Magtymguly hakyndaky teoriýalar

MAGTYMGULY HAKYNDAKY TEORIÝALAR




Elbetde bu ýazjak zatlarym sizi geň galdyryp biler ýa-da Magtymgulyşynasçylaryň göwnüne maňzyna batmaz!
Ýöne şonda-da bu hakda hiç agzaman oturasym gelmedi.
Türkmenleriň käbir şahsyýetleriň awtobiografiýasy, ömri we döredijiligi dogrusynda media internet habarlary, galyberse-de edebiýat we Dünýäniň Alymlar birleşigi käbir zatlary gizläp saklaýan ýaly görünýär. Ömri we geçen ýoly, şolar ýaly gizlin tutulýan şahsyýetleriň biri hem Magtymgulydyr. Magtymgulynyň ömri, döredijiligini diňe goşgularynyň üsti bilen çaklap aýdýarlar.
Biziň aşakda aýtjak bolýan zadymyz diňe çaklamalar we teoriýalara daýanýar.
Käbir teoriýalara görä Magtymguly Pyragy Türkmeniň ýaşap geçen soltanlarynyň biri bolupdyr. Ol bize öwredilýän garyp daýhan maşgalada önüp ösmändir, ol türkmen soltanlarynyň dinastiýasynyň dowamaty bolup diňe şonuň öz döwrüne çenli soltanlyk dowam edipdir we Eýran dikmesi bolan Gyzylbaşlar onuň ýurduny tozduryp başlanynda Owgan şasy Ahmet Dürrany bilen birleşip Gyzylbaşlara garşy birleşmekçi bolupdyr. Ýöne Gyzylbaşlar Magtymgulyny ýesir alyp şalarynyň garşysyna dikýärler. Şondan soňky maglumatlar hem garaňkylygyna galýar diýen ýaly.
Meniň aýdanlarym bilen ylalaşmaýan bolmagyňyz mümkin. Eger ylalaşmaýan bolsaňyz şeýle soraglary özüňize berip görüň? Näme üçin Türkmeniň 5 Eýýamynyň ruhynda Magtymgulynyň ady agzalýar?
Onsoňam onuň bir goşgusynda öz soltanlygynyň synyşy hakynda şeýle setirler bar: ''Watanymda han idim, (Men watanymda handym,)
Hanlara perman idim, (Hanlara perman ýörederdim) Dertlere derman idim, (Her kimiň derdine dermandym) Misgine dükan idim,
Jansyzlara jan idim, (Jansyzlarymyň janydym),
Neýleý, indi biçäreýem. (Nädeýin indi biçäre men)'' Galan setirleri özüňiz okap görüň:
- ''GözsüzleriňGözsüzleriňGözsüzleriň gözi idim,
Lallaryň men sözi idim,
Il-günümniň ýüzi idim,
Söwer magşuk näzi idim,
Hatamy Taý özi idim,
Neýleý, indi pukaraýam.
Erem içre reýhan idim,
Watanga zerefşan idim,
Mert ýigitde keman idim,
Dag başynda duman idim,
Pyragy diýr, aman idim,''
Indi weýran bir saraýam.
Onuň diňe bu goşgusy däl, Watançylyk-gahrymançylyk temada ýazan goşgularyny okap görüň, özem Magtymgulyny bir ýönekeý donly zatly keşpde göz-öňüne getirmäň, Tagtyň üstünde oturan Soltan keşbinde göz öňüne getirip okaň!
- Magtymguly Pyragy hakynda bulardan başga-da şeýle teoriýany orta atmak isleýärin. Magtymguly Pyragy bize öwredilen 1733 – 1798-nji ýyllarda däl-de ondan gaty bärde, özem bize öwredilen Osman imperiýasynyň synan döwürlerinde ýaşap geçen Soltan bolmaly... Onuň şu goşgusy Osman imperiýasynyň ýok edilşi hakyndaky elegiýalardan ybarat dälmikä?

Sünnüýe sütündir, küfürge setdir,
Çalsa tygy-tizi Döwletalynyň,
Äleme destandyr, illere hatdyr,
Söhbet içre sözi Döwletalynyň.

Sözleri pend bolup galdy dillerde,
Pahyrlar penasy ýaman günlerde,
Yrak (daş) ülkelerde, ýakyn illerde
Dost, duşmany razy Döwletalynyň.

ÇOH JAHAN SEÝR ETDI ÖMRI DOLYNÇA,
ÝARADAN ÝOK EDIP, ÝERE SALÝANÇA,
ÝALANÇYDA ÝAÝLAP, TÄKI ÖLÜNÇÄ,
SOWLMADY ÝAZY DÖWLETALYNYŇ

Şu ýerde goşguda Döwletaly diýip nämä düşündiňiz? Osmanly imperiýasyna ''Dewlet-i Aly'' diýilýär eken! Ýagny Beýik döwlet!
Magtymguly şol goşguda onuň synandygy hakynda gynanyp goşgy setir döredipdir.
Bize öwredilýän zatlaryň içinde eriş-argaş bolup geçip giden ýekeje zatlaryň biri hem ''Geçmişde biziň, ýagny Türkmenleriň Beýik ýurdy bolupdyr'' bu diňe bolany.
Oguznamany okanyňda Oguz han Ýer ýüzüni basyp alyp öz Hökümdarlygyny esaslandyrypdyr. Oguznamadaky bu aýdylýan zatlar elbetde gaýry milletleriň agyrysyna giden bolmagy ähtimal. Meselem, Angliýa we Russiýa, Ýewropa galyberse-de Angliýanyň syrtyndan gaçan Amerikoslaryň dişlerinde et galýar we Russiýa we Angliýa Türkmenleriň galan tire-taýpajyklarynyň ornaşan ýerlerini basyp alyp, Ylym-bilim birleşmesinde Oguznamadaky Oguz hany mif, rowaýat, olar ýaly şahsyýet ýok edip öwretmäge ökdeleşýärler welin, käbir Türkmenlerimiz hem öz nesilbaşysyna ýaşap geçmedik mif diýip bilýärler.
Temadan daşlaşmasyna daşlaşdyk welin Magtymguly bilen Osmanly imperiýasynyň döwrüniň ýyl parallelligi bar. Ýagny Magtymguly Osmanly imperiýasynyň agdarylan wagtlarynda ýaşap geçen bolmaly. 1923-nji ýyllarda Osmanly imperiýasy ýok edildi we Magtymguly Pyragy şol ýyllarda ýa-da şondan soňky döwürlerde ýaşap geçipdir...

20.08.2023.

2 лайков 612 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Intizar
20 авг 2023, 22:21
Magtymgulyň hut öz eli bilen ýazan goşgularynyň birem biziň döwrümize gelip ýetmändir. Şu Magtymgulyň goşgusy diýip berilýän goşgular halkyň içinden çöplenip alynan goşgular. 1926-njy ýylda Magtymgulynyň ilkinji goşgular ýygyndysy Wekilbazarly B. Berdiýew tarapyndan çap edilýär.
1947-njy ýylda Şaja Batyryň patyşa bolan döwründe Magtymgulyň goşgylary Gylyç Mülliňki diýip gürrüň kän eşdilip başlanýar. Şaja Batyram hany olar ýaly bolsa çagyryň Gylyç Müllini diýip çagyrtýar. Gylyç Müllä Pöwrizede jaý berip, 1 aýda 234 goşgy ýazdyrypdyr. Soň sese goýulsa, halk köpçüligi Magtymguly ýazdy diýip goldansoň, Magtymgulyň adyna gidipdir. Zylyha Muhammedowa “ Magtymgulyňky diýlip aýdylýan goşgularyň birem Magtymgulyňky däl” diýýär. “Türkmeniň”, “Nas atan”, “Çilimkeş”, “Aýryldym” bary Gylyç Mülliňki eken. Ata Atajan aýdýar: “ Aýryldym goşgy aslynda, “Ili Gökje, ady Meňli, Ol söwer ýardan aýryldym” görnüşinde eken. Gylyç Mülliň Meňli atly sögülisi bar eken, onam oňa bermändirler. Goşgydaky Gökje sözüni Gökleň sözüne üýtgedilipdir.”
Bu zatlaryň esasy sebäbi, ol wagtlar belli bir döwletimiz bolmadyk, arhiwimiz ýok. Ýöne Magtymguly örän baý adam bolandyr. Baý, ýagdaýy gowy bolmasa Buhara, Hywada, Halaçda okap, köp ýerlere syýahat edip bilmezdi. Özem örän abraýly adam bolupdyr.
#B.S
20 авг 2023, 22:22
Seň teoriýalaňmy bu, haýran galaýmaly ?
Jeksparro
Автор 20 авг 2023, 23:24
Khanture
Seň teoriýalaňmy bu, haýran galaýmaly ?


Hawa, öz garaýyşlarym...
Jeksparro
Автор 21 авг 2023, 00:00
@Hnatöre, Adamzadyň soňky pokoleniýasynyň ömri 300-400 ýyl diýýäniň jany şu temaň içinde-de kakdyryljak bolýan ýaly...
#B.S
21 авг 2023, 00:05
Jekwarabey,
Geň eken. ?
Agza
21 авг 2023, 16:58
Dowletaly goşgusy başga biriniñki bolmagam ahmal. Ya-da Magtymgulyñ oz dolandyran dowleti bolmagam ahmal
205161
21 авг 2023, 19:29
Jekwarabey
@Hnatöre, Adamzadyň soňky pokoleniýasynyň ömri 300-400 ýyl diýýäniň jany şu temaň içinde-de kakdyryljak bolýan ýaly...

Meňem kelläme şu pikir geldi