.
Bu gazal ummandan bir damjadymy
Soňra jaň kakyldy. Jumanazar ýazan goşgysyny ýadyndan çykaryp partanyň üstünde goýup gidipdi. Mahym bolsa ol goşgyny alyp synp ýolbaşçysy Öwezmyrat mugallyma görkezdi. Ol goşgyny okap Öwezmyrat we beýleki mugallymlaryň Jumanazara bolan garaýyşlary üýtgäp başlady. Jumanazar ikinji synpdan bäri goşgy ýazsada hiç kime aýtmaýardy. Mekdebinde ylaýtada hut öz synpynda şeýle zehiniň bardygyny bilen Öwezmyrat mugallym şondan soňra Jumanazary birneme süýregläp başlady. Öwezmyrat mugallymyň özüde türkmen dili we edebiýaty derslerinden okadan soň edebiýaty hasam hormatlaýardy...
Jumanazar şeýle hyýallar bilen düşegini ýazdy. Ýumşak ýassygyny düşeginiň baş ujyna , sowujak ýorganyny bolsa aýagujyna oklady. Wagt birçene barypdy. Jumanazar çyrany öçürüp , düşegine geçip , süýji düýşlere gark boldy.
Şol gije ýatanynda Jumanazar juda täsin, özüneçekiji , duýgyly düýş gördi. Ol düýşünde gadymy döwürlerde ýaşaýan adamlaryň köne jaýyna giripdi. Ol ýuwaşjadan ädimläp iki şemiň arasynda duran kagyzyň ýanyna golaýlaşyp barýardy. Jumanazar köne kagyzyň ýanyna golaýlap ondaky iki setir goşgyny okady. Ol iki setir şeýle bir manylydy, şeýle bir täsirlidi. Şol pursat Jumanazar birden gözüni açdy. Ol oýananda säher guşlary jürküldeşip , horazlar sesi ýetdiginden , aýagaldygyna "gy-gy-gy-gy" gygyryşýardylar. Jumanazar ýaňja düýşündäki okan goşgysyny ýatlamaga çalyşdy. Ýöne şol ikije setir mesnewi teý ýadyma düşmedi. Şondan soň Jumanazaryň özüde şolar ýaly gysgadan manyly goşgy ýazmagy arzuwlap bir näçe setirler döretdi.
Hassa melhem gerek, şahyra ylham.
* * *
O:t tüssesiz bolmaz, adam gussasyz.
* * *
Müňlerçe goşgylar ýazandan eger,
Ýekeje goşgy hem baryna deger.
* * *
Her bir adam, adam bilen adamdyr,
Bu dünýäde ýaşap bormy adamsyz?
* * *
Garyplaram bagtlydyrlar hökmany,
Bagty puldan gözlemeklik hökmanmy?
* * *
"Bagt nirde?" diýdi , diýdim gülüp men,
"Gözlemeli ony her kynçylykdan."
* * *
Şahyr bolsaň ýazmaly sen köp zady,
Internetde, kitaplarda ýok zady.
* * *
Bilseň ylym-bilimdir ,
Bu durmuşyň açary,
Gel ylym bilim bilen ,
Geljege ýol açaly.
* * *
Biz çagakak köp aglardyk,
Hemme zatlar geňlik, taňlyk.
Indi agynyň öwezin,
Tutdy zalym gaharjaňlyk.
* * *
Goý mydam ýagşy adamlar,
Ýagşy ýola ätlesinler .
Sen dünýäde ýagşylyk et,
Ýagşylykda ýatlasynlar.
* * *
Hiç haçan hiç kimiň üstünden gülmen,
Şeýle waka ençe gezek duşýaryn.
Eger bir adamyň üstünden gülsem,
Soň özümem şoň gününe düşýärin.
* * *
Haktagala hiç bir zady,
Ýönelige ýaratmaýar.
Her bir zada siňe seret,
Onda uly many bar.
Ýaşaýaňmy dünýede?
Onda dünýä gerek sen.
Düşün adam bu dünýä,
Geleňok biderek sen.
9-njy bölüm
10 gün soňra
Ine bu gün hem hemişekileri ýaly maşgalanyň ilkinji oýanan agzasy maşgalabaşy Berdinazar aga boldy. Ol heniz daň atmanka üznüksiz gaýtalanýan telefonyň sesine oýanypdy. Oýanan badyna eline kündügine alyp täreti ugrady. Berdinazar aganyň güpürdüsine oýanan Sona daýza hem onuň yz ýanyndan täret almaga ýöneldi. Berdinazar aga her günki endigini gaýtalap bu gün hem täretini alyp gelip ähli maşgalasyny örüzdi.
- Halnazar tur oglum namazyňy oka
-Jumanazar tur oglum okuwdan gijä galýaň.
- Gurbannazar tur oglum, perişdeleriň rysgal paýlaýan wagty ýatmaly däl.
Agzybir maşgala ertir bilen ertir namazyny okap, agzybirlikde ertirlik edindiler. Soňra Berdinazar aga köneje goňur zilini otlap işine ugrady.Halnazar bolsa dowarlaryny agyldan çykaryp öri meýdana ýöneldi. Adatdakylar ýaly mallary irdenden öýläne çenli Halnazar , öýleden agşama çenli bolsa Jumanazar bakýardylar.Öý hojalykçy Sona daýza bolsa öý işleri ýeterlik bolýardy. Ine bu wagt bolsa Jumanazar okuw eşiklerini geýip okuwa ugrady. Jumanazar mekdebe baranynda mekdebiň gündogar tarapynda üç sany oglanlar özara gürrüňleşip duranyny görüp , oglanlar bilen salamlaşdy-da çetiräge çekilip , ine şu goşgyny içinden okamaga başlady.
Men seni söýýärin, söýýärin gaty,
Saňa ýollaýaryn şu salam haty.
Ilki salam bilen başlaýyn söze,
Goý söýgülim menden görmesin gaty.
Garaja gözleriň ylham çeşmesi,
Süýjüje sözleriň kalbyň keşdesi.
Seni söýüp söýgä akyl ýetirdim,
Sen ömrüme Allaň beren peşgeşi.
Käte ýylgyraňda maňa seredip,
Şonda aňýaryn men söýýärsiň meni.
Şanyňa ençeme şygyr döredip,
Söýýänligiň üçin söýýärin seni.
Arada Jumanazaryň köne dosdy Döwran :
-Juma dost , bir minut bärik geläýdä-diýip çagyrýanyny eşidip Döwranyň ýanyna bardy. Döwran:
-Juma gowymy dost ýagdaýlar ? - diýip elini uzatdy. Jumanazar :
-Gowylaý , Döwran , özüň gowumy ?!- diýip elleşip salamlaşdylar. Soňra Döwran :
-Ýör mekdebiň gyrasyna geçelile - diýip köpçülikden çekilip gizlinliräk ýere çekildiler.
-Dost senden bir haýyş bar-da - diýip Döwran söze başlady . Jumanazar :
-Aýdyber dost näme haýyş? -diýeninden soňra Döwran :
-Klasymda gaty owadan , Aý ýaly ýüzli, garaja gözli gaty bet gyz barda . Şoňa salam haty ýazjak bolýan . Näme diýip ýazjagymy bilemok . Her gezek şoňa hat ýazjak bolýan welin tolgunyp elim titreýär . Örän gowy görýän ol gyzy . Şol gyza 1-2 topbagam bolsa goşgy düzüp beräýdä
-Bolar dost salam haty ýalyrak edip ýazsam bolýarmy ?
- Bolar-bolar dost , azajygam bolsa gaýrat etdä
- Bolýar ertir ýazyp getirsem bolarmy?
- Bolýa-bolýa . Ýa öýlänlik öýňüze baraýaýyn.
- Aý öýe baryp azar edinmesenäý. Ertir mekdebe ýazyp getiräýeýin.
-Hä bolýar. Onda ertir mekdebe geleweri
- Bor hökman gelerin. Şonda beräýerin goşgyny
-Bolýar onda dost senem sapagyňdan goýmaýyn . Sag bol
-Bolýar , sag bol .
* * *
Maşgalaň körpesi we iň eý görülýän agzasy Gurbannazar ir bilen turasy gelmedi. Ol ejesiniň üznüksiz gaýtalaýan:
-Gurbannazar turaý balam , Gün al-asmana galdy, turaý indi-diýen sözlerine ähmiýet bermän , ýatdygyça ýatasy geldi. Ahyry ol kellesini ýumşajyk ýassykdan göterip , kiçijik elleri bilen gözjagazyny süpürüşdirip ala ukyly ýagdaýda birneme otyrdy. Ýeňiljek göwresini zordan ýerinden göterip grandyň başyna bardy. Elini-ýüzüni ýuwup , saçagyň başyna baryp, ertirligini edindi. Soňra derrew goňşysy we dosdy Durdynyň öýlerine eňdi. Durdynyň täze alynan ,akja topy bardy . Gurban , Durdy, Kerim, Arzuw,Mekan , Medet ... dagy her gün diýen ýaly şol topda futbol oýnaýardylar. Gurbannazar baranda eýýäm Durdy , Mekan , Medet dagy penalty depişip oýnaýan ekenler. Gurbannazar gelen badyna iki-ikiden iki topar düzülip , oýna başlandy. Alty ýaşly Gurbannazar bilen on iki ýaşly Mekan bir toparda, sekiz ýaşly Durdy bilen ýedi ýaşly Medet garşydaş toparda oýnaýardylar . Soňra her tarapdan oýunçylar gelip oýuna goşuldylar. Oýunçylar geldigiçe oýun git-gitden gyzyşyp barýardy. Oýunyň iň gyzgalaňly pursatlarynda Gurbannazar topy alyp garşydaşyň derwezesine tarap bar bady bilen ylgap barýardy. Medet onuň yzyndan ylgap bardy-da Gurbannazaryň aýagyna badak goýdy. Gurbannazar süssenekläp ýere ýüzün ýazylyp gitdi. Gurbannazar bar sesi bilen aglap , aýagyna seretdi. Dyzynyň aşagyndan ökjesine çenli injiginden gara gan syrygyp akýardy. Ülpetler "Näme boldy-da , näme boldy?" boluşyp Gurbannazaryň daşyna tegelendiler. Gurbannazar gözüniň ýaşyny akdyryp , zordan süýrenip·süýrenip zordan ýoluň gyrasyna geçdi.
* * *
Ine Jumanazaryň şu okap oturan goşgysy Döwranyň haýyşy boýynça ýazylypdy. Jumanazar şol goşgysyny okap oturka onuň ýanyna özünden bir ýaş kiçi , orta boýly , etli ganly , salyhatly oglan Kerwen geldi. Kerwen obadaşlary bilen elleşip salamlaşanyndan soň :
- Juma näme okaýaňaý ?! - diýip Jumanazara ýüzlendi. Jumanazar :
-Goşgy -diýip , ýeke agyz jogap gaýtardy. Kerwen ýene-de :
- Dost goşgyňy bizem okap göräýeli - diýip elini uzatdy . Jumanazar :
-Me okaý - diýip Döwranyň haýyşy boýynça ýazylan goşgyny dälde başga goşgyny Kerwene berdi. Kerwen goşgyny eline alyp daşyndan okap başlady.
-Beýik Allaň nazar salan topragy,
Kalbymyň buýsanjy Isbirden obam.
Gözel görkiň haýran edýär köpleri,
Gözlermiň guwanjy Isbirden obam.
Kerwen goşgyny birinji bendini zordan okap boldy-da:
-Juma goşgyny özüň okap beräýsene , hatyňa düşünemok - diýip goşgyny yzyna berdi. Jumanazar kagyzy eline alyp, goşgynyň yzyny dowam etdi.
Şehitleriň gany siňen ýaýlaňa,
Janym ruhum aýlanyp ýör gaýbana,
Ýaş ýüregim gelýär bu gün heýjana,
Köňlimiň buýsanjy Isbirden obam.
Ömümiň örki sen ,dünýämiň görki,
Jan,jiger ,baýlygym ,bar zadym seňki,
Gözlermiň garasy ,ýüregmiň erki,
Erkana topragym Isbirden obam.
Gaýrasyna Amyderýa çekilen,
Ilersine bag-bakjalar ekilen,
Adyň öwilýäniň ady dakylan,
Gudrat,keramat sen Isbirden obam.
Wasbyňy sözlesem ajap heň bilen,
Gür baglygyň gülzarlyga deň gelen,
Gaýgysyz günlerim geçdi seň bilen,
Mähriban topragym Isbirden obam.
Toý güninde gaýgy-gussa ýat bolar,
Şatlyk-şowhun bütin oba ýaň salar,
Ýas güninde öten -geçen ýatlanar,
Haýyr sahawatly Isbirden obam.
Atalarmyz bardyr pähimli pentli,
Enelermiz bardyr arassa kalply,
Ýigitleri merdem ,gyzlary görkli,
Ýaşar seň goýnuň Isbirden obam.
Jumanazar sözleseň seň tarypyň,
Goşga sygmaz ölmez ýitmez taryhyň,
Gunça güller bark urup dur bar ysyn,
Tükenmez tarypyň Isbirden obam.
Goşgydan soň Kerwen:
-Bäh gowy goşgy bolupduraý- diýdi. Ony ýanyndaky ýoldaşlary hem goldadylar .
- Dogrydanam gowy goşgy
-Tüweleme
Oglanlar goşga baha berip durkalar, olaryň ýanyna uzyn boýly, gözi ak äýnekli, on alty ýaşly Şamyrat gelip salamlaşanyndan soň Jumanazaryň ýanyna baryp :
- Juma aradaky " Isbirden obamyza bagyşlap ýaz" diýen goşgyny ýazdyňmy ? -diýip sorady. Jumanazar :
-Ýazdym-diýip şu wagt okap bolan goşgysyny Şamyrada uzatdy. Şamyrat çep eli bilen goşgyny aldy-da :
- Taňry ýalkasyn - diýip sag elini uzatdy . Jumanazar:
- Bile ýalkasyn - diýip elini gysdy.
(Dowamy bar)

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.