Goşgy
Sary ýaglygyň
Sessizlik,sensizlik, deňsizlik dünýäm,
Men seniň yşgyňda bir däli düňläň,
Gussalar üstüme ýagypdur diňmän,
Senden ýadygärlik galan baýlygym,
Seni ýatladyp dur sary ýaglygyň!
Bolmanda düýşümde myhmana gelgin,
Gül görklim, görnüklim, ýaňagy gülgün,
Arada gördümle ýüzleriň solgun,
Näme boldy ýerindemi saglygyň.
Syrdaşym bolupdyr sary ýaglygyň!
Armana, aglara, berdiňle sebäp,
Gündizim,gülýüzüň, görmegem sogap,
Keşbiňden,yşgyňdan, bilmedim sowap,
Bilmen kimiň bagty borsuň läligim.
Senden galdy dertlem, sary ýaglygyň!
Sensiz geçenokla garaňky tünler,
Ýatlama öwrülip galdyla düýnler,
Bagtdan bark uran şol ajap günler,
Ilki gazanjyma alan aýlygym.
Sowgat etdim saňa sar ýaglygyň!
Illeň gepi diýe galdykla köýüp,
Düşündireý diýsem bilmediň duýup,
Seni ýatlatýan zat gerekdäl diýip,
Düýbünden unudyp hoşamaýlygy.
Getirip beripdiň sary ýaglygy!
Perige meňzärdiň, bezärdi görkiň,
Ýadyňda, ýanyňda bilmen bar gör kim,
Emma meniň ýaly söýmezle herkim,
Aglasaňda begenjiňden aglagyn.
Men aýap saklaryn sary ýaglygyň!
Sary güýzüň reňki, aýralyk reňki,
Aýralyk, söýgüde biz üçin çünki,
Ýazgydyma ýazlan sen dälsiň belki,
Söýgümizden galan ýadygärligim.
Seni ýatladypdur sary ýaglygyň!
Süleýman Tekäýew
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.