Mynajat

Eger,
bir ýaman söz sypsa dilimden,
Alla jan, sen mendan etme aýyp-syn.
Çünki, bu dünýäde gören-eşdenmi
paýyş söz agzaman beýan etmek kyn.

Sen — Hudaý isleseň, islemeseňem,
Menem, özüň bilýäň, ýazykly bende.
Emma mundan beýläk sejde kylmaga
jinnek ýalam takat galmandy mende.

Sebäbi bäş ýyl öň, gyşyň bir güni,
Hak söz üçin tyg urdular bedenme.
Sen Hudaý halyňa utanmadyňmy
Meni şol günlere duçar edenňe?

Kisäm kör-köpüksiz,
ýat dilde gepläp,
kömek sorap ýada boldum hemşeri.
Bir gögele oglan on sekiz ýaşly
Huzuryňda durmanmydym kemşerip?

Başym ýaşdy, ýagşy pälimden başga,
Ýokdy meniň ýaşamaga serişdäm.
Niredediň şonda, Gudraty güýçli,
Nirededi on müň sany perişdäň?

Men soňra kem-kemden içgä imrindim,
Höwes etdim zährimanly bokala.
/Elbetde, şol günleň ajysy hakda
Ýazyp bordy kitap ýa-da makala/.

Emma men ýazmadym,
elim degmedi,
Ile diýmäge-de barmady dilim.
Ýeri,
diýdimem-dä,
peýdasy näme?
iç kimem kireýsiz kakmaýar kilim.

Dogry içen wagtym teselli tapýan,
Ýöne uzak çydap bilmen beýdibem.
Aý, näm bolsam, şol bolaýyn, owarram,
It çeýnesin, garga çoksun meýdimem.

Barybir, ynamsyz ömür sürenden
Ile meňzeş bolup ölenim ýegdir.
...Her niçigem bolsa, unutmaryn men,
Nämüçin sen meniň göwnüme degdiň!?

Çary Ýegenmyradow
2 лайков 119 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
hhGenial
31 авг 2023, 13:15
Gowy goşgy ekeni sag bolun kop
Гость
31 авг 2023, 18:49
Gowy