Mynajat

Eger bir ýaman söz sypsa dilimden
Allajan, sen menden etme aýyp-syn.
Çünki bu dünýäde gören-eşdenmi
Paýyş söz agzaman beýan etmek kyn.

Sen - Hudaý, isleseň, islemeseňem,
Menem özüň bilýäň, ýazykly bende.
Emma mundan beýläk sejde kylmaga,
Jinnek ýalam takat galmady mende.

Sebäbi bäş ýyl öň, gyşyň bir güni,
Hak söz üçin tyg urdular bedenme.
Sen Hudaý halyňa utanmadyňmy
Meni şol günlere duçar edenňe?

Kisäm kör-köpüksiz ýat dilde gepläp,
Kömek sorap, ýada boldum hemşeri.
Bir gögele oglan on sekiz ýaşly,
Huzuryňda durmanmydym kemşerip?

Başym ýaşdy, ýagşy pälimden başga,
Ýokdy meniň ýaşamaga serişdäm.
Niredediň şonda, Gudraty güýçli,
Nirededi on müň sany perişdäň?

Men soňra kem-kemden içgä imrindim,
Höwes etdim zährimarly bokala.
Elbetde, şol günleň ajysy hakda,
Ýazyp bordy kitap ýa-da makala.

Emma men ýazmadym, elim degmedi,
Ile diýmäge-de barmady dilim.
Ýeri, diýdimem-dä, peýdasy näme,
Hiç kimem kireýsiz kakmaýar kilim.

Dogry, içen wagtym teselli tapýan,
Ýöne uzak çydap bilmen beýdibem.
Aý, näm bolsam, şol bolaýyn, owarram,
It çeýnesin, garga çoksun meýdimem.

Barybir ynamsyz ömür sürenden
Ile meňzeş bolup, ölenim ýegdir.
...Her niçigem bolsa, unutmaryn men,
Nämüçin sen meniň göwnüme degdiň?


Çary ÝEGENMYRADOW
3 лайков 432 просмотров
37комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
18 фев 2022, 22:42
Dislike basyljagny bilip menem basmadym...
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 22:44
Цитата: Khanture
Dislike basyljagny bilip menem basmadym...


?!
#B.S
18 фев 2022, 22:45
Цитата: Hiayres
Цитата: Khanture
Dislike basyljagny bilip menem basmadym...


?!

Bashda dislike basjak boldum emma kimem bolsa basar diydimde basmadym.
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 22:47
Цитата: Pegas
Genial goşgy!


Nähili goşgy ýadymdan çyksada Çary aganyň şu goşgusy bilen "SENI ÝATLAÝAN" goşgusy ýadymdan çykanok.
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 22:51
Цитата: Khanture
Цитата: Hiayres
Цитата: Khanture
Dislike basyljagny bilip menem basmadym...


?!

Bashda dislike basjak boldum emma kimem bolsa basar diydimde basmadym.


Palçy gatanjym bar diýsene. :)
"Like" ýada "dislike" näme esaslanyp basýaň?!
#B.S
18 фев 2022, 22:53
Цитата: Hiayres
Цитата: Khanture
Цитата: Hiayres
Цитата: Khanture
Dislike basyljagny bilip menem basmadym...


?!

Bashda dislike basjak boldum emma kimem bolsa basar diydimde basmadym.


Palçy gatanjym bar diýsene. :)
"Like" ýada "dislike" näme esaslanyp basýaň?!

Prosta halamadym. Halasam like basyan halamasam dislike. Gowy yazylypdyr yone...
Bagul_Atayeva
18 фев 2022, 22:54
"Sen Hudaý halyňa utanmadyňmy
Meni şol günlere duçar edenňe?"

Bu Çary aga Hudaýy nädip soraga çekip bilýäkä?!
Bagul_Atayeva
18 фев 2022, 22:55
Gowy gün gören bolsa Şükür edip goşgy ýazmazdy. Emma ejizlände Hudaýy-da soraga çeken bolaýypdyrmy?
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 22:55
Khanture,

Olam sizi halasy ýokdyla... Zyýany ýok wzaimno bolýar.))
Margarita
18 фев 2022, 22:56
"Jany ýanan hudaýyna gargar" diýilýämi? :)
#B.S
18 фев 2022, 22:56
Цитата: Hiayres
Khanture,

Olam sizi halasy ýokdyla... Zyýany ýok wzaimno bolýar.))

Onam bilyan ;)))
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 22:57
Цитата: Bagul_Atayeva
"Sen Hudaý halyňa utanmadyňmy
Meni şol günlere duçar edenňe?"

Bu Çary aga Hudaýy nädip soraga çekip bilýäkä?!


Hudaý nädip soraga çekýän bolsa olam şeýdip...
Bagul_Atayeva
18 фев 2022, 22:57
Margarita,
Hakyky. Özünden görmezler
Margarita
18 фев 2022, 22:57
Gowy ýazylypdyr, goşga söz ýok.
Bagul_Atayeva
18 фев 2022, 22:57
Hiayres,
Haky barmy onuň?
Aýnur
18 фев 2022, 22:58
Barybir ynamsyz ömür sürenden
Ile meňzeş bolup, ölenim ýegdir.
...Her niçigem bolsa, unutmaryn men,
Nämüçin sen meniň göwnüme degdiň?

Hudaýa bagyşlapdyrmy munam?(gyzyk ekenow bu Çary aga)
Maksat
18 фев 2022, 22:58
Goşgyny halamadym sebäbi awtor bolar bolgusyz bahana bilen Hudaýy günäkärleýä.
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 22:59
Цитата: Bagul_Atayeva
Gowy gün gören bolsa Şükür edip goşgy ýazmazdy. Emma ejizlände Hudaýy-da soraga çeken bolaýypdyrmy?


Çary aga ýowuz durmuşy ýaşap birnäçe sanyjak goşgy ýazypdyr, emma gowy günleri görüp özüne şahsy kitaphana döredäýmeli şahyrdyr-ýazyjylar Kaspini çal etseňem bar.
#B.S
18 фев 2022, 23:00
Цитата: Hiayres
Цитата: Bagul_Atayeva
"Sen Hudaý halyňa utanmadyňmy
Meni şol günlere duçar edenňe?"

Bu Çary aga Hudaýy nädip soraga çekip bilýäkä?!


Hudaý nädip soraga çekýän bolsa olam şeýdip...

Ha ol Hudayy oldurip ahyrzamanda onune cykarjakmyka ;)))
Maksat
18 фев 2022, 23:00
Laýk dislaýk basjak däl nähili dinden bolsadam ýa ateistem bolsa awtor pikirini aýdypdyr.
Hiayres
Автор 18 фев 2022, 23:03
Khanture,
Dost antik döwüriň miflerini çagalara aýdyp ber we çagalaň temasynda uly bir delil getiren ýaly paýlaş.
Bagul_Atayeva
18 фев 2022, 23:04
Şeýle bir ökday siz?
#B.S
18 фев 2022, 23:05
Цитата: Hiayres
Khanture,
Dost antik döwüriň miflerini çagalara aýdyp ber we çagalaň temasynda uly bir delil getiren ýaly paýlaş.


Onnoň näme bolýa şonda?
Saud Arabi
18 фев 2022, 23:07
Okamadyk bolsam gowy bolardy lyk.
My life
19 фев 2022, 00:11
Goshgy cepercilik bilen yazylypdyr söz yok, yone halamadym , cenden cykan yerleri bar. (Yone dislike men basan daldirin )
Soraber
19 фев 2022, 01:18
Sebäbi bäş ýyl öň, gyşyň bir güni,
Hak söz üçin tyg urdular bedenme.
Sen Hudaý halyňa utanmadyňmy
Meni şol günlere duçar edenňe?

Şahyr hak aýdypdyr. Hudaý halyna utanmadymyka?! Olar ýaly güýji köp bolsa adalaty ýola goýsun!
Soraber
19 фев 2022, 01:23
Eger bir ýaman söz sypsa dilimden 
Allajan, sen menden etme aýyp-syn. 
Çünki bu dünýäde gören-eşdenmi 
Paýyş söz agzaman beýan etmek kyn. 

Gaty dogry aýdýar. Güýçli şahyr eken kimem bolsa...
Sebäbi, internetdäki porna wideolary görýäňizmi?! Hany olar göz görenokmy ýa olara çäre görlenokmy?! Ýa günä dälmi olara?!
Soraber
19 фев 2022, 01:24
Siziň pikiriňizçe arak içmek harammy?!
Soraber
19 фев 2022, 01:26
Goşga menden ullakan like!
Şu tipdäki goşgylary talyplardaky Ahmedem ýazýardy. Ýöne oňkyny goşgy hasap ederden ejiz gelýär. Manysy erbet däl ýöne...
Soraber
19 фев 2022, 01:30
Ol ýazasy gelýär welin, hiç biriňiz goldaňzok ony. Ondan gowy şahyr çykjak. Meň pikirimçe ol bu gidişine gitse, ahyr hakykatyň üstünden barar we ile akyl öwretmekden ýüz öwürip akmakdyklaryna nebdi agyrjaga meňzeýär.