NÄMÜÇIN SEN MENIŇ GÖWNÜME DEGDIŇ? (Çary Ýegenmyradow)

Eger bir ýaman söz sypsa dilimden
Allajan, sen menden etme aýyp-syn.
Çünki bu dünýäde gören-eşdenmi
Paýyş söz agzaman beýan etmek kyn.

Sen - Hudaý, isleseň, islemeseňem.
Menem özüň bilýäň, ýazykly bende.
Emma mundan beýläk sejde kylmaga
Jinnek ýalam takat galmady mende.

Sebäbi bäş ýyl öň, gyşyň bir güni
Hak söz üçin tyg urdular bedenme.
Sen Hudaý halyňa utanmadyňmy
Meni şol günlere duçar edenňe?

Kisäm kör-köpüksiz ýat dilde gepläp,
Kömek sorap, ýada boldum hemşeri.
Bir gögele oglan on sekiz ýaşly,
Huzuryňda durmanmydym kemşerip?

Başym ýaşdy, ýagşy pälimden başga
Ýokdy meniň ýaşamaga serişdäm.
Niredediň şonda, Gudraty güýçli,
Nirededi on müň sany perişdäň?

Men soňra kem-kemden içgä imrindim,
Höwes etdim zährimarly bokala.
Elbetde, şol günleň ajysy hakda
Ýazyp bordy kitap ýa-da makala

Emma men ýazmadym, elim degmedi,
Ile diýmäge-de barmady dilim.
Ýeri, diýdimem-dä, peýdasy näme,
Hiç kimem kireýsiz kakmaýar kilim.

Dogry, içen wagtym teselli tapýan,
Ýöne uzak çydap bilmen beýdibem.
Aý, näm bolsam, şol bolaýyn, owarram,
It çeýnesin, garga çoksun meýdimem.

Barybir ynamsyz ömür sürenden
Ile meňzeş bolup, ölenim ýegdir.
...Her niçigem bolsa, unutmaryn men,
Nämüçin sen meniň göwnüme degdiň?

Çary Ýegenmyradow
6 лайков 251 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bagul_Atayeva
12 июл 2022, 07:37
Mynajat
Ahmet
12 июл 2022, 07:42
Bagul_Atayeva
Mynajat

Öňürtdiň. Aýdaýyn diýipdurdym)
Ahmet
12 июл 2022, 07:46
Içiňden parran geçip gidýän goşgy...
Pegas
12 июл 2022, 08:52
Mynajata meňzänok ýöne şu goşgy.
Türkmen Gyzy
12 июл 2022, 08:53
Mynajat näme?
düşündirip berjek barmy?
Aksary
12 июл 2022, 08:55
Pegas,
Goşgy kämilmi?
Hiayress
12 июл 2022, 09:09
Türkmen gyzy,
Mynajat - Ýekelikde hudaýa ýalbaryp, edilýän doga-dileg.
Pegas
12 июл 2022, 09:17
Aksary
Pegas,
Goşgy kämilmi?

Maňa görä, hawa, kämil.