Gözlerim şol gyzyň zary, durnalar!
Aglaman git,
nämä gerek aglamak?
Süpür gözýaşyňy gözüňden, serwim!
Sessiz aglaýanym bildirmän durun,
Senem bir azajyk dözümlen, serwim!
Undup bormy ümsümligin tokaýyň?!
Ýagtylygyn ýa tümlügin tokaýyn?!
Undup bormy mawy kölleriň boýun,
Arasyn ýabany üzümleň, serwim?!
Aldyryp ýüregim, aldyryp aklym,
Men seni baky däl, amanat tapdym.
Söýgi däl, bagt däl, kanagat tapdym.
Seň mähir çaýylan ýüzüňden, serwim!
Ýagyş diňdi, çar töwerek ezildi,
Kirpiklerňe ak damjalar düzüldi,
Gujakladym, zer monjugyň üzüldi,
Men seň ykbalyňdan üzülmen, serwim!
Köňül berip, garyp göwnün awlanym,
Täleýimi täleýine baglanym.
Aglaman git,
aňlaman git aglanym,
Gözümden,
ýüzümden,
sözümden, serwim!
* * *
Seni tapyp, men özümi ýitirdim,
Ömrümiň ýaryna çeken gözlegde.
Men öz belet şäherimde azaşdym,
Azaşdym men seniň gara gözleňde.
Bilemok ýüregňe barýan ýoly men,
Hem tapamok barýan ýoly tünegme.
Adam aljyrarmyş bagty ýatanda,
Aljyrarmyş adam bagty çüwende.
Bu bagtmy ýa betbagtlykmy, kim bilýär?
Ýalňyşýar söýgüden bagtyn agtaran.
Ejizdir öz betbagtlygna ynanan,
Bagtly däldir: “Bagtly men” diýp magtanan.
Söýgüde bagtam ýok, betbagtlygam ýok,
Söýgi diňe salýar ýürege dowul.
Şoň üçinem yşkyň ýoly kötelli,
Şoň üçinem yşkyň kadasy ýowuz.
Gözleri ümezlär yşka düşeniň,
Açyk gözler aýdyň ýoly saýgarmaz.
Yşk bir ýowuz dertdir, bu derde ýolgan
Ýaryň wysalyna ýetmän aýňalmaz.
Men aýňalman, halas boljak bolamok.
Ýokdur yşk derdine ýolugyp ölýän.
Ýüregime täze ýara salsa-da,
Bu sataşan derdim köne dert örän.
***
GIT
Eger gitseň, ömürlik git, ömürlik!
Gitmek – ýöne gitmek däldir gezmäge.
Bir gideňsoň, gaýdyp gelme öwrülip,
Bir gideňsoň, hyýal etme gelmäge.
Gitseň git, gideňde giden şekilli,
Gitseň git, gideňde soňuny sanma.
Gideňde gideniň duýulýan bolsa,
Soň dolanjak bolup azara galma.
* * *
GÖZLERIM ŞOL GYZYŇ ZARY, DURNALAR!
Gitdi menden, gitdi menden alysa,
Bilmedim nä ýar hyýaly, durnalar!
Al asmandan seredýäňiz alysa,
Gözleşiň şol ýiten ýary, durnalar!
Erbet eken galsa göwün göwünden,
Gözeldir ýar kölleriň ak guwundan,
Durudyr çüýşeden, çeşme suwundan
Gözüňiz gök asman ýaly, durnalar!
Al-asmanda awara siz, awara,
Aýralyk sebäpdir ýürek awara,
Gitdi ýar, ýar bilen daş düşdi ara,
Gözlerim şol gyzyň zary, durnalar!
Gök asmanda uçan saýhally guşlam,
Gerek bolsa, menem siz bilen uçsam,
Çykaryň siz meni bu gara gyşdan,
Getiriň bahary-ýazy, durnalar!
Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
nämä gerek aglamak?
Süpür gözýaşyňy gözüňden, serwim!
Sessiz aglaýanym bildirmän durun,
Senem bir azajyk dözümlen, serwim!
Undup bormy ümsümligin tokaýyň?!
Ýagtylygyn ýa tümlügin tokaýyn?!
Undup bormy mawy kölleriň boýun,
Arasyn ýabany üzümleň, serwim?!
Aldyryp ýüregim, aldyryp aklym,
Men seni baky däl, amanat tapdym.
Söýgi däl, bagt däl, kanagat tapdym.
Seň mähir çaýylan ýüzüňden, serwim!
Ýagyş diňdi, çar töwerek ezildi,
Kirpiklerňe ak damjalar düzüldi,
Gujakladym, zer monjugyň üzüldi,
Men seň ykbalyňdan üzülmen, serwim!
Köňül berip, garyp göwnün awlanym,
Täleýimi täleýine baglanym.
Aglaman git,
aňlaman git aglanym,
Gözümden,
ýüzümden,
sözümden, serwim!
* * *
Seni tapyp, men özümi ýitirdim,
Ömrümiň ýaryna çeken gözlegde.
Men öz belet şäherimde azaşdym,
Azaşdym men seniň gara gözleňde.
Bilemok ýüregňe barýan ýoly men,
Hem tapamok barýan ýoly tünegme.
Adam aljyrarmyş bagty ýatanda,
Aljyrarmyş adam bagty çüwende.
Bu bagtmy ýa betbagtlykmy, kim bilýär?
Ýalňyşýar söýgüden bagtyn agtaran.
Ejizdir öz betbagtlygna ynanan,
Bagtly däldir: “Bagtly men” diýp magtanan.
Söýgüde bagtam ýok, betbagtlygam ýok,
Söýgi diňe salýar ýürege dowul.
Şoň üçinem yşkyň ýoly kötelli,
Şoň üçinem yşkyň kadasy ýowuz.
Gözleri ümezlär yşka düşeniň,
Açyk gözler aýdyň ýoly saýgarmaz.
Yşk bir ýowuz dertdir, bu derde ýolgan
Ýaryň wysalyna ýetmän aýňalmaz.
Men aýňalman, halas boljak bolamok.
Ýokdur yşk derdine ýolugyp ölýän.
Ýüregime täze ýara salsa-da,
Bu sataşan derdim köne dert örän.
***
GIT
Eger gitseň, ömürlik git, ömürlik!
Gitmek – ýöne gitmek däldir gezmäge.
Bir gideňsoň, gaýdyp gelme öwrülip,
Bir gideňsoň, hyýal etme gelmäge.
Gitseň git, gideňde giden şekilli,
Gitseň git, gideňde soňuny sanma.
Gideňde gideniň duýulýan bolsa,
Soň dolanjak bolup azara galma.
* * *
GÖZLERIM ŞOL GYZYŇ ZARY, DURNALAR!
Gitdi menden, gitdi menden alysa,
Bilmedim nä ýar hyýaly, durnalar!
Al asmandan seredýäňiz alysa,
Gözleşiň şol ýiten ýary, durnalar!
Erbet eken galsa göwün göwünden,
Gözeldir ýar kölleriň ak guwundan,
Durudyr çüýşeden, çeşme suwundan
Gözüňiz gök asman ýaly, durnalar!
Al-asmanda awara siz, awara,
Aýralyk sebäpdir ýürek awara,
Gitdi ýar, ýar bilen daş düşdi ara,
Gözlerim şol gyzyň zary, durnalar!
Gök asmanda uçan saýhally guşlam,
Gerek bolsa, menem siz bilen uçsam,
Çykaryň siz meni bu gara gyşdan,
Getiriň bahary-ýazy, durnalar!
Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.