Ýük
(hekaýa)
Oňa öz aýratynyna täze otag berdiler. Otagyň dardygy sebäpli, içinde iş stoly bilen oturgyçdan başga zadyň ýerleşibiljek gümany ýokdy. Dörtburç gutyň içine salnan ýaly ýürekgysgynç duýgudan onuň ünsüni diňe stoluň gapdalyndaky bir ädim ýere ýazylan insizje türkmen halysy sowýardy. Öňünde iň çetki bölegi açylýan, alty sany ownuk penjireden ybarat otag diwary goragda duran sak esger ýaly gözüňe dürtülip durdy. Seretdigiňçe, şol diwar ýakynlaşyp, onsuzam dar otagy gysyp, dolap barýardy. Ol şonuň üçin galstugynyň uçbagyny gowşadyp, uludan demini aldy. Stoluň üstündäki ak bukja oňa ilkibada nätanyş, ýat bir zat ýaly göründi. Kellesinde – gadym wagtlarda, anyk haýsy kitapda gabat gelendigi ýadyna düşmese-de, ýer ýüzüniň bir ýumurtgadan dörändigi baradaky çaklama peýda boldy. Tümmerip duran bukjanyň içinde puluň, onda-da eslije puluň bardygy ýaňky pikirini dowam etmäge maý bermedi. Ol aşagy tigirçekli oturgyjy bilen öňe tarap süýşende, onuň badyna çydamadyk iş stoly ýerinden gozganyp gitdi. Stola degen demir oturgyjyň şakyrdysy ýatmanka-da, ak bukjanyň içindäki dogan ýaly gysmyljyraşýan kagyzjyklar ýagty dünýäniň bir gyrasyny gördüler. Gök ýüzlükler, eliňe alsaň, eliňi gyýjak, howada galgatsaň, burnuňa doljak gök ýüzlükler. Ýere ýazsaň, aýagyňy taýdyrjak, jübiňe salsaň, ýelmeşip galjak gök ýüzlükler. Bulara nämeler düşenok?! Ep – eslije çykdajyňy ýapyp boljak ahyryn şular bilen. Ol bolsa entek jaýam alyp ýetişenok. Bir ýaşap barýan gyzy bilen öýdeçi gelni bar. Ine, erte – birigün oglan jigisini öýerseler, ýagny öýli – işikli etseler, ol öýdeçi gelni bilen çagasynam alyp, nirä gitsin? Haýsy öýde ýaşasyn? Şol öňki ýaşap ýören öýündemi? Oňuşmasalar näme birden? Maşgalada oňşuklylygy saklamagyň nähili görgüdigini ol şu gün bilmelimi näme? Ýok, iň gowusy, täze jaý alyp göçmek. Uly ogul öýüne myhman ekeni. Myhmanyňky bolsa üç gün. Şeýleräk pikirler bilen ol oturgyjyndan galdy. Daýaw eginleri öz – özüne ynamlylyk bilen silkelenip gitdi. Aýaklaram penjire bilen aralykdaky üç – dört ädimi tanapda ýöreýän darbazyň basyşy ýaly bilgeşlän saklap – saklap ätdi. Ol şo pursat daşyndan sahnada hallan atýan masgarabazlara meňzeýärdi. Içinden bolsa ömrüni özgertmeli pikirleriň gamyny iýýärdi.
– Ýeri, alypmyşyň-da, şo jaýlardan – diýip, ol gündizine sowuk mermeriň salyhatlylygyny ýatladyp duran köpgatly binalara tarap ümledi – şo jaýda ýaşamaga eliň bir degermikä, Mämmet? Wagtyň bir bolarmyka, ine – gana gezmäge? Ýa ho pylanyňky ýaly – diýip kürtdürdi. Gözüniň öňünden her dürli reňkdäki halylar bilen bezelen giň otag, otagyň giňliginden ýaňa giňäp gidýän göwnüň galkynmasy, gelniniň guwançly garaýşy geçdi. Ýöne bu duýgular uçjak bolup, ýaraly ganatlary zerarly uçup bilmeýän guşjagaz deýin onuň göwnüni joşdurmady. Gaýtam tersine, gowulyk bolmajagyny bilse-de, barha we barha şo zadyň aňyrsyna ýetmek isleýän adamlar ýaly ýa-da haýsydyr bir nämälim güýjüň, özem örän çalt tizlikli güýjüň garşylyga – beýlekä seretmezden, öz islän ugruna eňterişindäki ýaly, pikiriniň yzyna düşdi gitdi. Ine, ol täze jaý sebäpli köp işleýär, gije diýmän, gündiz diýmän işleýär. Aýaly onuň öýe giç gelýändigine şübhelenip, tasap ugraýar. Parahat ýatan deňiz ýaly asuda maşgalada harasadyň ilki ýönekeý şemaly, soňundan ele ilen gap – gaçlary döwdürjek, duş gelen zatlary pytratjak şemaly öwsüp ugraýar. “Başyňa düşmese, agyr däl” diýleni, başyňa düşäýse welin, günde – günaşa tanyş – bilişleriňde gabat gelýän durmuş sahnalarydygyna seretmezden, o sahnada oýnamak islegiň ýokdur. “Ýok, bular ýaly boljak bolsa, onda aýalymyň maňa düşünmeýändigi” diýip, ol mermer binalardan ünsüni sowup hümürdeýär. Kellesinde bolsa, uly harasatdan soň asuda ýatan deňiz ýaly boşluk bardyr. Hool aşakda adamlar garynja ýaly kiçijek bolup görünýärler. Onuň duran beýikliginden seretseň, olar şu wagt örän gülkünç hem ejiz. Mämmediň düşen ahwalyndan-a gowudyr näme diýseňem. Bu ýöne – möne ahwalat bolman, ýedi öwüşginli ahwalatdy. Onuň haýsy tarapyndan barsaňam, iň soňunda şo bir nokada – alaçsyzlyga gelýärdiň. Süýji hyýallaryň ýanyndan gorkunç soňlamalar zomtaryp çykýardy. “Süýji – süýji iýmegiň ajy – ajy gägirmesi bar” diýip, şelaýyn gülýärdi. Beýik – beýik jaýlaryňam ýumrulýardy, owadan zenanlaram biwepa bolup çykýardylar, kaşaň awtomaşynam kül – owram bolýardy, maşgalaňam dargaýardy. Şu ýykyk – ýumranlygyň, harabalygyň içinde onuň diňe bir özi häzirkisi ýaly böwrüni diňläp otyrdy. Aladadan doly biynjalyk gözler elindäki ak bukjany garawullasa, kellesinde haýsydyr bir kitapdan okan – dünýäniň ilkibada bir ýumurtgadan dörändigi baradaky pikiri at salýardy. Soňra kem – kemden ähli zatlar öňki ýerine; beýik binalar – ýagty köçelerine, owadan zenanlar – öz ýarlaryna, kaşaň awtomaşynlar – eýelerine , maşgalasy – iki otagdan we bir eýwandan ybarat jaýyna dolanýardylar. Ol şo wagt gelniniň heniz bir ýaşyny doldurmadyk gyzyna köýnek geýdirşini ýatlap ýylgyrdy. Dag ýaly agramy bolan bukja daş ýaly agrama geçdi. Mämmet aýgytlylyk bilen ýerinden turdy-da, gapynyň agzynda irikgä bolup duran erkek adamy otagyň içine çagyrdy:
- Munyňy al! – diýip, ol ak bukjany bada – bat elli ýaşlaryndaky erkek adamyň öňüne süýşürdi.
- Inim, men muny... Mämmediň seredişini halamadyk erkek adam ardynjyrady – o neme bi – diýip, sandyraýan elleri bilen ak bukjany yzyna tarap itekledi. – Sowgat alarsyň diýdim çagalaryňa – diýende, ahyry kellesini galdyryp, Mämmediň göni gözüne seretdi. Mämmediň gözündäki ody görüp, häzir şol oda ýanjak guş ýaly saýrady:
- Ýekeje oglum-da ol meniň, inim. Şondan başga dikrarym ýokdur. “Bir ýazykdan är ölmez” diýipdirler. Ýaş-a ol entek. Nämä düşünýär? Eliňden gelmän duranog-a... ýekeje dikrarym-da – diýen wagtynda erkek adamyň sesi gowuşgynsyz sandyrady – gaýrat edäýsene, jan inim, gaýrat et – diýip, yzly – yzyna gaýtalady. Öňündäki ak bukja iteklenip – iteklenip stoluň beýleki gyrasyndan tas ýere gaçypdy. Mämmet erkek adamynyň alaçsyzlykdan doly gözlerine duýgudaşlyk bilen bakdy-da, uludan demini aldy:
- Elimizden gelenini ederis, agam, ýöne... – diýip, ol ak bukja tarap ümledi – Munyňy al, al-da jübiňe sal. Arzy – halyňy bolsa türkmen usuly bilen aýdyp ber, biz – türkmen ahyryn – diýen Mämmet köpmanyly ýylgyryp, oturgyjynda jaýlaşykly oturdy. Açyk duran gapynyň deňinden geçýänler otagyň içinde nämeleriň bolup geçýändigine düşünmeseler-de, “Garyp bilbil, erksiz bilbil, sen onda agla, men munda” diýip başlaýan goşgy bentlerinden bölekleri eşitdiler. Mämmet şo pursat ýerli – ýerine ornaşan dünýäniň bir ýumurtgadan dörändigi baradaky pikirlere berlip, labyzly goşgy okap duran erkek adama makullaýjylyk bilen baş atdy.
Bägül ATAÝEWA

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.